Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Parahatçylygyň ilçisi, sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy, ýeňişlere ruhlandyrýan güýç. Bularyň ählisi bedenterbiýäniň hem-de sportuň ajaýyp häsiýetlerini görkezmek üçin ulanylýan düşünjelerdir. Her bir adamyň durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan bedenterbiýe we sport tutuş jemgyýetiň ösüşine-de güýçli täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgesini hemra edinen adamlar şahsy kämillige ýetýän bolsa, sporty we bedenterbiýäni jemgyýetçilik gymmatlygyna öwren döwletiň kuwwaty artýar.
Sportuň jemgyýeti jebisleşdirýän güýçdügine ak mermerli paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň, «Amul ― Hazar 2018» halkara awtorallisiniň, 2023-nji ýylda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň üstünlikli geçirilen günlerinde, şeýle-de, türgenlerimiziň yklym we dünýä çempionatlaryndan medallar çemeni bilen dolanyp gelen pursatlarynda şaýat bolduk. Şol ýaryşlardaky üstünlikler, ýeňişler her birimiziň kalbymyza buýsanç duýgularyny eçildi.
Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek hem-de beden we ruhy taýdan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek ugrundaky asylly işleri hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde has-da rowaçlanýar. Bu gün ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kämilleşdirmek boýunça düýpli özgertmeler amala aşyrylýar.
Türkmen türgenleriniň halkara ýaryşlarda yzygiderli ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrmagy uzak ýyllaryň dowamynda alnyp barlan binýatlaýyn işleriň, oýlanyşykly özgertmeleriň miwesidir. Islendik işiň düýpli we dowamly bolmagy onuň kanunçylyk binýadynyň kämilligi bilen berk baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 56-njy maddasynda döwletiň sportuň ösmegine ýardam edýändigi berkidilendir. Şol ýörelgeden ugur alnyp, ýurdumyzda sportuň hukuk binýady pugtalandyrylýar. «Professional sport hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda», «Atçylyk we atly sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň, şeýle hem «Türkmenistanda 2021 ― 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynyň kabul edilmegi hem ulgamyň hukuk esaslaryny berkitmegi nazarlaýan çözgütlerdir.
Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edýän, beden hem ruhy taýdan kämil nesilleri kemala getirmek ugrunda ýadawsyz aladalanýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni