The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

01.10.2024

RÖWŞEN GELJEGIMIZ UGRUNDA

 

Ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda, toýly günlerde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly taryhyna altyn harplar bilen ýazylan wakalaryň biri boldy. Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütler mundan beýläk-de ýurdumyzyň durnukly ösüşini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň bu mejlisde eden taryhy çykyşlaryndan hem görnüşi ýaly, geljek ýyllarda-da döwletimiziň we halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny gurşap aljak düýpli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna giň gerim berler. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen tutumly işleriň üstünlikli amala aşyrylmagynda hiç bir mesele ünsden düşürilmeýär. Munuň özi mähriban halkymyzyň abadançylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugur bolup durýandygyny ýene-de bir gezek aýdyň tassyklaýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim özgertmeleri barada nygtamak bilen, mundan beýläk-de bilim ulgamynda ruhy taýdan kämil, giň dünýägaraýyşly ýaş nesilleri terbiýelemek boýunça netijeli işleri alyp barmak, halkara derejä laýyk gelýän umumybilim edaralaryny döretmek işleriniň möhüm wezipeleriň biridigini nygtady. Bu ugurda üstünlikli dowam edip gelýän döwlet we milli maksatnamalaýyn işleriň oňyn netijeleri eziz Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň galkynmagyna mynasyp goşant goşýan ýaşlarymyzyň ylmy we döredijilik başlangyçlarynyň mysalynda hem anyk görünýär. Bu işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatynyň döwlet syýasatymyzda öz beýanyny tapýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr. 

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde raýatlaryň kanuny bähbitlerini goramak, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmek maksady bilen, halkymyzyň ýaşaýyş -durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmakda giň möçberli işleriň hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmagyň hem möhümdigini nygtady. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, täze kanunçylyk namalaryny kabul etmegiň we yzygiderli kämilleşdirmegiň häzirki döwrüň möhüm talaplarynyň biridigini görkezýär. 

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzyň zähmetde gazanan üstünlikleri bilen tapawutlanan raýatlaryny Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky degişli resminamalara gol çekmegi watandaşlarymyzy ýene-de yhlasly zähmete, döredijilikli üstünliklere ruhlandyrdy. Maňa hem şanly ýylymyzda Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi bolmak bagty miýesser etdi. Bu döwletli döwranymyza buýsanjymy, geljekde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaga hyjuwymy has-da artdyrdy. Biz mundan beýläk-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň Watanymyzyň ösüşi, halkymyzyň bagtyýarlygy ugrunda durmuşa geçirýän işlerine öz mynasyp goşandymyzy goşarys. Halkymyzyň bagtyýar şu gününi we nurana ertirlerini berkarar etmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli tutumlary mundan beýläk-de üstünliklere beslensin! 

 

Amangeldi HEZZIÝEW, 

Lebap welaýat häkimliginiň baş hünärmeni, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty