The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalarynyň netijesinde, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça yzygiderli durmuşa ornaşdyrylýan özgertmeler medeni gymmatlyklary, taryhy, edebiýaty, sungaty, ylym-bilimi ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle gymmatlyklar ata Watana bolan söýgini, buýsanjy artdyrmakda, ynsanperwer duýgulary kemala getirmekde, aňyýeti, aň-düşünje hem akyl-paýhas goruny baýlaşdyrmakda bahasyz baýlykdyr. Şu nukdaýnazardan, türkmen edebiýaty hem giňişleýin öwrenilip, halkymyza ýetirilýär. Bu işlerde, esasan, geçmiş mirasymyza daýanylýar, nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň eserleri öwrenilýär, halka ýetirilýär. Şeýle şahyrlaryň biride türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragydyr.
Dana Pyragy halkymyzyň buýsanjy hem guwanjy bolmak bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda: «Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna» diýip beýan edişi ýaly, halkymyzyň, bedew batly ösüşler bilen ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň atabraýyny dünýä doldurýar.
Hormatly Prezidentimiz paýhasa ýugrulan «Ýaşlar Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Halkymyz, Watanymyz, Döwletimiz, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy— zehinlerimize ylham çeşmesi, üstünliklerimize badalgadyr» diýip, uly buýsanç bilen nygtaýar. Çünki şahyryň şygyrlarynyň dünýä dilleriniň onlarçasyna terjime edilmegi, olaryň daşary ýurtlarda tanyşdyrylyş dabaralarynyň we halkara ylmy maslahatlaryň geçirilmegi şahyryň şahyrana dünýäsini öwrenmek, halka ýetirmek babatda, şeýle-de, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek bilen, akyldarymyzyň äpet ýadygärlik heýkeli dikilen Magtymguly Pyragynyň medeni seýilgäh toplumynyň gurulmagy, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň döredilmegi, Magtymguly Pyragynyň medeni mirasyny gorap saklamak, geljek nesillerimize dürs ýetirmek maksady bilen ýörite Kanunyň kabul edilmegi, şeýle-de, paýtagtymyzda «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy—parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň geçirilmegi—bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz tarapyndan dowam etdirilýän beýik işlerden nyşan bolup durýar. Ol işler gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň döwlet Baştutany döwründe gol çeken, ýagny, 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly taryhy Kararyndan alyp gaýdýar.
Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döredipdir. Beýik şahyr türkmen edebiýatynyň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişleriň başyny başlapdyr. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Adamzat ruhunyň arzyly oý-hyýallaryny jahana ýaýan şahyr ynsanlaryň buýsanjyna öwrüldi. Onuň ynsan kalbynda inçe duýgulary oýarýan şygryýet dünýäsi bu gün türkmen jemgyýetiniň, şu günki we geljekki nesillerimiziň kämilligini, ruhy sagdynlygyny üpjün edýän täze aňyýetimiziň binýatlarynyň biridir. Gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen edebiýaty juda çylşyrymly taryhy tapgyrlary başyndan geçirdi. Beýleki goňşy halklaryň edebiýatlary bilen berk baglanyşykda ösen türkmeniň çeper söz sungatyny özünde jemlän Pyragynyň döredijiligi elýetmez derejä göterilip, hemmeler üçin nusgalyk edebi mekdep bolup hyzmat edýär.
Ussat akyldar Magtymguly Pyragy ömrüniň bütin dowamynda il agzybirliginde türkmen halkynyň berkarar, özbaşdak döwlet gurmagyny arzuw edipdir. Muňa beýik akyldaryň: «Berkarar döwlet islärin» diýen setiri aýdyň güwä geçýär. Berkarar döwleti gurmak baradaky arzuwdyr islegler dana akyldarymyza degişli bolsa, türkmen halkyny myratdyr maksadyna ýetirmek, bagtyýar döwürde ýaşatmak bolsa Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem biziň her birimiziň Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyz çäksizdir.
Baýrammyrat HAJYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň
Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.