The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Bu taryhy hakykat hormatly Prezidentimiziň: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ynsanperwer şygaryndan ugur alnyp durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynda äşgär görünýär.
Täze taryhy döwrüň beýikligini, şan-şöhratyny we döwletlilik ýörelgelerimiziň belent dabaralanmasyny alamatlandyran umumymilli forumyň dowamynda kabul edilen taryhy çözgütler, ýurduň röwşen geljegi üçin öňde goýlan möhüm wezipeler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watan bilen ezeli bagry badaşan halkyň ykbalynyň galkynýandygyndan, döwletimiziň binýadynyň berkeýändiginden alamatdyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde eden taryhy çykyşyndaky: «Abadançylygyň, bagtyýarlygyň, gülläp ösüşiň hatyrasyna döwlet adama, adam bolsa döwlete gulluk edýär» diýen ajaýyp sözlerinde täze taryhy döwrüň öňe sürýän syýasatyndaky durmuş pelsepesi öz beýanyny tapýar. Çünki her bir döwletiň ösüş görkezijileri, ykdysady-syýasy kuwwaty onuň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesinden, jemi içerki önümiň ösüşinden hem-de ýurt abadançylygyndan ugur alnyp kesgitlenilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygarynyň düýp özeninde halkyň bagtyýar durmuşy, ýurt abadançylygy ýaly ynsanperwer ýörelgeler şöhlelenýär. Ýurduň durnukly ykdysady ösüşi ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Şonuň ýaly-da, halkyň durmuş hal-ýagdaýynyň, raýatlaryň iş bilen üpjünçiliginiň, zähmet öndürijiliginiň görkezijileriniň ýokarlanmagy, ilatyň durmuş we maliýe taýdan gurplanmagy, maliýe salgyt ulgamynyň sazlaşykly işlemegi hem ýurduň ykdysady binýatlarynyň berkemegine getirýär.
Bu möhüm wezipeler ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de ösdürmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda ugur görkeziji çelgi bolup hyzmat edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzy röwşen geljege alyp barýan bu arzyly menzilde Gahryman Arkadagymyzyň: «Watan mukaddesdir, onuň hatyrasyna ýerine ýetirilýän işler hem mukaddesdir. Şoňa görä-de, berkarar döwletimiziň abraý-mertebesine, bedew batly ösüşine dahylly her bir işe ýürekden ýapyşmalydyrys. Bilelikde yhlasly zähmet çekip, eziz Diýarymyzy has-da beýgeltjek tutumly işleri amala aşyrmalydyrys» diýen ganatly jümleleri merdana halkymyzy jebislige, beýik işlere ruhlandyrýar.
Rasul SADULLAÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.