The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan çuňňur oýlanyşykly syýasy, ykdysady özgertmeleriň netijesinde Bitarap Türkmenistan ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge uly goşant goşýan döwlet hökmünde belent abraýa eýe bolýar. Ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan asylly başlangyçlary dünýäde goldanylýar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen hem-de Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi milli diplomatiýamyzyň nobatdaky ýeňşidir, sport ulgamyndaky üstünliklerimiziň ykrarnamasydyr. Kararnama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhüm resminamadygyny aýdyň görkezýär.
Ata Watanymyzda sporta diňe bir ussat türgenleriň arasyndan ökdeleri saýlamaga mümkinçilik berýän ýaryşlar däl, eýsem, jemgyýetde we halkara derejede abadançylygy, jebisligi berkidýän gymmatlyk hökmünde garalýar. Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini wagyz etmäge gönükdirilen giň gerimli çäreleriň, dürli ýaşdaky we dürli kärdäki adamlaryň gatnaşmagyndaky ýaryşlaryň yzygiderli geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, müňlerçe ildeşlerimiziň Saglyk ýolundan geçmegi bu ugurda möhüm waka boldy. Ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça bäsleşikleriň ýokary ruhubelentlikde geçirilmegi bolsa bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýeti jebisleşdirmäge, halklaryň arasyndaky dostlugy berkitmäge uly goşant goşýandygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
Hormatly Prezidentimiziň sagdyn jemgyýeti berkarar etmek meýillerine daýanýan hem-de Durnukly ösüş maksatlary bilen sazlaşýan syýasatynda sporta we bedenterbiýe-sagaldyş hereketine ähmiýetli orun degişlidir. Ýurdumyzda her bir raýatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga hukuklarynyň deň elýeterliligi kepillendirilýär. Raýatlaryň bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaga bolan isleglerini kanagatlandyrmak, keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.
Eziz Diýarymyzy sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurduna öwrüp, dünýäde dost-doganlygyň, agzybirligiň pugtalandyrylmagy ugrunda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt we umumadamzat ähmiýetli beýik işleri rowaç bolsun!
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.