The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

11.09.2024

ŞA SERPAÝLY ÝAŞ ZEHIN

 

Mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk şan­ly baý­ra­my mynasybet­li Türkme­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» baý­ra­gy­ny al­mak ug­run­da­ky bäs­le­şi­giň çäk­le­rin­de ge­çi­ri­len «Garaşsyzly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri» bäs­le­şi­gin­de ýe­ňi­ji bo­lup, Şa serpaýyna my­na­syp bo­lanla­ryň ara­syn­da Ka­ka et­ra­byn­da­ky iň­lis di­li dersi­ne ýö­ri­te­leş­di­ri­len 26-njy or­ta mek­de­biň 7-nji synp okuw­çy­sy Ogulşat Beg­po­lo­do­wanyň bol­ma­gy äh­li­mi­zi be­gen­dir­di. 

Ogul­şat bagt­dan paý­ly, ze­hin­li ça­ga­laryň bi­ri. Ol sa­pak­la­ry­na oňat ba­ha­lar bi­len ýe­tişip, mek­dep­de ge­çi­rilýän me­de­ni-köp­çü­lik çä­re­le­ri­ne iş­jeň gat­naşýar hem deň-duş­la­ry­na, boý­daş­la­ry­na gö­rel­de bol­ýar. Onuň ýe­ri­ne ýe­tir­ýän joş­gun­ly aý­dym­la­ry toý-baý­ramla­ryň be­ze­gi­ne öw­rü­lip, hem­me­le­re ru­hy şat­lyk paý­la­ýar. Ogul­şat bi­len gür­rüň­deş bo­la­nyň­da, ol aý­dym-sa­za hö­we­si­niň ça­ga­lar ba­gy­na gat­nan dö­wür­le­rin­de dö­rän­di­gi­ni, has ki­çi­li­gin­den sun­ga­ta ýykgyn eden­di­gi­ni, in­di bir­nä­çe ýyl­dan bä­ri mek­dep­de, şeý­le-de et­rap de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän baý­ram­çy­lyk dabaralaryn­da çy­kyş edip gel­ýän­di­gi­ni gu­wanç bi­len gür­rüň ber­di. 

Ogul­şa­dyň sun­ga­ta ýyk­gyn et­me­gi­nde ka­ka­sy Ba­tyr Begpolodowyň tä­si­ri ulu­dyr. Et­rap­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len 26-njy or­ta mekdep­de ça­ga­la­ra aý­dym-saz ug­run­dan sa­pak ber­ýän Ba­ty­ryň gy­zy­na sun­ga­tyň in­çe ýol­la­ry­ny öw­retmegi onuň sun­gat äle­min­de il­kin­ji üstünligi­ni ga­zan­ma­gy­na iter­gi bol­ýar. Ze­hin­li gy­zyň şan­ly gün­ler­de «Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri» bäs­le­şigi­niň ýe­ňi­ji­si hök­mün­de Şa serpa­ýy­na myna­syp bol­ma­gy şeý­le diý­mä­ge esas ber­ýär. 

Et­ra­byň Du­şak şäher­çe­sin­dä­ki Ça­ga­lar sun­gat mek­de­bi­ne gatnap, sun­gat­da bar­ha kä­mil­li­ge ýet­ýän Ogulşa­dyň us­sat­lyk bi­len ýe­ri­ne ýetirýän aý­dymla­ry­nyň sa­ny on­lar­çadyr. Onuň «Ar­ka­dag», «Wa­ta­nym» di­ýen aýdym­la­ry, şeý­le-de Di­ýary­my­zyň gö­zel­lik­le­ri­niň we bagt­ly çagaly­gyň was­py­ny ýe­tir­ýän aýdym­la­ry şan­ly se­ne­ler my­na­sy­bet­li geçiril­ýän da­ba­ra­lar­da yzy­gi­der­li ýaň­la­n­ýar. Ze­hin­li gyzyň ata Watanymy­zy, aja­ýyp döw­rü­mi­zi iň­lis di­lin­de wasp edip, ýe­ri­ne ýe­ti­rýän şi­rin aý­dym­la­ry-da bar. «Ga­raş­syz­ly­gyň mer­jen dä­ne­le­ri» bäs­le­şi­gi­niň jem­leý­ji kon­ser­tin­de onuň ýe­ri­ne ýe­ti­ren «Çal­sa­na, bag­şy!» at­ly aýdymy­nyň gyz­gyn gar­şylan­ma­gy ze­hi­ni­niň yk­rar edil­ýän­di­gi­niň dabara­lan­ma­sy­na öw­rül­di. Biz ýa­şa­jyk aý­dym­çy Ogul­şat Begpolodowany Şa ser­pa­ýy bi­len gut­lap, okuw­da, sun­gat älemin­de ýene­ki üs­tün­lik­le­ri ar­zuw ed­ýä­ris. 

 

Gurbangözel MUHAMMEDOWA, 

Kaka etrabyndaky ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.