The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

21.10.2024

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ MIZEMEZ BINÝADY

 

24-nji sent­ýabr­da ge­çi­ri­len Türk­me­nista­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si, onuň yzy­sü­re bo­lup ge­çen mu­kad­des Ga­raşsyz­ly­gy­my­zyň 33 ýyl­lyk to­ýu­nyň da­ba­rala­ry Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we tele­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry üçin hem buý­san­dy­ry­jy wa­ka­la­ra bes­len­di. 

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem-de birleşmesi belent maksatlara ýetmekde, döwletiň ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde uly işleri alyp barýar. Geçen ýyllarda hususy başlangyçlaryň rowaçlanmagy, telekeçileriň işleriniň gerimini has-da gi­ňeltmekleri bu ugurdaky döwlet syýasatynyň ajaýyp miweleridir. Telekeçilik ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, netijede, jemi içerki önümiň düzüminde hususy pudagyň paýyny 71,4 göterime ýetirmek ileri tutulýan möhüm wezipelerdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde bu ugurda özgertmeleri dowam etdirmek bilen baglanyşykly täze başlangyçlar öňe sürüldi. 

3-nji oktýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisi geçirilip, oňa Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň agzalary hem gatnaşdylar. Onda Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütlerden gelip çykýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda ýurdumyzyň senagatçylarynyň we telekeçileriniň dürli ugurlarda iş alyp barmak bilen, gysga döwrüň içinde guwandyryjy netijeleri gazanýandyklaryny nygtady. Bäsdeşlige ukyply, eksporta niýetlenen ýokary tehnologik önümleri öndürýän önümçilikleri, senagat kärhanalaryny döretmekde telekeçileriň uly paýynyň bardygy, ykdysadyýeti özgertmek, innowasion ösüşi gazanmak, hususy pudagyň paýyny gi­ňeltmek arkaly Döwlet býujetiniň girdejileriniň artdyrylandygy beýan edildi. Garaşsyz ýurdumyzda innowasion önümçilikleri döretmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygy, onuň kuwwatyny artdyrmak, bu ugurda hususy işewürligiň önümçilik binýadyny ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilýändigi hakynda aýdylanlar hususy gurluşyk kärhanalarynyň alyp barýan işlerine aýratyn üns berilýändigini görkezýär. 

Gahryman Arkadagymyz umumymilli forumdaky çykyşynda maliýe bazaryny ösdürmegiň, telekeçiligiň täze görnüşlerini we usullaryny ornaşdyrmagyň döwrüň talabydygyny, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň berk binýady bolan pul-karz, walýuta, maliýe, salgyt-býujet ulgamlarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini nygtady. Milli Liderimiziň ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmekde, azyk howpsuzlygyny berkitmekde, döwrebap senagat kärhanalaryny, şäherdir obalary gurmakda telekeçilerimiziň uly işleri alyp barýandyklaryny aýdyp, 2030-njy ýyla çenli maliýe bazaryny ösdürmegiň Strategiýasynyň hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamagyň Milli maksatnamasynyň kabul edilmegini möhüm wezipeleriň hatarynda görkezmegi hususy pudaga bildirilýän uly ynamdan nyşandyr. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy esasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen bagly Permana gol çekmegi halkara derejede geçiriljek çärelere häzirden uly taýýarlyk görmegi talap edýär. Hususy pudakda hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda örän möhüm şanly senäni — Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyny uly üstünlikler bilen garşylamaga giň­den taýýarlyk görülýär. 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda toplumlaýyn işleriň amala aşyrylýandygy, «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwlet ähmiýetli şäheriň ähli ulgamlarynda sazlaşykly we durnukly ösüşi gazanmak babatdaky meselelere-de seredildi. Milli Liderimiz hemişelik Bitarap döwletimizde halk bilen ge­ňeşmegiň — Halk Maslahatynyň mejlisini yzygiderli geçirmegiň asylly däbe öwrülendigini belläp: «Häzirki döwürde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işini täze mazmun bilen baýlaşdyrýarys. Ony halkyň agzybirligini, jebisligini berkitmegiň, jemgyýeti dolandyrmagyň hem-de ösdürmegiň möhüm guraly hasaplaýarys» diýip, halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasynyň işiniň ähmiýetine üns çekdi. 

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň we birleşmesiniň agzalary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Prezidiumynyň mejlislerinden gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mynasyp goşant goşmagy esasy maksatlaryň biri hasaplaýarlar. «Döwlet adam üçindir!», «Watan di­ňe halky bilen Watandyr! Döwlet di­ňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, netijeli durmuş-ykdysady syýasaty üstünlikli amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, beýik işleri hemişe rowaç bolsun! 

 

Sa­par­my­rat OW­GA­NOW,

Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler 

par­ti­ýa­sy­nyň Mer­ke­zi ge­ňe­şi­niň baş­ly­gy,

 Mej­li­siň de­pu­ta­ty.