Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginde ýeňiji bolup, Şa serpaýyna mynasyp bolanlaryň arasynda Kaka etrabyndaky iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Ogulşat Begpolodowanyň bolmagy ählimizi begendirdi.
Ogulşat bagtdan paýly, zehinli çagalaryň biri. Ol sapaklaryna oňat bahalar bilen ýetişip, mekdepde geçirilýän medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşýar hem deň-duşlaryna, boýdaşlaryna görelde bolýar. Onuň ýerine ýetirýän joşgunly aýdymlary toý-baýramlaryň bezegine öwrülip, hemmelere ruhy şatlyk paýlaýar. Ogulşat bilen gürrüňdeş bolanyňda, ol aýdym-saza höwesiniň çagalar bagyna gatnan döwürlerinde dörändigini, has kiçiliginden sungata ýykgyn edendigini, indi birnäçe ýyldan bäri mekdepde, şeýle-de etrap derejesinde geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda çykyş edip gelýändigini guwanç bilen gürrüň berdi.
Ogulşadyň sungata ýykgyn etmeginde kakasy Batyr Begpolodowyň täsiri uludyr. Etrapdaky ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdepde çagalara aýdym-saz ugrundan sapak berýän Batyryň gyzyna sungatyň inçe ýollaryny öwretmegi onuň sungat äleminde ilkinji üstünligini gazanmagyna itergi bolýar. Zehinli gyzyň şanly günlerde «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde Şa serpaýyna mynasyp bolmagy şeýle diýmäge esas berýär.
Etrabyň Duşak şäherçesindäki Çagalar sungat mekdebine gatnap, sungatda barha kämillige ýetýän Ogulşadyň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlarynyň sany onlarçadyr. Onuň «Arkadag», «Watanym» diýen aýdymlary, şeýle-de Diýarymyzyň gözellikleriniň we bagtly çagalygyň waspyny ýetirýän aýdymlary şanly seneler mynasybetli geçirilýän dabaralarda yzygiderli ýaňlanýar. Zehinli gyzyň ata Watanymyzy, ajaýyp döwrümizi iňlis dilinde wasp edip, ýerine ýetirýän şirin aýdymlary-da bar. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konsertinde onuň ýerine ýetiren «Çalsana, bagşy!» atly aýdymynyň gyzgyn garşylanmagy zehininiň ykrar edilýändiginiň dabaralanmasyna öwrüldi. Biz ýaşajyk aýdymçy Ogulşat Begpolodowany Şa serpaýy bilen gutlap, okuwda, sungat äleminde ýeneki üstünlikleri arzuw edýäris.
Gurbangözel MUHAMMEDOWA,
Kaka etrabyndaky ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.