The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Mälim bolşy ýaly, halkymyzda möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biri. Ýurdumyzda Halk Maslahatynyň hereket etmegi ata Watanymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini we bu işleriň aňyrsynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýen parasatly jümleleri dolulygyna güwä geçýär.
Hakykatdan hem Halk Maslahatynyň taryhy kökleri uzak geçmişe uzaýar. Türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň demokratik nusgasynyň başlangyçlary ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak tejribesinde öz beýanyny tapýar. Bu günki eşretli zamanamyzda biz her bir işde, her bir pursatda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli, pähim-parasatly durmuş tejribesini görýäris.
Bu günki gün bolsa, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz täze taryhy döwre gadam basyp, gurmak we döretmek ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde, onuň dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda döwletimiz ýaşlara aýratyn bil baglaýar. Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyz ýaşlykda güýjüň bardygyny, şonuň üçin hem ýurdumyzyň röwşen geljeginiň hatyrasyna ýaşlara bil baglamalydygyny yzygiderli nygtaýar. Şu parasatly sargytdan ugur alýan Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu pendi mynasyp dowam etdirýär.
Maksat JANMYRADOW.
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.