The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ahlak duýgularynyň iň naýbaşysy hasaplanýan watansöýüjilik duýgusy her bir ýaş ynsanyň baky hemrasy bolmalydyr. Dogduk topraga, ata Watana söýgi, adamlara hormat-sarpa bilen garamak milli dahyllylygy, dünýägaraýşy kemala getirýär. Watanyny söýýän adam bagtyýardyr. Watansöýüji ynsan öz raýatlyk borjuna wepaly bolup, ýurduň ösüşlerine we şan-şöhratyna mynasyp goşant goşýar, şahsy bähbitlerini jemgyýetçilik bähbitleri bilen utgaşdyrýar. Şonuň üçin-de, hormatly Prezidentimiz: «Watanymyzyň geljegi ýaşlarymyz bilendir. Olar ata Watanymyza, halkymyza wepaly, ata-babalarymyzyň döwletlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, zähmetsöýer, watansöýüji, päk ahlakly ýaşlar bolmalydyr. Şeýle belent adamkärçilik sypatlary bilen Watanymyzyň, türkmen halkynyň dünýädäki abraý-mertebesini has-da belende götermelidirler» diýip belleýär. Şundan ugur alsak, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimizi watansöýüjilik we millilik ruhunda terbiýelemek möhüm wezipe bolup durýar. Şol wezipäni üstünlikli durmuşa geçirmekde mekdep, maşgala bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalaryna, aýratyn-da, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyza uly orun degişlidir. 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen guramamyz häzirki wagta çenli bu wezipäni üstünlikli ýerine ýetirip gelýär. Şunuň bilen birlikde, Ýaşlar guramamyz ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmakda, olaryň döredijilige, sungata, ylma, sporta bolan ukyplaryny ýüze çykarmakda hem ençeme çäreleri durmuşa geçirýär. Şu jähetden, şu gün esaslandyrylanyna 33 ýyl dolýan Ýaşlar guramamyzyň häzirki alyp barýan we geljekki meýilleşdirýän işlerine gysgaça nazar aýlamagy makul bildik.
ŞU DIÝARDYR OWAL-AHYR YŞKYMYZ
Ýaşlara ynam — geljege ynam. Geljegimiziň nähili boljakdygy şu günki ýetişdirýän nesillerimize, olaryň terbiýesine bagly. Adam terbiýe we zähmet arkaly taplanýar. Şoňa görä-de, terbiýäniň özenini watansöýüjilik, zähmetiň köküni halallyk düzende, lebzine ygrarly, arassa ahlakly, berk bedenli nesiller kemala gelýär. Milli Liderimiz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatly edep-terbiýe, durmuş mekdebiniň ähli ynsana mahsus gelýän ýörelgeleriniň manysy örän çuňdur. Oňa näçe içgin aralaşdygyňça, bu ýörelgeleriň adamzadyň geljegi babatda alnanda hem gymmatynyň artýandygyny duýmak bolýar» diýip belleýär. Şu jähetden, biz döwrebap ylym-bilimlerden çuňňur baş çykarýan, ýokary ahlak erkli nesilleri terbiýelejek bolsak, onda «Atalaryň ýoly — altyn ýol, ony söýen Watany söýer» diýlişi ýaly, ilkinji nobatda, pederlerimiziň miras goýan gymmatly ýörelgelerine daýanmaly. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent taglymatlaryny, durmuş ýörelgelerini özümize nusga edinýäris.
JEBISLIK. TÄSIRLILIK. NETIJELILIK
Ata-babalarymyz nesilleri belent ahlaklylyk ruhunda sagdyn bedenli edip ýetişdirmäge aýratyn üns beripdirler. Geçmiş taryhymyzda «Kowusnama» ýaly ýörite öwütnamalaryň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle-de «Oguznamalarda», «Gorkut atada», «Görogluda», halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerinde, Döwletmämmet Azady, Magtymguly Pyragy ýaly beýik akyldarlarymyzyň eserlerinde nesil terbiýesi meselesine aýratyn ähmiýet berlipdir. Halk paýhasynyň çuňundan syzylyp çykan şol eserleriň süňňüni belent ynsanperwerlik, birek-birek bilen hoşniýetli gatnaşykda bolmak, ýaşlykda hünär öwrenmek ýaly nusgalyk ideýa-pikirler eýeläp, olar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar nesillerimizi milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmekde gymmatly serişdelerdir.
