The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.11.2024

ÝAŞ PARLAMENTARILER

 

Hor­mat­ly­ Pre­zi­den­ti­miz­ ýaş­la­ra ­uly­ ynam ­bil­di­rip,­ ýur­du­my­zyň kuwwa­ty­nyň ­has-da ­ös­dü­ril­me­gi­ ug­run­da ­alyp­ bar­ýan ­iş­le­ri­niň­ çäklerinde­ «Türk­me­nis­ta­nyň­ ýaş­la­ry­nyň ­hal­ka­ra ­hyz­mat­daş­ly­gy­nyň 2023­-2030-njy ýyl­lar­ üçin­ Stra­te­gi­ýa­sy­ny»­ ka­bul­ et­di. ­On­da ýurdumyzyň ýaş­la­ry­ tara­pyn­dan ­hal­ka­ra­ de­re­je­de ­hyz­mat­daş­ly­gy­ ösdürmek­de­ göz ­öňün­de tu­tu­lan­ mak­sat­lar,­ we­zi­pe­ler­ we ­ile­ri ­tu­tul­ýan ugur­lar ­kes­git­le­nil­di.­ 

Şeýle­-de ýaşlaryň dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda işjeňligini höweslendirmek, ýaşlary durmuş taýdan goldamak bilen birlikde, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek we olarda watansöýüjilik, ruhubelentlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly häsiýetleri kemala getirmek göz öňünde tutulýar. 

Şol jähetden, ýurdumyzyň ýaşlaryny goldamak maksady bilen, 2023-­nji ýylda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda Ýaş parlamentariler topary döredildi. Düzgünnama laýyklykda, Ýaş parlamentariler topary Mejlisiň jemgyýetçilik, kollegial, konsultatiw we maslahat topary bolup durýar. Ol Mejlisiň degişli çagyrylyşynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti üçin döredilýär we alyp barýan işi barada Türkmenistanyň Mejlisine hasabat berýär. Onuň esasy maksady ýaş parlamentarileriň başlangyçlaryny açyp görkezmek babatda şertleriň döredilmegine, ýaş raýatlaryň hukuk we syýasy medeniýetiniň kemala getirilmegine, ýaşlaryň döredijilik, raýatlyk işjeňliginiň artdyrylmagyna ýardam etmekden ybaratdyr. Topara Mejlisiň 35 ýaşa ýetmedik deputatlary agzalyga kabul edilip, olar degişli ýaşdan geçensoň hem bu işe synçy hökmünde mejlise gatnaşyp bilýärler. Ýaş parlamentariler toparynyň mejlisi, zerurlyga görä, azyndan çärýekde bir gezek geçirilýär. Mejlis toparyň agzalarynyň ýarysyndan köprägi gatnaşan mahalynda ygtyýarly hasaplanýar. Oňa döwlet, bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri we talyplar gatnaşyp bilýärler. Topar geljekde döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde, daşary ýurtlaryň ýaş parlamentarileri bilen halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, ýaşlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramakda, olardan gelip gowuşýan teklipleri öwrenip, milli kanunçylyga girizmekde we beýleki möhüm işlerde işjeňlik görkezer. Bu günki gün türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän uly ynamy esasynda olar döwlet häkimiýet edaralarynda, ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda, döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan kärhanalarda, Prezident Maksatnamasynda we beýleki milli maksatnamalarda kesgitlenen wezipeleri hem­-de düýpli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. 

 

Sa­hy­ber­di­ JEPBAROW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mej­li­si­niň de­pu­ta­ty,­ Mej­li­siň

Ka­da-ka­nun­çy­lyk ­baradaky ko­mi­te­ti­niň­ ag­za­sy