The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda eziz Diýarymyz belent üstünlikler bilen ösüşlerden ösüşlere barýar. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň toýlanýan ýylynda hem gadymdan gelýän milli medeniýetimiz dünýä ýaýylýar. Häzirki ajaýyp döwrümizde hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly alyp barýan beýik işleri ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da ýokarlandyrýar. Bu babatda maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi, medeni mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi ýaly ugurlary aýratyn görkezmek bolar. Bu bolsa halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň aýdyň ýoluny üpjün edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde ýurdumyz halkara derejesindäki maslahatlaryň, forumlaryň geçirilýän mekanyna öwrüldi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forum hem halklaryň arasynda medeni gatnaşyklary pugtalandyrdy. Ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli syýasaty dürli ýurtlar bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilendir. Şunda milli medeniýetiň, medeniýet diplomatiýasynyň ösdürilmegi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki medeni gatnaşyklaryň berkidilmegi halklaryň arasynda dost-doganlygy ösdürýär, halkara gatnaşyklarynyň röwşen geljegini üpjün edýär. Şu ajaýyp ýylymyzda hem medeniýet diplomatiýasy has-da rowaçlanýar, çünki «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe baý milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä ýaýmakda uly işler durmuşa geçirildi. Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dünýä dillerine terjime edilmegi, kitap bolup okyjylaryň ünsüni çekmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Munuň özi ýurtlaryň, halklaryň birek-biregiň medeniýetinden, ruhy gymmatlyklaryndan habarly bolmagyna, dost-doganlygyň has-da berkemegine ýardam edýär.
Halkymyzyň örän baý milli mirasy bar. Ruhy gymmatlyklarymyzyň genji-hazynasy bolan nusgawy edebiýatymyz şu şöhratly ýylymyzda hem dünýä ýaýylýar, akyldar şahyrymyzyň ajaýyp goşgulary dünýäde wagyz edilýär. Şeýle hem şöhratly taryhymyza, edebi mirasymyza bagyşlanyp halkara ylmy maslahatlar guralýar. Bularyň ählisi milli medeniýetimiziň, asyrlardan gelýän milli gymmatlyklarymyzyň dünýäde ýaýylmagyna oňat mümkinçilikleri döredýär. Häzirki döwürde halkymyz milli medeniýetimiziň dünýä ýaýylýandygyna, akyldar şahyryň goşgularynyň halklaryň dostlugyny berkitmekde gymmatly hazyna bolup durýandygyna tüýs ýürekden buýsanýar. Bu bolsa halkymyzyň bagtyýarlygynyň, halklaryň arasyndaky dost-doganlygyň has-da pugtalandyrylýandygynyň aýdyň beýanydyr.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.