The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmenistan, ilkinji nobatda, goňşy döwletler, şeýle hem beýleki ýurtlar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Bu gatnaşyklary parlament hyzmatdaşlygy arkaly goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň 2024-nji ýyl üçin halkara çäreleriniň meýilnamasy tassyklanylyp, ol üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň goldawlary bilen Türkmenistanyň parlament diplomatiýasy ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda alnyp barylýar. Ol dostlukly ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlament guramalarynyň we assambleýalarynyň işine gatnaşmak, parlamentara dostluk toparlaryny döretmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny goldamak, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça bilelikdäki çäreleri guramak arkaly amala aşyrylýar.
Biziň sebitimiziň döwletleri bilen dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň arasynda «Merkezi Aziýa + ...» görnüşinde dialogy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirilýär. Şunda Merkezi Aziýa döwletleri bilen Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň duşuşygy hem möhüm syýasy gural hökmünde ykrar edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji ýylda Koreýa Respublikasynda öňe süren başlangyjyndan kemal tapan we ilkinji gezek 2023-nji ýylda Seul şäherinde guralan bu duşuşyga Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň gatnaşmagy ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn parlamentara hyzmatdaşlygy berkitmegiň ýolunda täze ädim boldy.
14-nji oktýabrda Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ikinji duşuşygynyň «Parahatçylygyň, gülläp ösüşiň we özara ynanyşmagyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly umumy mejlisinde parlament ýolbaşçylary sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygyň çäklerinde syýasy, ykdysady, durmuş, tehnologik, ekologik, kanunçylyk taýdan ýurt, sebit we dünýä derejesindäki tagallalaryň ähmiýetini bellediler. Duşuşygyň «Ykdysady hyzmatdaşlyk, sanly ykdysadyýet we senagat», «Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa Respublikasynyň arasynda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde howanyň üýtgemeginiň täsirlerini peseltmek ugrunda hyzmatdaşlyk» atly bölümçeleri hem dürli ugurlarda pikirdir tejribe alyşmakda ähmiýetli boldy.
Parlamentarileriň çykyşlarynda duşuşyga gatnaşýan döwletleriň milli parlamentleriniň arasynda netijeli özara gatnaşyklary has-da berkitmegiň möhümdigi nygtaldy. Munuň özi häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň deňagramly çözgütleriniň işlenip düzülmegine, ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň, özara düşünişmegiň, ynanyşmagyň pugtalandyrylmagyna, ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraply döwletara, sebit we sebitara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ýardam berer. Sebitleýin duşuşygyň maksatnamasy Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy bilen parlament ýolbaşçylarynyň ikitaraplaýyn duşuşyklaryny, türkmen-koreý ikinji geňeşme maslahatyny, parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşyklaryny hem öz içine almak bilen, hyzmatdaşlygyň ilerledilmeginde möhüm tapgyry alamatlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda» Permanynda öňde goýlan wezipeleri mynasyp berjaý etmek ugrunda ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Türkmenistanyň Mejlisi utgaşykly işleri alyp barýar. Sebitde we dünýäde parahatçylyk döredijilik syýasatyny durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maksat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.