Mysal üçin, «Kowusnamadaky»: «Akyl bilen mal, baýlyk toplap bolar, emma mal bilen akyl toplap bolmaz», «Hakyky at-owaza öz zehiniň, ukybyň bilen gazanylan zatdyr, şoňa görä, bedeniňi ýaltalyga däl-de, ylymdyr hünäre ram etdirgin, bilmeýän zatlaryňy öwrenjek bolgun» diýen öwütler häzirki wagtda hem birjikde ähmiýetini gaçyrmaýar. Şu jähetden, Ýaşlar guramamyzyň hünärmenleri dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, şol sanda ýurdumyzyň ýokary, orta we başlangyç hünär okuw mekdeplerinde, umumybilim berýän orta mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirenlerinde, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş edenlerinde halk hazynamyzdan işjeň peýdalanýarlar. Munuň özi Ýaşlar guramasynyň ýaşlar bilen has-da jebisleşmegine, alyp barýan işlerimiziň täsirliliginiň artmagyna, netijeliliginiň ýokarlanmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär.
ISMIM DÜŞDI ILDEN-ILE...
Üstünliklere beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzda Gündogaryň beýik akyldary, türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Arkadagly Ýaşlar» atly çeper-publisistik, ylmy-populýar elektron žurnalynda beýik akyldarymyzyň döredijiligi dogrusynda makalalar ýerleşdirilýär, «yashlar.gov.tm» elektron saýtynda täze bölüm açyldy. Magtymguly Pyragy — türkmen halkynyň paýhasly dünýäsi, beýik filosof. «Ismim düşdi ilden-ile» diýen söz ussadynyň belent ynsanperwerlige ýugrulan döredijiligi bu günki nesilleri beýik maksatlara, belent işlere ruhlandyrýar. Şoňa görä-de, beýik akyldaryň döredijiligini dünýä ýaýmak we ýaşlary şahyryň watansöýüjilikli şygyrlaryna laýyklykda terbiýelemek maksady bilen, Ýaşlar guramamyz tarapyndan ençeme çäreler — döredijilik bäsleşikleri, çeper okaýyşlar, duşuşyklar geçirildi we olar dowam etdirilýär.
ÝURDA GULLUK — BIZIŇ ASYL KESBIMIZ
Watana ak ýürekden gulluk etmek — öz saýlap alan ýoluňa ygrarly bolup, jemgyýete peýdaly işler bilen meşgullanmak bagtdan nyşan. Çünki Milli Liderimiziň parasatly başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň döwrebap bilim we terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly nesiller bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredýär. Hususan-da, döwlet ýaşlar syýasatynyň mazmunynda ýaşlaryň hukuklarynyň, kanuny bähbitleriniň, erkinliginiň we goldanylmagynyň amala aşyrylmagyna gönükdirilen durmuş, ykdysady, syýasy, ylym, bilim, medeni, jemgyýetçilik, guramaçylyk, hukuk çäreleriniň ulgamy jemlenendir. Şol wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde häzirki wagtda Diýarymyzyň ähli künjegine wekilçilik edýän ýaşlaryň 914 müňe golaýyny özünde jemleýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň hünärmenlerine we işjeň agzalaryna uly jogapkärçilik düşýär.
Şunuň bilen baglylykda, ýaşlarymyzyň şahsy-jemgyýetçilik başlangyçlaryny, edebiýat we sungat, ylym bilen meşgullanmagyny höweslendirmäge, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şunda Ýaşlar guramamyzyň dürli edara-kärhanalar bilen bilelikde yglan edýän bäsleşiklerine aýratyn orun degişlidir. Olardan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Talyp gözeli — 2024» atly gözellik bäsleşiginiň, kiçi ýaşly okuwçy gyzjagazlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz — 2024» atly şadyýan bäsleşiginiň, ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Talyp joşguny — 2024» atly döredijilik festiwallarynyň, talyp ýigitleriň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini bellemelidiris. Bulardan başga-da, «Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde her ýylda yglan edilýän «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly bäsleşigimiziň we beýleki çäreleriň täze zehinleri ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýedigini aýtmak ýakymlydyr.
