The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

04.10.2023

YNSANPERWERLIK ÝÖRELGELERI ROWAÇLANÝAR

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň her bir güni toý-baýramlara, şanly senelere, taryhy wakalara beslenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek, yhlasly okamaklary, döredijilikli işlemekleri hem-de sport bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz pederlerimiziň asyrlarboýy öz çagalaryna aýratyn alada we mähir bilen garaýandyklaryny, olara iň oňat zatlary bagyş edýändiklerini, çagalar baradaky aladanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrülendigini aýratyn nygtaýar. 

Ynsanperwerlik ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilmegi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri has-da rowaçlandyrmaga mümkinçilik berýär. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen täze taryhy döwürde bu ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler yzygiderli alnyp barylýar. Muňa «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem aýdyň şaýatlyk edýär. «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda ýaş nesliň türkmen halkynyň taryhy we milli däpleri, ruhy-ahlak gymmatlyklary hem-de dünýä medeniýetiniň gazananlary esasynda terbiýelenmegine goşant goşan raýatlaryň sylaglanyp bilýändigi baradaky kadalar göz öňüne tutulypdyr. 

«Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurda iş alyp barýan raýatlarymyzy höweslendirmäge, hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirmäge ýardam eder. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Ýeňiş HAÝYTJANOW, 

Görogly etrabyndaky 38-nji orta mekdebiň müdiri. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.