The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygyny uly ruhubelentlikde garşylaýan berkarar Watanymyzyň okgunly ösüşini hem-de merdana halkymyzyň ýokary durmuş derejesini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatynyň baş maksadydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatynyň mynasyp dowamy bolup, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan yglan edilen «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen esasy ýörelgämiziň çäklerinde üstünliklere beslenýän taryhy tutumlaryň özeninde şeýle asylly maksatlar jemlenendir. Bu döwletli maksadyň hemişe rowaçlyklara beslenmeginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän uludyr. Sebäbi halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän bu ýokary wekilçilikli edara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça uzak möhletleýin maksatnamalarynda kesgitlenilen wezipeleri amala aşyrmakda jemgyýetçilik pikirini diňlemek hem-de şolar esasynda oňyn çözgütleri kabul etmek ýaly kämil durmuş ýörelgelerine daýanýar. Munuň üçin bu ýokary wekilçilikli edaranyň ýerlerde ýerli wekilçilikli edaralary bolan welaýat, etrap hem-de şäher halk maslahatlary hereket edýär. Ýokary wekilçilikli edaranyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýän «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Konstitusion kanuna laýyklykda iş alyp barýan bu ýerli wekilçilikli edaralaryň sazlaşykly işleri döwlet we jemgyýetçilik durmuşy bilen bagly meselelere jemgyýetiň ähli gatlaklaryny işjeň çekmäge şertleri üpjün edýär. Bu bolsa, öz nobatynda, wajyp işlerde halka sala salyp, ilatyň tekliplerini seljermek ýaly milli demokratiýamyza mahsus kämil ýörelgeleriň täze taryhy eýýamda mazmun baýlygyna eýe bolýandygyna subutnamadyr.
Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň çuňňur mazmunyna salgylanyp, ýurdumyzda döwletiň we raýatyň sazlaşykly gatnaşyklarynda kanunyň esasy orunda goýulýandygyny, ýagny kanunyň hökmürowanlygyny nygtap bolar. Diýmek, milli demokratiýanyň kämilligini alamatlandyrýan bu gatnaşyklar anyk hukuk kadalaryna esaslanýar. Bu bolsa döwletiň we raýatyň hukuk kadalaryna, şol sanda halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, sazlaşykly ýola goýlan işjeň gatnaşyklaryň ýurdumyzyň köptaraply, röwşen geljegimiziň binýadyny pugtalandyrýan okgunly ösüşiniň özboluşly häsiýetli aýratynlyklarynyň biri bolup durýandygyna doly şaýatlyk edýär. Berkarar Diýarymyzyň şunuň ýaly nusgalyk ösüşlerini mundan beýläk-de has-da berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň täze ýokary derejelerine çykarmak, bu döwletli tutumlarda halkymyzyň döredijilik kuwwatyny bir bitewi güýje öwürmek ýokary wekilçilikli edaranyň öňde goýýan esasy wezipeleriniň biridir. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi şeýle buýsançly hakykaty ýene bir ýola tassyklap, ýurdumyzy ösdürmäge, halkyň bagtyýar durmuşyny pugtalandyrmaga gönükdirilen indiki taryhy tutumlaryň gözbaşyna öwrüler.
Annabagt Maýewa,
welaýat Baş bilim müdirliginiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty