The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

26.10.2024

JEMGYÝETI JEBISLEŞDIRÝÄN GÜÝÇ

 

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si, sagdyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň göz­ba­şy, ýe­ňiş­le­re ruh­landyr­ýan güýç. Bu­la­ryň äh­li­si be­den­ter­bi­ýä­niň hem-de spor­tuň aja­ýyp hä­si­ýet­le­ri­ni gör­kez­mek üçin ula­nyl­ýan dü­şün­je­ler­dir. Her bir adamyň dur­mu­şyn­da uly äh­miýe­te eýe bo­lan be­den­ter­bi­ýe we sport tu­tuş jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­ne-de güýç­li tä­sir edýär. Sag­dyn dur­muş ýörel­gesi­ni hem­ra edi­nen adam­lar şah­sy kä­mil­li­ge ýet­ýän bolsa, spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni jem­gy­ýet­çi­lik gym­mat­ly­gy­na öw­ren döw­le­tiň kuwwa­ty art­ýar.

Spor­tuň jem­gy­ýe­ti je­bis­leş­dir­ýän güýçdügine ak mermerli paýtagtymyzda 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we sö­weş sun­ga­ty boýun­ça V Azi­ýa oýunla­ry­nyň, 2018-nji ýyl­da Agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň, «Amul ― Ha­zar 2018» hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň, 2023-nji ýyl­da Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň üs­tün­lik­li ge­çi­ri­len gün­le­rin­de, şeý­le-de, tür­gen­le­ri­mi­ziň yklym we dünýä çempionatlaryndan medallar çemeni bilen dolanyp ge­len pur­sat­la­ryn­da şa­ýat bol­duk. Şol ýa­ryş­lar­da­ky üs­tün­lik­ler, ýe­ňiş­ler her biri­mi­ziň kalbymy­za buý­sanç duý­gu­laryny eçildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň jem­gyýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýörelge­le­rini berkarar etmek hem-de beden we ru­hy taý­dan kä­mil ýaşlary ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ug­run­da­ky asyl­ly iş­le­ri hormatly Prezidentimiziň ta­gal­la­la­rynyň ne­ti­je­sin­de has-da ro­waç­lan­ýar. Bu gün ýurdumyzda sport ulgamyny has-da kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça düýp­li özgert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. 

Türk­men tür­gen­le­ri­niň hal­ka­ra ýa­ryş­lar­da yzy­gi­der­li ýe­ňiş gazanyp, ata Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da art­dyr­ma­gy uzak ýyl­la­ryň do­wa­mynda al­nyp bar­lan bin­ýat­la­ýyn iş­le­riň, oý­la­ny­şyk­ly öz­gert­me­le­riň mi­we­sidir. Is­len­dik işiň düýp­li we do­wam­ly bol­ma­gy onuň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­nyň kä­mil­li­gi bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň Kons­ti­tu­si­ýa­sy­nyň 56-njy mad­da­syn­da döw­le­tiň spor­tuň ösmegine ýardam edýändigi berkidi­len­dir. Şol ýö­rel­ge­den ugur al­nyp, ýur­du­myz­da spor­tuň hu­kuk bin­ýa­dy pugtalandyrylýar. «Professional sport hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda», «Sportda dopinge garşy gö­reş­mek ha­kyn­da», «At­çy­lyk we at­ly sport ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Kanunlary­nyň, şeý­le hem «Türk­menis­tan­da 2021 ― 2025-nji ýyl­lar­da be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty gol­da­ma­gyň hem-de ös­dür­me­giň Maksatnamasy­nyň» hem-de ony ama­la aşyr­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýetirilme­li çä­re­le­riň me­ýil­na­ma­sy­nyň ka­bul edil­me­gi hem ul­ga­myň hukuk esas­la­ry­ny ber­kit­me­gi nazarlaýan çözgütlerdir. 

Bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly jemgyýetimizde sagdyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar edýän, beden hem ruhy taýdan kämil nesilleri kemala getirmek ugrunda ýa­daw­syz ala­da­lan­ýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Dur­muş sy­ýa­sa­ty 

ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň baş hü­när­me­ni