​Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский

МЕДЖЛИС ТУРКМЕНИСТАНА

Русский
20.09.2024

RAÝAT JEMGYÝETINIŇ KÄMIL MEKDEBI

 

Şan­ly Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 33 ýyl­ly­gy­ny uly ru­hu­be­lent­lik­de garşylaýan ber­ka­rar Wa­ta­nymy­zyň ok­gun­ly ösü­şi­ni hem-de mer­da­na hal­kymy­zyň ýo­ka­ry dur­muş de­re­je­si­ni üp­jün et­mek hor­mat­ly Prezidentimiz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş mak­sady­dyr. Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gah­ry­man Arkadagymy­zyň «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen baş tag­ly­ma­ty­nyň myna­syp do­wa­my bo­lup, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tandyr! Döw­let di­ňe hal­ky bilen döw­let­dir!» di­ýen esa­sy ýö­rel­gä­mi­ziň çäk­le­rin­de üs­tün­lik­le­re beslen­ýän ta­ry­hy tu­tum­la­ryň öze­nin­de şeý­le asyl­ly mak­sat­lar jemlenendir. Bu döw­let­li mak­sa­dyň he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gin­de Türk­menis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň or­ny örän ulu­dyr. Se­bä­bi hal­kyň bäh­bit­le­ri­ne we­kil­çi­lik ed­ýän bu ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra Ber­ka­rar döwle­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rü­niň ýurdu­my­zy dur­muş-ykdy­sa­dy taý­dan dur­nuk­ly ös­dür­mek bo­ýun­ça uzak möh­let­le­ýin maksatna­ma­la­ryn­da kes­git­le­ni­len we­zi­pe­le­ri ama­la aşyr­mak­da jemgyýet­çi­lik pi­ki­ri­ni diň­le­mek hem-de şo­lar esa­syn­da oňyn çöz­güt­le­ri ka­bul et­mek ýa­ly kä­mil dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ne da­ýan­ýar. Mu­nuň üçin bu ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­nyň ýer­ler­de ýer­li we­kil­çi­lik­li eda­ra­la­ry bo­lan we­la­ýat, et­rap hem-de şä­her halk mas­la­hatla­ry he­re­ket ed­ýär. Ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li eda­ra­nyň hu­kuk ýag­da­ýy­ny kes­git­le­ýän «Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty ha­kyn­da» Kons­ti­tu­sion ka­nu­na la­ýyk­lyk­da iş alyp barýan bu ýer­li we­kil­çi­lik­li edara­la­ryň saz­la­şyk­ly iş­le­ri döw­let we jemgy­ýet­çi­lik dur­mu­şy bi­len bag­ly me­se­le­le­re jem­gy­ýe­tiň äh­li gatlaklary­ny iş­jeň çek­mä­ge şert­le­ri üp­jün ed­ýär. Bu bol­sa, öz no­ba­tyn­da, wa­jyp iş­ler­de hal­ka sa­la sa­lyp, ila­tyň tek­lip­le­ri­ni sel­jer­mek ýa­ly mil­li demok­ra­ti­ýa­my­za mah­sus kä­mil ýö­rel­gele­riň tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da mazmun baý­ly­gy­na eýe bol­ýan­dy­gy­na su­but­na­ma­dyr. 

Halk Mas­la­ha­ty­nyň alyp bar­ýan iş­le­ri­niň çuňňur maz­mu­ny­na salgy­la­nyp, ýur­du­myz­da döwle­tiň we ra­ýa­tyň saz­la­şyk­ly gatnaşyklarynda ka­nu­nyň esa­sy orun­da go­ýul­ýan­dy­gy­ny, ýag­ny kanunyň hök­mü­ro­wan­ly­gy­ny nyg­tap bo­lar. Diýmek, mil­li demokratiýanyň kä­mil­li­gi­ni ala­mat­landyr­ýan bu gat­na­şyk­lar anyk hu­kuk ka­da­la­ry­na esas­lan­ýar. Bu bol­sa döw­le­tiň we ra­ýa­tyň hu­kuk ka­da­la­ry­na, şol san­da hal­ka­ra hu­ku­gyň umu­my yk­rar edi­len ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, saz­la­şyk­ly ýo­la goý­lan iş­jeň gat­na­şyk­la­ryň ýur­du­my­zyň köp­ta­rap­ly, röw­şen gel­je­gi­mi­ziň bin­ýa­dy­ny pug­ta­lan­dyr­ýan ok­gun­ly ösü­şi­niň özboluş­ly hä­si­ýet­li aý­ra­tyn­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýandy­gy­na do­ly şaýat­lyk ed­ýär. Ber­ka­rar Di­ýa­rymy­zyň şu­nuň ýa­ly nus­ga­lyk ösüş­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de has-da ber­kit­mek, ýur­du­my­zy ösü­şiň tä­ze ýo­ka­ry dere­je­le­ri­ne çy­kar­mak, bu döw­let­li tu­tum­lar­da hal­ky­my­zyň dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny bir bi­te­wi güý­je öwür­mek ýo­ka­ry we­kil­çi­lik­li edara­nyň öň­de goý­ýan esa­sy we­zi­pe­le­ri­niň bi­ri­dir. «Pä­him-paý­has um­ma­ny Magtymguly Py­ra­gy» ýy­ly­nyň 24-nji sent­ýab­ryn­da paý­tag­ty­myz Aşgabat şä­he­rin­dä­ki Mas­la­hat köş­gün­de ge­çi­ril­jek Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si şeý­le buý­sanç­ly ha­ky­ka­ty ýe­ne bir ýo­la tas­syk­lap, ýur­du­my­zy ös­dür­mä­ge, hal­kyň bagty­ýar dur­mu­şy­ny pugtalandyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len in­di­ki ta­ry­hy tu­tum­la­ryň göz­ba­şy­na öwrü­ler. 

 

Annabagt Ma­ýewa, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty