The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

04.10.2023

ŞANLY WAKALARYŇ ÝALKYMY

 

Türk­me­nis­ta­nyň Ga­raş­syz­lyk gü­nü­niň 32 ýyl­lyk baý­ra­my­nyň daba­ra­la­ry bü­tin dün­ýä ýaň sal­dy. Wa­ta­ny­my­zyň bu naý­ba­şy baý­ra­my hal­ky­my­zyň Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serda­ry­my­zyň da­şy­na mä­käm je­bis­le­şip, ýur­du­myzyň gül­läp ös­me­gi, kuw­wat­lan­ma­gy we şan-şöh­ra­tynyň has-da ar­şa gö­te­ril­me­gi ug­run­da­ky ta­gal­la­la­ra sal­dam­ly go­şant goş­ma­ga hy­juw­ly­dy­gy­ny da­ba­ralan­dyr­dy.

Toý gün­le­rin­de ulus-ili­miz ta­ry­hy wa­ka­laryň en­çe­me­si­ne şa­ýat boldy. Türk­men hal­ky­nyň ­Mil­li Li­de­ri, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş­lyk­lyk et­me­gin­de ge­çen Halk Masla­ha­ty­nyň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ýur­du­myzyň jem­gy­ýet­çi­lik-sy­ýa­sy dur­mu­şyn­da şeý­le ta­ry­hy äh­mi­ýet­li wa­ka­la­ryň bi­ri­ne öw­rü­len­di­gi­ni guwanç bi­len bel­le­me­li­di­ris. Mas­la­ha­tyň şan­ly Ga­raş­syz­lygy­my­zyň bosa­ga­syn­da ge­çi­ril­me­gi oňa öz­bo­luş­ly toý ru­hu­ny be­rip, äh­mi­ýe­ti­ni has-da art­dyr­dy, baý­ramçy­lyk keý­pi­çag­ly­gy­my­zy be­len­de gö­ter­di. 

Döw­let­li ge­ňe­şe we­la­ýa­ty­myz­dan jem­gy­ýetçi­li­giň we­kil­le­ri­niň uly to­pa­ry bo­lup gat­naşdyk. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Serda­ry­my­zyň çuň ma­ny­ly çy­kyş­la­ry­ny uly üns, buý­sanç duý­gu­sy bi­len diň­le­dik. Ta­ry­hy çy­kyş­da ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zy mun­dan beý­läk-de gülledip ös­dür­mä­ge, şan-şöh­ra­ty­ny ar­şa gö­ter­mä­ge, ulus-ili­mi­ziň eş­ret­li dur­mu­şy­ny üp­jün et­mä­ge gönük­di­ri­len mak­sat­lar, öň­de du­ran be­lent wezi­pe­ler öz be­ýa­ny­ny tap­dy. 

Her bir gü­nü­mi­ziň yk­bal öz­ger­di­ji be­ýik wa­ka­lara, aja­ýyp üstünlikle­re sap­ýan döw­rün­de il­deş­le­rimi­ziň döw­let­li iş­le­re iş­jeň gatnaşýan­dy­gy­ny ta­ry­hy mas­la­hat ýe­ne-de bir ýo­la äş­gär et­di. Maslahatda mö­hüm me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy, döwlet­li çözgüt­ler ka­bul edil­di. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­za «Türk­me­nis­ta­nyň Gahry­ma­ny» di­ýen be­lent at beril­di. Mu­nuň özi äh­li­mi­ziň wa­tan­çy­lyk ruhumy­zy be­len­de gö­te­rip, eziz Di­ýa­ry­my­za bo­lan söý­gi­mi­zi art­dy­ryp, ösü­şiň tä­ze ta­ry­hy eý­ýa­myn­da has-da yh­las­ly iş­le­mä­ge hy­juw ber­di.

Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ryn­da ýur­du­my­zyň sy­ýa­sy, yk­dy­sa­dy we me­de­ni dur­mu­şyn­da ýo­ka­ry üs­tünlik­le­ri ga­za­nan, il için­de uly ab­raý­dan peýdalanýan il­deş­le­ri­mi­ziň uly to­pa­ry­nyň döw­let sy­lag­la­ry bi­len sylaglan­ma­gy, hor­mat­ly at­la­ra my­na­syp bol­ma­gy, şeý­le-de Türkmenistanyň Pre­zi­den­tiniň «Türk­me­niň Al­tyn asy­ry» bäs­le­şi­gin­de ýe­ňi­ji bo­lan il­deş­le­ri­mi­ze baý­rak­la­ry­nyň gow­şu­ryl­ma­gy toý gün­le­ri­niň gö­wün gal­kyn­dy­ry­jy wa­ka­la­ry­na öw­rül­di. 

Şan­ly baý­ra­ma ga­bat­la­nyp, we­la­ýa­ty­my­zyň Gökde­pe et­ra­by­nyň Owa­dan­de­pe we Kö­pet­dag ge­ňeşlik­le­ri­niň çä­gin­de açy­lyp, ula­nyl­ma­ga ber­len tä­ze, döw­re­bap oba­lar en­çe­me maş­ga­la­la­ra öz­bo­luş­ly toý şatlygyny eçil­di. «Nur­ly za­man», «Kö­pet­da­gyň ýal­ky­my» diý­lip atlandy­ry­lan tä­ze oba­la­ryň açy­lyş da­ba­ra­sy­na gat­naş­mak, jaý toý­la­ry­ny toý­la­ýan bagty­ýar maş­ga­la­la­ryň şat­ly­gy­ny paý­laş­mak ýa­kym­ly duýgulary dö­ret­di. Tä­ze, döw­re­bap oba­la­ryň her bi­ri ýa­şa­ýyş jaý­la­ryň 400-si­ni, 640 orun­lyk or­ta mek­de­bi, 320 orun­lyk ça­ga­lar ba­gy­ny, Sag­lyk öýüni, Söw­da mer­ke­zi­ni we beý­le­ki des­ga­la­ry öz içi­ne alyp, ýo­ka­ry dere­je­dä­ki en­jam­laş­dy­ry­ly­şy bi­len ün­sü­mi­zi çek­di. 

Şan­ly gün­ler­de ber­ka­rar Wa­ta­ny­my­zyň beý­le­ki se­bit­le­rin­de hem dür­li mak­sat­ly bi­na­dyr des­ga­la­ryň açyl­ma­gy türk­men top­ra­gy­nyň tä­ze eý­ýam­da has-da be­ýik ösüş­le­re, öz­ge­riş­le­re, şan-şöh­ra­ta beslenýändiginiň, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­niň yzy­gi­der­li ýokar­lan­ýan­dy­gy­nyň öz­bo­luş­ly ýü­ze çyk­ma­sy bol­dy. «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tandyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýip, ulus-ilimiziň bag­ty­ýar dur­mu­şy ug­run­da­ky ala­da­ny döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň baş ug­ru­na öw­ren Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň, şeý­le-de Gah­ry­man ­Ar­ka­da­gy­my­zyň döw­let­li tu­tum­la­ry­nyň he­mi­şe-de ro­waç­lan­ma­gy­ny, eziz Di­ýa­ry­myz­da toý­la­ryň toý­lara ulaş­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­ris. 

 

Resul IŞANGULYÝEW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygy, Mejlisiň deputaty.