The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

02.10.2024

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY: DÖWLET BILEN HALKYŇ JEBISLIGI

 

Her bir güni taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ýetýän belent sepgitleri, gazanýan üstünlikleri abadan we parahat durmuşda ýaşamagymyzy üpjün edýär. Täze taryhy eýýamyň her pursady agzybir türkmen halkyna buýsançly wakalary, beýik özgertmeleri bagyşlaýar.

Geňeşilip, maslahatlaşylyp başlanylýan işiň rowaçlyklara, şowlulyklara beslenýändigine Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan işler hem aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Her bir işde il­-halka geňeşmek parasatly pederlerimiziň asylly ýörelgeleriniň biridir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem döwletlilik, kanunylyk we milli demokratik ýörelgelere esaslanmak bilen, şöhratly ata-­babalarymyzyň ýolunyň dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanydyr. 

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi hem döwrümize şan getiren taryhy wakalaryň birine öwrüldi. Dürli kärdäki, hünärdäki raýatlaryň, jemgyýetçiligiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän wekilleriň gatnaşmagynda geçirilen döwletli mejlise gatnaşyjylaryň biragyzdan makullamagy bilen il-günüň bähbitlerine gönükdirilen, durnukly ösüşiň ähli ugurlaryny öz içine alýan, milletiň ykbalyna oňyn täsir edýän Permanlaryň, Kararlardyr çözgütleriň kabul edilmegi gazanýan ösüşlerimiziň dowamata dowam bolýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Ildeşlerimize gowşurylan döwlet sylaglary bolsa mukaddes toýuň bosagasynda halkymyzyň buýsanjyny has-da goşalandyran waka öwrüldi. 

Gahryman Arkadagymyzyň mejlisde eden taryhy çykyşynda, türkmen halkynda köp nakyllaryň bardygyny aýdyp: «Ýagşy niýet — ýarym döwlet», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Agzybire Taňry biýr...», «Köpüň dilegi köl bolar», «Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz», «Arkalaşan dag aşar», «Ýoly ýörän ýeňer», «Ýagşydan at galar», «Döwletliden döwlet ýokar», «Ilim­-günüm bolmasa, Aýym­-Günüm dogmasyn», «Söýenişen ýykylmaz», «Akylly iş — ganatly guş» ýaly parasatly sözleri mysal getirmegi, türkmeniň gadymdan gelýän däp­dessurlaryna aýratyn sarpa goýýandygynyň beýanyna öwrüldi. Munuň özi, «Ösüş arkaly parahatçylyk» taglymatyny öňe sürýän ýurdumyzyň binýadynyň berkligini, ilimiziň agzybirligini dünýä ýaýýan asylly ýörelgedir. 

Alym Arkadagymyzyň täze döwür amala aşyrylýan özgertmeleri has-­da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini aýratyn bellemegi, şu jähetden, şu ýylyň ahyryna çenli toplumlarda ylym, bilim, medeniýet ulgamlaryny kämilleşdirmek, ýaşlar barada döwlet syýasaty bilen bagly maslahatlary yzygiderli geçirmek baradaky teklibi ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda alnyp barylýan Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy wezipesi ýaş nesliň amatly şertlerde ýaşamagy, dynç almagy, zähmet çekmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin berk kanunçylyk binýadyny kemala getirmekden, ýaşlaryň durmuş kepilliklerini gorap, olaryň geljekde watansöýüji, zähmetsöýer ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etmekden ybaratdyr. 

Umumymilli forumda Milli Liderimiziň ýaşlar barada döwlet syýasatyny amala aşyrmak bilen bagly mesele dogrusynda­-da durup geçmegi, hususan­-da, ýokary okuw mekdeplerinde ylym­-bilim önümçilik arabaglanyşygynyň kämil usulyny döretmek; ýaş nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-­dessurlarymyza buýsanç ruhunda, ynsanperwer kadalarymyz esasynda terbiýelemek üçin meşhur şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini ebedileşdirmek boýunça degişli işleri alyp barmak; Arkadag şäheriniň dünýäniň ylym-­bilim merkezi hökmündäki ornuny pugtalandyryp, şäherde Türkmenistanyň gadymy, orta asyrlar, täze we iň täze taryhyny, arheologik, binagärlik ýadygärliklerini, döwletimiziň alyp barýan syýasatyny öwrenýän hem-de wagyz edýän halkara ylmy-­barlag merkezini döretmek ýaly öňde durýan möhüm wezipeleri kesgitläp bermegi, ýaş nesle berilýän ünsüň durmuş-­ykdysady ugurlar bilen deň hatarda goýulýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. 

Tylla güýzüň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzda täze, döwrebap orta mekdepleriň, çagalar baglarynyň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Birinji synpa kabul edilen okuwçylaryň 155 müň 641­-sine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat hökmünde gowşurylmagy, «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028­-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» esasynda bilim işini halkara ölçeglere laýyk kämilleşdirmäge badalga berilmegi bolsa döwletimiziň ylym­-bilim ulgamynyň ösüşiniň özenini düzüp, ýaşlaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmegine ýardam edýär. 

Açyklyk hem-­de aýanlykda, dürli kärdäki we ýaşdaky raýatlaryň gatnaşmagynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatyna Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň hem gatnaşdyrylmagy guramanyň agzalarynyň buýsançly başyny göge diräp, täze üstünliklere ruhlandyrýar. Ýurdumyzda geçirilýän syýasy-­jemgyýetçilik çärelerine ýaşlaryň yzygiderli gatnaşmagy, olaryň ýurdumyzda alnyp barylýan parahatsöýüjilikli syýasata doly düşünmeklerine, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän Döwlet maksatnamalaryna mynasyp goşant goşýan hakyky watançy ogullar, gyzlar bolup kemala gelmeklerine uly mümkinçilikleri döredýär. 

Gahryman Arkadagymyzyň: «Men Watanymyzyň güýç-­kuwwaty, abraý-­mertebesi hem­-de beýik geljegi bolan ýaşlarymyzyň alyp barýan işlerine ýokary baha berýärin. Sebäbi ýaşlar halkymyzyň daýanjydyr» diýen ganatly sözleri ýaşlary Watanymyzy dünýä çykarmagyň hatyrasyna gönükdirilen beýik işlere, täzeçe başlangyçlara ruhlandyrýar. Şeýle uly ynama ygrarly ýaşlaryň Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary ýüreklerinde gaýnap ­joşýar. 

Ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe alyp barýan, ýaşlary Watanymyzyň güýç-­kuwwatyna deňäp, olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-­de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, Diýarymyzyň ak ertirlerine gönükdirilen döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ 

gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi­ Ge­ňe­şi­niň­ baş­ly­gy, 

Mej­li­siň­ de­pu­ta­ty