The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

13.09.2024

TÄZE EÝÝAM: TÜRKMEN PAÝHASYNYŇ DOWAMATY

 

Garaşsyzlygyň halkyň durmuşyna, aň-düşünjesine edýän täsiri ýyl-ýyldan has aýdyň ýüze çykýar. Kerwen gurap geçip barýan aý-günler täze-täze belentliklere ýetirýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň döwletlilik ýoly häzirki zamanyň ählumumy ösüşiniň çylşyrymly şertlerinde-de öňe tarap ynamly hereket etmäge mümkinçilik berýär. Türkmen halky döwlet syýasatynyň maksatlaryna we geljegiň wezipelerine içgin üns bermek bilen, jemgyýetiň birleşen tagallasynyň ähmiýetine aýdyň göz ýetirýär. 

Türk­me­niň erkin ösüşiň şertlerine şeýle paýhasly çemeleşmeginiň gözbaşy onuň asyrlar aşyp gelýän milli ýörelgelerinden gaýdýar. Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda halk paýhasynyň çuň­luklaryna ýüzlenip, türkmenleriň arzuwlap gelen özbaşdak döwletli bolmak baradaky maksatlarynyň many-mazmunyny ussatlyk bilen beýan edýär. Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň bütin döwletlilik ýörelgeleriniň gös-göni ata-babalarymyzyň köp müň­ýyllyk kämil tejribelerine, şolar bilen ýaşaýan iliň isleg-arzuwlaryna daýanýandygyny parasatlylyk bilen belläp geçýär. Milli Liderimiziň: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan — bu döwlet biziň halkymyzyň agzybirlik, döwletlilik, özbaşdaklyk baradaky telim asyrlyk arzuw-maksatlaryndan bina bolandyr» diýen buýsançly sözleri halk bilen döwletiň arasyndaky mizemez baglanyşygyň köklerini açyp görkezýär. 

Türkmenler taryhda onlarça şadöwletleri, soltanlyklary, hanlyklary gurup, düzgünli-tertipli, aň­ly-düşünjeli ýaşap, ägirt uly paýhas-parasat akabasyny döredip bilipdirler. Döwletlilik baradaky çuň hem kalby­ňa güýçli täsir edýän düşünje halkyň durmuşyna, ýörelgelerine giň­den ornaşypdyr. Türkmen dilinde «baýrak», «sanjak», «jyga», «tomaga», «nöker», «wekil» ýaly, şadöwletleriň yklymlary dolandyran döwründe ýörgünli bolan, döwletliligiň alamatlaryny aň­ladýan ençeme sözleriň soň­ra asyl manysyndan halkyň ýönekeý durmuşynda ulanylýan sada manyly sözlere öwrülendigi bellidir. Edil şonuň ýaly, türkmen «döwlet» sözüni örän köp manyda ürç edip ulanyp gelýär. Munuň özi halkyň öz taryhynda berkarar eden, dünýä ýaň salan döwletleri baradaky milli ruha ornan, hemişe ýatda saklamaga çalşan çuň duýgy-düşünjelerinden gelip çykýan ýagdaýdyr. Biziň halkymyz ogully-gyzly, rysgal-bereketli maşgalalara «döwletli ojak» diýýär. «Döwlet guşy» diýen aň­latmanyň hem bagtlylyk bilen baglanyşygy bardyr. Şunuň ýaly köp aňlatmalar arkaly halkymyz «döwletlilik» diýen düşünjäni mukaddesleşdiripdir. 

Nusgawy şahyr Magtymguly Pyragy döwlet hem döwletlilik baradaky, manysy türkmenler üçin ägirt uly düşünjäni iň ýokary derejä ýetiripdir. Akyldar özbaşdak döwletli bolmagyň milletiň aňyndan, kalbyndan syzylyp çykýan, taryhyň ýe­ňil bolmadyk menzillerinde halky geljege ynanmaga, döwletli bolmak baradaky beýik maksady kalbynda göterip, öňe tarap ymtylmaga, jemgyýet bolup ýaşamagyň ähli ugur-ýollaryny, düzgün-tertibini tutuş il bolup ýola goýmaga iteren mukaddes arzuw-islegi öz goşgulary arkaly nesilleriň aňynda mizemez derejede «kebşirläpdir». Beýik şahyr türkmene baş bolan şahsyýetleriň mertebesini, at-owazasyny, asyrlar geçse-de ýitmez ýaly, örän belende galdyrypdyr. Akyldar halkyň hakydasynda, çeper sözünde dilden-dile geçip gelýän meşhur gahrymanlaryň il-gün üçin bitiren taryhy işlerini, döwletlilik baradaky taglymlaryny şygyrlarynda täzeden öňe çykarypdyr, halkyň buýsanjyna öwrüpdir. 

Mysal üçin, şahyryň «Geçdi diýdiler» goşgusynda gahrymanyň mertebesiniň belentligine goýulýan sarpa kalby­ňa ornaýar, halkymyzyň buýsanç bilen geçen bütin taryhy ýolundaky merdanalara söýgini joşdurýar. 

Eý, ýa­ran­lar, ýo­wuz des­tan bi­til­di, 

«Bir go­çak pa­ny­dan geç­di» diý­di­ler... 

 

Mag­tym­gu­ly, Tür­küs­ta­nyň tö­re­si, 

Bir go­çak­dyr — Sö­ýün­ha­nyň se­re­si. 

«Ýy­gyn gör­ki, ýow gü­nü­niň öre­si, 

Uş­bu ga­ra ýe­ri guç­dy» diý­di­ler. 

Bu setirler halkyň döwletli, deň­li-derejeli ýaşamagynyň binýadyny goýan gahrymanyň ýowuz ykbalyna gynanmagyň, tutuş halkyň şol döwürler ýe­ňil bolmadyk ykbalynyň beýany bolup kalby­ňa ornaýar. 

Akyldar şahyrymyzyň «Döwletalynyň» goşgusynda-da beýik türkmen şahsyýetlerine mahsus sypatlar belent ruh bilen beýan edilip, halkyň merdana millet hökmündäki buýsanjyna ganat berýär. Türkmeniň dünýä çawy dolan döwürlerinde derejesiniň örän ýokary bolandygyny şu setirlerden-de aň­mak bolýar: 

San­syz ile ser­ker­de­dir, sol­tan­dyr. 

ýa-da 

Di­leg et­se, doň daş­la­ry eri­der, 

Ga­zap et­se, hök­mi dag­lar ýö­rü­der. 

Türkmen asyrlarboýy berkarar döwletde ýaşamagyň arzuwynda bolşy ýaly, akylly-paýhasly, adalatly baştutany hem hyýalynda besläp gelipdir. Garaşsyzlyk halkyň arzuwlaryny hasyl etdi, hyýalyny hakykata öwürdi. Bu günki gün halkymyz baky sarsmaz kuwwatly döwletiň eýesi, akyly almaz ýaly, göwni ýaz ýaly, halkyň bagtyndan çykan Gahryman Arkadagly, Arkadagly Gahryman Serdarly ýurtda arkaýyn ömür sürýär. Türkmenler owal-ahyr dowam edip gelýän paýhas akabasyna daýanyp, nurana geljegini gurýar. 

Gahryman Arkadagymyz döwlet berkararlygyny üpjün etmek, häzirki zaman milli jemgyýetiň esaslaryny berkitmek bilen birlikde, halkymyza, ýaş nesillere Garaşsyzlygyň gadyr-gymmatyny düşündirmekde-de ägirt uly aňyýet işini ýola goýýar. Öz paýhasly sözleri bilen muny her bir adamyň kalbyna ýetirýär. Gahryman Arkadagymyz: «Häzirki taryhy pursatlarda Garaşsyzlygymyz, onuň gözbaşlary hem esaslary barada ýatlamak ýakymly. Dogrusy, bu mukaddeslik barada hemişe pikir etmeli, oňa hemişe guwanmaly we ol hakyndaky päkize duýgy-düşünjeleri hemişe aňyň­da hem ýüregiň­de göterip gezmeli» diýip, nesihat edýär. 

Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyz hem türkmeniň gadymdan gelýän döwletlilik, durmuş, ynsan ömri, milli ruh baradaky paýhas ýoluny döwletiň ösüş maksatlarynyň esasy many-mazmunyna öwrüp, ýaşaýşyň döwrebap nusgasyny döredýän kämil şahsyýetlerdir. Türkmen alym-akyldarlarynyň, şahyrlarynyň, kethudalarynyň kemala getiren, halk paýhasy derejesine ýetiren, asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, dowam edip gelýän ynam-düşünjelere görä, jemgyýet bolup ýaşamagyň we döwürleriň ösüş ýoly bilen belentliklere tarap öňe gitmegiň esasy şerti, baş diregi üç binýatdan ybaratdyr. Şol üç binýat halk, döwlet we adalatly, ynsanperwer, parasatly Baştutan bolup durýar. Şu düşünje halkyň milli ruhy-aňyýet binýadynda çuň orun alyp, türkmen taryhynyň ähli döwürlerinde öňe tarap hereket etmegiň şamçyragy bolupdyr we milletiň ýoluny ýagtyldyp, beýik maksatlara ruhlandyrypdyr. Hut şeýle maksatlara uýup gelen türkmenleriň arasyndan asyrlarda ady galan görnükli şahsyýetler ösüp ýetişipdirler, milletiň ajaýyp geljegiň nurana ýoly bilen ynamly hereket etmegine ýardam beripdirler. 

