The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

01.11.2024

ÝAGŞYLYGA ÝARAN ÝÖRELGELER

 

Ýurdumyzda ebedi güzer eden döwletli-döwran bu günki gün Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny ýürek aýdymyna öwren halkymyzyň gadamlaryna bat goşýar. Şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýagşy niýet-maksatlar bilen durmuşa geçirilýän iri möçberli tutumlar bu günki gün sebit, dünýä möçberinde giň goldaw-hormata eýe bolýar. Eziz Diýarymyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini belende galdyrýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen ençeme taslamanyň kabul edilmeginden başga-da, ýurdumyz iri-iri meseleleriň halkara derejesinde ara alnyp maslahatlaşylýan merkezine öwrüldi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi hem hormatly Prezidentimiz, Gahryman Arkadagymyz tarapyndan durmuşymyza ornaşdyrylan ýagşylyga ýaran ýörelgelerimize dünýä ýüzünde goýulýan sarpanyň nyşanydyr. 

BMG-niň doly ygtyýarly agzalygyna kabul edileli bäri geçen ýyllaryň dowamynda eziz Diýarymyz sebitde asudalygyň daýanjyna, parahatçylygyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly başlangyçlaryň badalga tapýan mekanyna öwrüldi. Senagaty, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen milli maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen bir hatarda, BMG bilen hyzmatdaşlyga giň gerim bermek döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Netijede, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda dünýäniň 185 döwletiniň ykrar etmeginde Bitaraplyk derejesine eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan bu abraýly guramanyň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde wise-başlyklyk etdi. Şeýle-de ýurdumyzyň BMG-niň Ykdysady we Durmuş geňeşiniň (EKOSOS) 2021 — 2025-nji ýyllarda Durmuş ösüşi boýunça komissiýasyna, 2021 — 2024-nji ýyllarda Ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasyna saýlanylmagy Türkmenistanyň giň halkara hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlydygyna dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan berlen belent bahadyr. 

Ynsanyň iň esasy arzuwy jan saglygy we dünýäniň parahatçylygydyr. Sebitimiziň halklarynyň asuda, parahat durmuşyny nazarlaýan «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň 2022-nji ýylda hem Türkmenistanyň başlangyjy bilen Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilendigi Garaşsyz Diýarymyzyň asudalygyň dabaralanmagy ugrunda alyp barýan işleriniň dowamly häsiýete eýedigini subut edýär. Bu Kararnama ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleri babatda gerimi barha giňeýän «Merkezi Aziýa + ...» dialogynyň soňky ýyllarda durmuşa geçiren işleriniň ähmiýetlidiginiň nobatdaky äşgärnamasydyr. Sebitiň ýurtlarynyň agzybirligi, dost-doganlygy ýörelge edinip geçýän ýollarynda, adyndan belli bolşy ýaly, bu Kararnamanyň halklaryň parahat, asuda durmuşynyň dowamly bolmagyna gönükdirilen täze-täze tutumlaryň rowaçlanmagyna ýardam etjekdigine ynanýarys. 

Hormatly Prezidentimizi, Gahryman Arkadagymyzy, ähli watandaşlarymyzy buýsançly waka — BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 25-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. 

Goý, ýurdumyzyň halkara abraýynyň belende galmagyny üpjün edýän ynsanperwer, parahatsöýüjilikli syýasaty alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt, umumadamzat bähbidini nazarlaýan tutumlary hemişe rowaç alsyn! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.