The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmenistan halkara giňişliginde alyp barýan işlerini döwrüň ýüze çykaran meselelerini dünýäň ýagdaýlaryny nazara almak bilen amala aşyrýar. Türkmen Bitaraplygynyň ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlar eziz Diýarymyzyň, şol çäkde beýleki döwletleriň hem ynsanperwer gatnaşyklarda öz mümkinçiliklerini ulanyp bilmegine, ösüş maksatlaryna ýetmegine oňyn täsirini ýetirýär.
Şu ýylyň sentýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde «BMG-de Zenanlar» düzüminiň guramagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» meseleleri boýunça duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyga «BMG-de Zenanlar» düzüminiň halkara maslahatçylary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň parlamentlerinden, ministrliklerinden we degişli pudaklaýyn edaralaryndan, jemgyýetçilik guramalaryndan wekiller gatnaşdy.
Almatyda geçen duşuşyk hem oňa gatnaşan bilermenleriň, hünärmenleriň Birleşen Milletler Guramasynyň «Aýallar babatda hukuklary kemsitmegiň ähli görnüşlerini ýok etmek hakynda» Konwensiýanyň hem-de Pekin Jarnamasynyň we Hereketler platformasynyň Merkezi Aziýa sebitinde ýerine ýetirilişi boýunça öňde durýan ählumumy meseleleri we mümkinçilikleri baradaky tekliplerini hem-de pikirlerini umumylaşdyryp, olary sebitiň çäginde amal etmäge ýol açýar.
Birleşen Milletler Guramasynyň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Kararnamasynyň Merkezi Aziýa sebitinde parahatçylygy we hyzmatdaşlygy, howpsuzlygy berkitmekde orny, hususan-da, raýat jemgyýetini we ýaşlar toparynyň işjeňligini ýokarlandyrmakda zenanlara, ýaşlara mümkinçilikleri döretmegiň döwrebap çemeleşme bolup hyzmat etjekdigi baradaky pikirler öňe sürüldi.
Duşuşykda ýaşlaryň deňligi (Generation Equality) halkara torunyň bilermenleri «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly Kararnamanyň «Ýaşlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» Kararnamasy bilen özara baglanyşygyna mysallaryň üsti arkaly deňeşdirme-seljerme geçirip, bu gatnaşyklar we onuň bilen bagly meseleler babatda sebit, hökümet derejesinde çäreleri durmuşa geçirmegiň netijeli ugurlaryny beýan etdiler.
Duşuşygyň soňky sessiýasynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» meseleleri boýunça Merkezi Aziýa sebitinde sebitleýin hereketleriň meýilnamasy üçin Ýol kartasyny işläp taýýarlamagyň derwaýyslygy bilen bagly teklipler öňe sürüldi. Bu sebit tagallalaryny birleşdirmegiň netijesinde bolsa, Merkezi Aziýa ýurtlarynda suw serişdelerini maksadalaýyk peýdalanmak, howanyň üýtgemegi we daşky gurşawy goramak meselesinde zenanlaryň ornuny berkitmek, sebitiň serhetýaka çäklerinde ýaşaýan aýratyn goldawa mätäç zenanlaryň we çagalaryň ýaşaýyş-durmuş ýagdaýlaryny gowulandyrmaga hemaýat bermek, sebitde tebigy hadysalar, adatdan daşary ýagdaýlar ýüze çykanda, zenanlara, çagalara we gartaşan adamlara ýardam bermek meseleleri maksadalaýyk çözüler.
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogunyň hukuk binýady we düzüm birlikleri bilen hemişelik hereket edýän resmi däl gurluş hökmünde özüni ykrar etdirendigini bilýäris.
Ýurdumyzda zenanlaryň azatlyklaryny kepillendirmek we hukuklaryny durmuşa geçirmek, şol sanda gender deňligini üpjün etmek işleriň çäginde halkara tejribesi bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt, umumadamzat bähbitli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
Merjen BORJAKOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň hünärmeni.