The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan taryhymyza ser salnanda, arkama-arka, nesilme-nesil şu günlerimize gelip ýeten türkmençilik däplerimize we milli ýörelgelerimize berk eýerilýändiginiň şaýady bolýarys. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýuny dabaraly ýagdaýda belleýän ýyly akyldar şahyrymyzyň doglan senesiniň 300 ýyllygynyň halkara derejede dabaralandyrylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna gabat geldi.
Altyn güýzüň jana şypaly günlerinde, ýagny 2024-nji ýylyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyzda ýerleşýän Maslahat köşgünde uly üstünliklere beslenip geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi milli demokratiýamyzyň halkara giňişligindäki dabaralanmasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ulus-ili bir supranyň başyna jemläp, agzybirlikde, jebislikde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň öňýanynda geçirilen bu umumymilli foruma jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň we dürli nesilleriň wekilleriniň gatnaşmagy giň many-mazmuna eýe boldy.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda», «2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda», «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny tassyklamak hakynda» gol çeken Permanlary we resminamalary Gahryman Arkadagymyzyň umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň dowamat-dowama beslenýändiginiň buýsançly hakykaty boldy. Bu ählihalk taryhy forumynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taryhy çykyşy özüniň baý mazmuny bilen Türkmenistanda amala aşyrylýan ulgamlaýyn işleriň binýadynda durýan Konstitusiýanyň, milli kanunçylyk ulgamynyň, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň beýany bolup, röwşen ertirlerimiziň aýdyň ýoluny görkezdi.
Bu taryhy wakalaryň yzysüre, 2024-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kabul edilen döwletli çözgütleri mundan beýläk hem iş ýüzünde durmuşa geçirmekde, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda öňe sürülýän döwrebap başlangyçlaryň netijesinde halkymyzyň abadan durmuşynyň aýdyň geljegi üçin öňde durýan wezipeleri kesgitlemekde alnyp barylmaly çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Degişlilikde, maslahatlaşylan çözgütler, ata Watanymyzda aýry-aýry pudaklarda ýerine ýetirilmeli işler hakynda çykyşlar edildi.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýädäki şöhratyny has-da artdyrýan beýik işleri bilen halkymyzy eşretli ertirlere alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun.
Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy