The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

30.09.2023

ÝOLLARYMYZ ASUDA BOLSUN!

 

Hä­zir­ki dö­wür­de ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek dünýä­de ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ryň hem­-de wa­jyp mese­le­le­riň bi­ri hasaplanyl­ýar. Ýur­du­myz­da ýol he­re­ke­ti­niň howp­suz­ly­gy­ny üp­jün etmekde, adam­la­ryň jan sag­ly­gy­ny we öm­rü­ni yg­ty­bar­ly go­ra­mak­da hormat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň baştutanlygyn­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da, oba­lardyr şä­her­ler­de sü­rü­ji­ler we py­ýa­da­lar üçin dün­ýä ül­ňü­leri­ne laýyk gel­ýän iki ta­rap­ly giň ýol­lar, aw­to­ma­gist­ral­lar, aý­law­ly köp­rü­ler, ýe­ras­ty we ýe­rüs­ti ge­çel­ge­ler gu­rul­ýar. Şa­ýol­la­ry­myz­da we köçelerimizde he­re­ket ed­ýän aw­toulag­la­ryň sa­ny­nyň bar­ha art­ma­gy ýol he­re­ke­ti­niň ýo­ka­ry de­re­je­de saz­la­şyk­ly gu­ral­ma­gy­ny ta­lap ed­ýär. 

Ýurdumyzda ýolulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, köçelerde ýol hereketini düzgünleşdiriji, yşyklandyryjy, elektron duýduryş­-habar beriji, hereket tizligini ölçeýji, gije­-gündiziň dowamynda işleýän awtomatlaşdyrylan wideogözegçilik enjamlary ornaşdyrylan. Ýol hereketiniň howpsuzlygy baradaky milli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek, ýol hereketiniň howpsuzlygynyň kadalaryny ilat arasynda giňden wagyz etmek ugrunda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, beýleki degişli döwlet edaralary hem-de jemgyýetçilik guramalary tarapyndan düşündiriş işleri yzygiderli geçirilýär. 

Her ýylyň sentýabr aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyjy esasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» ady bilen geçirilýän biraýlyk ýolulag hadysalarynyň öňüni almaga, olaryň möçberiniň mese­-mälim azalmagyna getirýär. Esasy belläp geçmeli zatlaryň biri-de, welosiped sportuny giňden wagyz etmäge uly ýardam berýär. Lukmanlar yzygiderli welosiped sürmegiň saglyga peýdalydygyny, ýürek, gan-damar ulgamynyň berkemegine täsir edýändigini hem-de bedeniň ýokanç kesellere garşy göreşmäge ukyplylygyny artdyrýandygyny belleýärler. 

Geçirilýän bu toplumlaýyn çäreler ýurdumyzda hereket edýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň talaplaryndan ugur alnyp guralýar. Bu Kanun ýurduň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk esasyny kesgitleýär, ýol hereketiniň howpsuzlygy çygrynda döreýän gatnaşyklary düzgünleşdirýär we raýatlaryň janyny, saglygyny we emlägini gorap saklamagy üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini, şeýle hem daşky gurşawy goramaga gönükdirilendir. Kanunda ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň meseleleri boýunça bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny (düzgünleri, standartlary, tehniki kadalary we beýleki kadalaşdyryjy resminamalary) işläp düzmek we tassyklamak ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy görkezilendir. 

Ýol hereketiniň howpsuz bolmagyny gazanmak hemmeleriň işidir. Sebäbi hadysasyz köçe-ýollarymyz her bir maşgalanyň abadan ýaşaýşynyň, ömrümiziň rahatlygynyň kepilidir. 

 

Jen­net ÖWE­KO­WA, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty, 

Mej­li­siň Ka­da-ka­nun­çy­lyk ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.