Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 32 ýyllyk baýramynyň dabaralary bütin dünýä ýaň saldy. Watanymyzyň bu naýbaşy baýramy halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşip, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, kuwwatlanmagy we şan-şöhratynyň has-da arşa göterilmegi ugrundaky tagallalara saldamly goşant goşmaga hyjuwlydygyny dabaralandyrdy.
Toý günlerinde ulus-ilimiz taryhy wakalaryň ençemesine şaýat boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçen Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda şeýle taryhy ähmiýetli wakalaryň birine öwrülendigini guwanç bilen bellemelidiris. Maslahatyň şanly Garaşsyzlygymyzyň bosagasynda geçirilmegi oňa özboluşly toý ruhuny berip, ähmiýetini has-da artdyrdy, baýramçylyk keýpiçaglygymyzy belende göterdi.
Döwletli geňeşe welaýatymyzdan jemgyýetçiligiň wekilleriniň uly topary bolup gatnaşdyk. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň çuň manyly çykyşlaryny uly üns, buýsanç duýgusy bilen diňledik. Taryhy çykyşda berkarar Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmäge, şan-şöhratyny arşa götermäge, ulus-ilimiziň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatlar, öňde duran belent wezipeler öz beýanyny tapdy.
Her bir günümiziň ykbal özgerdiji beýik wakalara, ajaýyp üstünliklere sapýan döwründe ildeşlerimiziň döwletli işlere işjeň gatnaşýandygyny taryhy maslahat ýene-de bir ýola äşgär etdi. Maslahatda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, döwletli çözgütler kabul edildi. Arkadagly Serdarymyza «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent at berildi. Munuň özi ählimiziň watançylyk ruhumyzy belende göterip, eziz Diýarymyza bolan söýgimizi artdyryp, ösüşiň täze taryhy eýýamynda has-da yhlasly işlemäge hyjuw berdi.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly abraýdan peýdalanýan ildeşlerimiziň uly toparynyň döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, hormatly atlara mynasyp bolmagy, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginde ýeňiji bolan ildeşlerimize baýraklarynyň gowşurylmagy toý günleriniň göwün galkyndyryjy wakalaryna öwrüldi.
Şanly baýrama gabatlanyp, welaýatymyzyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe we Köpetdag geňeşlikleriniň çäginde açylyp, ulanylmaga berlen täze, döwrebap obalar ençeme maşgalalara özboluşly toý şatlygyny eçildi. «Nurly zaman», «Köpetdagyň ýalkymy» diýlip atlandyrylan täze obalaryň açylyş dabarasyna gatnaşmak, jaý toýlaryny toýlaýan bagtyýar maşgalalaryň şatlygyny paýlaşmak ýakymly duýgulary döretdi. Täze, döwrebap obalaryň her biri ýaşaýyş jaýlaryň 400-sini, 640 orunlyk orta mekdebi, 320 orunlyk çagalar bagyny, Saglyk öýüni, Söwda merkezini we beýleki desgalary öz içine alyp, ýokary derejedäki enjamlaşdyrylyşy bilen ünsümizi çekdi.
Şanly günlerde berkarar Watanymyzyň beýleki sebitlerinde hem dürli maksatly binadyr desgalaryň açylmagy türkmen topragynyň täze eýýamda has-da beýik ösüşlere, özgerişlere, şan-şöhrata beslenýändiginiň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň yzygiderli ýokarlanýandygynyň özboluşly ýüze çykmasy boldy. «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýip, ulus-ilimiziň bagtyýar durmuşy ugrundaky aladany döwlet syýasatynyň baş ugruna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynyň hemişe-de rowaçlanmagyny, eziz Diýarymyzda toýlaryň toýlara ulaşmagyny arzuw edýäris.
Resul IŞANGULYÝEW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.