XVIII asyrda ýaşan Andalybyň «Oguznama» poemasy, Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-azat» eseri, Keýmir kör, Nurberdi han, Gowşut han ýaly ençeme türkmen serkerdeleri hakda dilden dile geçip gelen kyssalar di­ňe öz döwrüniň ruhy gymmatlygy bolmak bilen çäklenmän, adamzat taryhynyň gidişine uly täsir eden milletimiziň aňynda, ruhunda, kalbynda orun alyp, akar suw, tämiz howa, salkyn şemal ýaly, ýaşaýşa güýç-gurbat berip gelen duýgy-düşünjeleriň egsilmez çeşmesine öwrülipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň gymmatly taryhy eserleri, döwletlilik taglymatlary arkaly halkymyz öz geçmişiniň şöhratly ýoluna, ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky mukaddes arzuwlaryna, bu ugurdaky tagallalaryna kem-kemden has çuň, has aýdyň göz ýetirýär. Il-günümiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Garaşsyz döwleti berkitmekde, ösdürmekde beýik işleri bitirýän taryhy şahsyýetler bolmak bilen birlikde, halkyň hak Howandary, Arkadagy, döwletlilik ýolumyzyň, Konstitusiýamyzyň kanuny kepili hökmündäki belent orunlaryny tüýs ýürekden, çuň­ňur ynam bilen ykrar edýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürdäki türkmeniň hak Howandary bolmak bilen çäklenmän, geçmiş we geljek nesillere arka çykan, ruhy daýanç bolan şahsyýetler hökmünde milletiň taryhy ösüş ýollarynda gazanan maddy, ruhy gymmatlyklaryny, ýeten belent derejelerini döwrüň gymmatlygy hökmünde ýüze çykaryp, şu döwür we geljekki nesiller bilen baglanyşygyny berkitmekde ägirt uly işleri bitirdiler we bu mukaddes işi dowam etdirýärler. 

Gahryman Arkadagymyz ata-babalarymyzyň miras goýan beýik taryhyny, paýhas ýoluny dowam etdirmegiň, olaryň şan-şöhratyny gaýtadan dikeltmegiň häzirki nesilleriň mukaddes borjudygyny nygtamak bilen, Garaşsyzlygyň öz geçmişimize, taryhymyza, milletlik derejämize düşünmekdigine we ony hemmelere düşündirmekdigine ünsi çekýär. Hormatly Milli Liderimiz: «Garaşsyzlyk diýmek müň­lerçe ýyllyk taryhda ata-babalarymyzyň ýurt tutan, döwlet guran, bize halal miras edip goýan topragyna mynasyp derejede eýe çykmagymyzdyr» diýip belleýär. 

Halkymyz bu günki gün mukaddes türkmen topragynyň, onuň daglarynyň, düzleriniň, de­ňizdir derýalarynyň hakyky eýeleridir. Bu topragy gülletmegi, ösdürmegi, bagtyýar durmuşy, ösen ýaşaýşy üpjün etmegi beýik Watanymyzyň, ata-babalarymyzyň, geljekki nesilleriň öňündäki mukaddes borjy hasaplaýan halkymyz ýene bir hakykaty ykrar edýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berkarar eden bagtyýarlyk döwründe ömür sürmek, beýik işleri bitirmek, kämil nesilleri ýetişdirmek, dünýä ýüzüne buýsanç hem ýagşy niýet bilen bakmak ykbalyň peşgeşidir, türkmen halkyna ylahydan berlen mukaddes paýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň: «Garaşsyzlyk diýmek biziň dünýä hoş nazar bilen seredip duran parasatly halkymyz, bu parasady dünýä aýlaýan berkarar döwletimiz diýmekdir» diýip bellemegi döwrüň gymmatyna düşünmäge çagyrýan ebedilik paýhasydyr. 

 

Ata SERDAROW, 

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.