The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ak şäherimiz Aşgabatda ýokary derejede geçirilen “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumy “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň taryhy wakasy boldy. Bu forum akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny baýram etmegiň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Halkara forumynyň esasy maksady Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny giňden wagyz etmekden, Gündogar halklarynyň dilleriniň we edebiýatlarynyň özara baglanyşygyny, söz ussadymyzyň milli döwletliligi ösdürmekde eýeleýän ornuny, umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna goşan goşandyny öwrenmekden ybarat boldy. “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumynda hormatly Prezidentimiz çuň manyly çykyşynyň başynda türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynyň dowamynda ruhy we medeni gymmatlyklary döreden halkdygyny nygtap, dünýä edebiýatynyň ägirdi, görnükli akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň bütin adamzat üçin gymmatly garaýyşlary bilen dünýä medeniýetiniň dürler hazynasynda hemişelik orun alandygyny belledi.
Ýusup ANNAÝEW.
Mary şäherindäki 2-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.