YLYM ÝOLBELETDIR, BEÝLEKI IŞLER HEM OŇA TABYNDYR
Mahmyt Zamahşary «Ýagşyzadalaryň bahary» atly kitabynda: «Ylym ýolbeletdir, beýleki işler hem oňa tabyndyr» diýip belleýär. Çünki ähli beýik işler, adamzadyň bütin durmuşyny özgerdýän açyşlar diňe ylym arkaly amal edilýär. Şoňa görä-de, zehinli ýaşlary ylma, bilime, täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek esasy wezipeleriň biridir. Şundan ugur alyp, her ýylda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda yglan edýän ylmy işler boýunça bäsleşigini bellemek möhümdir. Çünki bu bäsleşik zehinli ýaşlary — täzeçil pikirlenip bilýän alymlaryň täze neslini ýüze çykarmaga, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge, ylmyň has möhüm ugurlaryndaky gözleglerini höweslendirmäge gönükdirilendir. Ylmyň hem-de tehnologiýalaryň ileri tutulýan 6 ugry boýunça geçirilen bäsleşige şu ýyl hem ylma höwesli ýaş alymlaryň we talyplaryň 1670-si gatnaşdy. Bäsleşige möhüm ugurlar boýunça diňe bir nazary däl-de, amaly taýdan ähmiýetli bolan işläp taýýarlamalar hem hödürlenildi. Seljeriş topary tarapyndan bäsleşigiň baýrakly orunlaryna hödürlenen, ýeňşe mynasyp görlen ýaş alymlaryň 107-siniň ylmy işleri saýlanyp alyndy. Şunda olaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy. Munuň özi ýaş alymlara döwlet derejesinde berlen ýokary bahadyr we zehinleriniň ykrar edilmegidir.
HALKARA ÝAŞLAR HYZMATDAŞLYGY BERKIDILÝÄR
Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiz: «Hemmetaraplaýyn bilimli, beden, ruhy taýdan sagdyn, ynsanperwer gymmatlyklara, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmekde ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmelidir» diýip nygtaýar. Dogrudan-da, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň halkara guramalaryň, forumlaryň, ylmy maslahatlaryň we festiwallaryň işine işjeň gatnaşmaklary özara dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ähmiýetlidir. Şoňa görä-de, bu babatda alnyp barylýan işlere ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyzyň hünärmenleridir işjeň agzalary yzygiderli gatnaşýarlar. Şu ýylda hem «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, guramamyzyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Türkiýe, Hindistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalarynda, Russiýa Federasiýasynda iş saparlarynda bolmak bilen, dürli duşuşyklara, maslahatlara, festiwallara gatnaşdylar, özara tejribe alyşdylar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny halkara derejede ählitaraplaýyn giňeltmäge ähmiýet berilýändigini bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
ÇAGALAR WE ÝAŞLAR BAÝRAKLARY: GELJEKKI ÜSTÜNLIKLERE AK ÝOL!
Uly daragtlar kiçijek nahallardan ösýär, uly işler parasatly başlangyçlardan gözbaş alýar, sowujak çeşme suwy daşlardan syzylyp çykýar. Kiçijegem bolsa, ilkinji ädim, ilkinji arzuw, ilkinji maksat hemişe ýatlanýar, sebäbi biz umumy ýoldan bölünip, öz ýolumyza, öz dünýämize gadam goýýarys. Şol wagt ynamyň ykrar edilmegi, geljekki üstünlikleriňe ak ýol arzuw edilmegi täze hem-de belent menzillere atarýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan ýurdumyzda geçirilýän jemgyýetçilik işlerine işeňňir gatnaşýan, ýokary döredijilik başarnygy bolan zehinli çagalara we çagalar döredijilik toparlaryna «Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi», içeri we daşary syýasatymyzy wagyz etmekde, edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri üçin ýaşlara «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen hormatly atlaryň berilýändigini nygtamak gerek. Bu baýraklar zehinli çagalar we ýaşlar üçin geljekki uly üstünlikleriň badalgasydyr.
* * *
Döredilen gününden bäri ýurdumyzyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy türkmen ýaşlarynyň jemgyýetçilik işjeňligini ösdürmek, dürli ugurlarda — döredijilikde, ylym-bilimde, zähmetde, oýlap tapyşlarda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň döredijilik gözleglerini köpçülige ýetirmek, millilik ýörelgelerimizi wagyz etmek babatda netijeli işleri alyp bardy. Bu işler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe üstünlikli dowam etdirilýär. Döwrüň özgermegi — maglumat işjeňliginiň, alyş-çalşygynyň geriminiň giňemegi, barha kämilleşmegi, durmuşymyza innowasiýalaryň ornaşmagy häzirki nesillerden has işjeňligi talap edýär. Şoňa görä-de, biz alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de ýokary guramaçylykly we täzeçil usullarda guramaga, ýaşlarymyzy watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek işine mynasyp goşant goşmaga yhlasymyzy gaýgyrman zähmen çekeris. Çünki şahyr Kakamyrat Rejebowyň belleýşi ýaly, «Elýetmez, dilýetmez mukaddesligiň — // Şu Watanyň, şu milletiň nesli biz!».
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.