Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Düýn ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Ýaşulularyň halkara güni Ahal welaýatynda hem şatlyk-şowhunly dabaralara beslendi. Baýramçylyk dabaralary ýurdumyzda parasatly ýaşulularymyzyň, mährem enelerimiziň sarpasynyň belentdiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Şatlykly günde Änew şäherinde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary has-da ýatda galyjy boldy. Medeniýet öýünde welaýat derejesinde geçirilen dabara ýaşuly nesliň wekillerinden başga-da, welaýatyň edara-kärhanalarynyň işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdy.
Welaýat häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada baýramçylyk gutlaglar aýdyldy. Çykyş edenler Ýaşulularyň halkara güni mynasybetli ýagşydan ýagşy arzuwlaryny beýan etmek bilen, jemgyýetimizde agzybirligi pugtalandyrmakda, ýaş nesilleri watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde dili senaly ýaşulularyň, kümüş saçly mährem eneleriň ornunyň uludygyny aýratyn bellediler.
Dabarada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp günlerinde giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara gününiň ähmiýeti hakynda durlup geçildi hem-de ýaşuly nesle aýratyn sylag-hormat edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözleri aýdyldy.
Dabarada welaýatymyzyň ähli ýerinden gelen dili senaly ýaşululara, mährem enelere welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna utgaşan baýramçylyk dabarasy bu ýere ýygnanalaryň toý şatlygyny goşalandyrdy.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty