The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
— Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň energetika pudagyny ýokary derejelere çykarmaga, sarp edijileri elektrik energiýasy bilen bökdençsiz üpjün etmäge, pudagyň eksport kuwwatyny artdyrmaga uly ähmiýet berýärler. Bu ugurda halkara we döwlet taslamalaryna laýyklykda, uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň ýany bilen täze tehnologiýa esaslanýan, güýjenmesi 500 kW bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurulmagy netijesinde, dostlukly goňşy ýurtlaryň halklary hem hormatly Prezidentimiziň belent ynsanperwer syýasaty esasynda amal bolýan şu taslamanyň eşretini görerler.
Ýeri gelende aýtsak, “Türkmenistanyň elektrik energetikasy pudagyny ösdürmegiň 2013 — 2020-nji ýyllar üçin Konsepsiýasy” esasynda ýurdumyzyň paýtagtynda hem-de welaýatlarynda jemi 10-dan gowrak döwrebap kiçi gaz turbinaly desgalar gurlup ulanmaga berildi. Bu bolsa öndürilýän elektrik energiýasynyň birnäçe esse artmagyna, galyberse-de, pudagyň eksport kuwwatlyklarynyň ep-esli ýokarlanmagyna giň mümkinçilikleri açdy. Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäklerinde sebitde deňi-taýy bolmadyk, umumy kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän kuwwatly elektrik bekediniň ulanyşdadygy hemmämizi buýsandyrýar.
Döwletimiz beýleki ugurlar bilen birlikde elektroenergetika babatda-da goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy barha berkidýär. Ynha, bu günki gün Tagtabazar etrabynyň çäginde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle hem optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň düýbüniň tutulmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Şonuň ýaly-da, Serhetabat elektrik bekedinden Owganystanyň Hyrat welaýatyndaky “Nur-el-Jahad” elektrik bekedine çenli täze elektrik geçirijileriň düýbi tutuldy. Şu taryhy wakalara şaýat bolmak bagty maňa-da miýesser etdi.
Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýunyň hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň öň ýanynda gurluşygyna badalga berlen bu iri taslamalar geljekde goňşy halkyň türkmeniň tebigy gazyndan we elektrik energiýasyndan peýdalanmagyna giň şertleri döreder. Şeýle ynsanperwer başlangyçlary durmuşa geçirip, goňşy owgan halkyna dostluk goluny uzadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza aýdylýan alkyşlar egsilmezdir.
Merdan ORAZMEREDOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy, Mejlisiň deputaty