The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli daşary syýasaty Garaşsyz Türkmenistanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýalarynda biragyzdan kabul edilen Kararnamalarynyň ikisi bilen ykrar edilen Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu parasatly syýasaty parahatçylyk söýüjiligiň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň, bütin dünýäde howpsuzlygy pugtalandyrmagyň syýasaty bolany üçin adamzat jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Şol bir wagtda Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk derejesi türkmen halkynyň parahat, asuda durmuşda ýaşamagynyň we zähmet çekmeginiň ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär.
Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiziň BMG, onuň düzüm birlikleri, beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýylsaýyn işjeň häsiýete eýe bolýar. Dünýäniň dürli döwletleri bilen deň hukukly we özara bähbitli söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga esaslanýan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Daşary syýasatda oňyn Bitaraplygyň ýol-ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlaram dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Eziz Watanymyzyň halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Ýokarda ýatlanymyza bir mysaly agzap geçeliň. BGM-niň Bas Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2025-nji ýyl— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” atly Kararnamanyň kabul edilmegi halkara derejesinde möhüm waka boldy. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzyň Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakdaky, özara bähbitli hyzmatdaşlygy we halklaryň arasyndaky dost-doganlygy ösdürmekdäki tagallalarynyň uly goldaw tapýandygyny äşgär edýär.
Arslan ÇARYÝEW.
Türkmenistanyň “Türkmenistan” DTB-niň
Pendi şahamçasynyň esasy hünärmeni,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.