The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri buýsançly günler bilen baýlaşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistan döwletimiz özüniň şanly Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramyny uly dabara bilen belleýär. Elbetde, Garaşsyzlygymyzyň gazanylmagy bilen taryh üçin uzak bolmadyk döwrüň içinde ýurdumyz dünýäniň syýasy giňişliginde ykdysady taýdan okgunly ösýän, durmuş abadançylygyna eýe bolan, deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyga hemişe açyk döwlet hökmünde mynasyp orun aldy. Muňa Türkmenistanyň döwlet we jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän wakalar hem aýdyň şaýatlyk edýär. Amala aşyrylýan köpugurly işler türkmen döwletiniň beýik ösüşleriniň ýyl ýazgysyna täze şanly seneleri, nurana sahypalary ýazýar. Bular bolsa halkyň bähbidine gönükdirilen strategik döwlet maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça anyk çözgütleriň kabul edilmegi bilen Gahryman Arkadagymyzyň özgertmeler ýolunyň Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýändigini, has giň gerimde ösdürilýändigini görkezýär.
Ýeri gelende, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyz tarapyndan uly ynama eýe bolup, döwlet Baştutany wezipesine saýlanylmagynyň ýokary ähmiýeti barada nygtamak raýatlyk borjumyz hökmünde ýerlikli bolar. Çünki halkymyz hormatly Prezidentimize öz ykbalyny we mähriban Watanymyzyň geljegini ynandy. Munuň özi täze döwlet Baştutanymyzyň uly syýasy abraýyny dünýä ýaýyp, Watanymyzyň mundan beýläkde gülläp ösmegine, onuň dünýädäki abraýynyň has-da belende galmagyna, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen giň möçberli maksatnamalaryny we başlangyçlaryny halkymyzyň dolulygyna goldaýandygyny görkezýär. Geçen iki ýarym ýylyň dowamynda ýurdumyzda ägirt uly üstünlikler gazanyldy. Milli ykdysadyýetimiz durnukly ösýär, durmuş ulgamy kämilleşýär, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi barha ýokarlanýar, Watanymyzyň halkara abraýy belende göterilýär. Ähli ugurlarda durmuşa geçirilýän ägirt uly özgertmeler halkymyzyň giň goldawyna eýe bolýar.
Özygtyýarly döwletimiz saýlap alan parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna üýtgewsiz eýerýär. Geçen iki ýarym ýylyň dowamynda hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlary, iri halkara guramalaryň ýolbaşçylary, görnükli syýasatçylar we işewür toparlaryň wekilleri bilen köp sanly duşuşyklary geçirdi. Halkara gatnaşyklaryň hem-de Türkmenistanyň sebitdäki goňşulary, dünýäniň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi üçin täze sahypany açan ikitaraplaýyn resminamalaryň toplumyna gol çekildi hem-de möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Ynha, ýaňy ýakynda bolsa goňşy Owganystan — Türkmenistan döwletleriniň duldegşir goňşy serhedinde taslamalar amala aşyryldy. Olaryň iki ýurt, sebit, dünýä üçin bähbidi, ähmiýeti ýeneki onýyllyklar, asyrlar bilen ölçenýär. Ählumumy abadançylyga hyzmat etjek bu döwletli taslamalaryň her biri özbaşyna uly iş, aýratyn söhbet. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiziň ilimiz, ýurdumyz barada edýän bimöçber aladalaryndan nyşan. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň her bir raýaty özüni bagtly hasaplaýar. Çünki haçan il agzybir bolanda, ýurt parahat bolýar, parahatlygyň bar ýerinde bolsa bagtyň, bagtyýarlygyň bardygy ikuçsuz. Bu aýdanlarymyza 22-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly, Arşa göterilýär halkyň ykbaly» diýen at bilen geçirilen aýdym-sazly dabara gatnaşyjylaryň «Arkadagly Serdarymyz, rowanadyr ak ýollaryň, Ýüreklerden joşup çykýar, ulus-iliň alkyşlary» diýip, bilelikde ýerine ýetirilen aýdymy agzybirlikde gaýtalamaklary hem doly şaýatlyk edýär.
Agzybirlik we jebislik jemgyýetimiziň esasy gymmatlyklary, döwlet berkararlygymyzyň synmaz sütünleri bolup, ýurdumyzda beýik ösüşleriň gazanylmagynda, halkymyzyň bähbitlerine, röwşen geljegine gönükdirilen ägirt uly özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan döwletli ýörelgämizdir. Bilşimiz ýaly, şu ýylyň 12 nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek barada belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini çagyrmak we guramaçylykly geçirmek hakynda 20-nji iýulda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna gol çekdi. Bu Kararda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi. Bu döwletli mejlisde ýurdumyzyň özygtyýarlylygynyň 33 ýyllygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy ösdürmekde gazanylan taryhy üstünlikler, geljek üçin esasy maksatlar we wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Taryhy ähmiýetli ählihalk forumy il-ulsuň wekilleriniň bir ýere jemlenip pikir alyşmagy ýaly türkmen demokratiýasynda öz mynasyp ornuny alan döwletlilik taglymynyň ýene-de bir aýdyň şöhlesidir. Munuň özi halka hyzmat etmek, onuň bähbitlerini goramak we jemgyýetde ruhy galkynyşy üpjün etmek ýaly ýörelgeleriň özygtyýarly türkmen döwletiniň esasy maksatlarydygyny tassyklaýar. Çünki halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty — halk demokratiýasynyň belent nusgasy bolup, onda ýurduň ýakyn we uzak geljegini nazarlaýan dürli meseleleriň oňyn çözgüdi ara alnyp maslahatlaşylar. Ýurdumyzyň durmuşynda uly orna eýe bolan şanly senäniň bellenilýän günlerinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Watanymyzyň dürli kärdäki, hünärdäki raýatlarynyň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan wajyp, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän anyk kararlardyr çözgütler kabul ediler. Bu bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň röwşen geljege ynam bilen barýandygynyň nyşanydyr.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlarynyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetini pudaklaýyn döwrebaplaşdyrmak, häzirki zaman şertlerine kybapdaş senagatlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň köpugurlylygyny gazanmak babatda düýpli öňegidişlikler, netijeli işler alnyp barylýar. Täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemekde we demokratik başlangyçlary mundan beýläkde ösdürmekde bu taryhy maslahatyň ägirt uly ähmiýetiniň bardygyna, Arkadagly Gahryman Serdarly, Gahryman Arkadagly Garaşsyz Watanymyzyň röwşen geljegine uzaýan ýolumyzy nurlandyrjakdygyna berk ynanýarys.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Durmuş
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.