The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

24.10.2024

TÄZE ÜSTÜNLIKLERE TARAP

 

Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Bu ählumumy forumda kabul edilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli çözgütler eziz Watanymyzy beýik geljege tarap ynamly öňe alyp gitmegimize kuwwatly itergi berýär. Gadymy halkymyzyň asyrlardan gözbaşly asylly däbine eýerilip geçirilen bu mejlisde Garaşsyz, Bitarap döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmegiň, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini has-da pugtalandyrmagyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Halk häkimiýetiniň gadymdan gelýän milli däplerinden, häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerinden ugur alnyp geçirilen bu mejlis ýokary ruhubelentligi döretdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mejlisde eden çuň many-mazmunly çykyşlary üns berlip diňlenildi we uly täsir galdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz çykyşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan durnukly ösdürmekde gazanylan üstünliklere, ýetilen sepgitlere seljerme berdi. Türkmenistan döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmegiň öňde durýan wajyp wezipeleriniň üstünde durup geçdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda “Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasy” esasynda ýurdumyzy ösdürmek üçin şu ýylyň ahyryna çenli 38 milliard 500 manat möçberinde düýpli maýa goýumyň özleşdiriljekdigine ünsi çekdi. Munuň özi ýokarda ýatlanan wezipelerimiziň üstünlikli amala aşyrylýandygyna şaýatlyk edýär. 

Jemgyýetimiziň giň wekilçiliginiň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde ara alnyp maslahatlaşylan meseleler boýunça çözgütler biragyzdan kabul edildi. Şu möhüm çözgütler bolsa, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmäge täze mümkinçilikleri açýar. Öňümizde durýan belent maksatlaryň myrat bolmagynda her birimiziň goşandymyz bolmalydyr. 

 

Döwran HAPBAÝEW. 

Wekilbazar etrabyndaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty