The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

21.11.2024

MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ ZENANLARYNYŇ DIALOGY

 

Dünýä jemgyýetçiligi Türkmenistanyň daşary syýasatyna ýokary baha berýär. Bu bolsa biziň döwletimize hyzmatdaşlary bilen netijeli, peýdaly gepleşikleri işjeňleşdirmäge mümkinçilik berýär. 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy 2020-nji ýylyň dekabr aýynda sebitde zenanlary goldamak, syýasy, ykdysady we durmuş ornuny ýokarlandyrmak maksady bilen döredildi. 

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen 2021-nji ýylyň awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ilkinji gezek Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň üstünlikli geçmegi ýurdumyzda zenanlara goýulýan belent sarpanyň aýdyň beýany boldy. 

Ýeri gelende bellesek, 2022-nji ýylda ýurdumyzyň Zenanlaryň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde bu düzümiň Düzgünnamasy taýýarlanyldy we kabul edildi. 

Şeýle üstünlikleriň hatarynda Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) ministrler derejesindäki 22-nji maslahatynyň çäklerinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşine gender deňligini ilerletmek boýunça alyp barýan işleri üçin Aziýa ösüş bankynyň «CAREC» maksatnamasynyň medalynyň we degişli güwänamasynyň gowşurylandygyny hem nygtamak diýseň ýakymly. 

2020-nji ýylda Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň wekilleri tarapyndan BMG-niň goldamagynda döredilen Zenanlaryň dialogy Merkezi Aziýanyň taryhynda şeýle görnüşdäki ilkinji düzüm bolup, sebitde gender deňligini üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň has netijeli bolmagyna uly itergi berýär. 

2024-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň jemleýji maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar onuň çäginde guralan «EKSPO — zenan telekeçiligi 2024» sergisi bilen tanyşdylar. 

Dialogyň «Merkezi Aziýa sebit ýurtlarynda innowator zenanlar durmuş-ykdysady ösüşiň tizlendirijisi hökmünde» atly maslahatynyň dowamynda zenanlaryň başlangyçlaryna we telekeçiligine goldaw bermek boýunça milli tejribeler barada çykyşlar diňlenildi. Şeýle hem maslahatyň dowamynda 2024-nji ýylda Dialoga Gyrgyz Respublikasynyň başlyklyk etmeginiň dowamynda alnyp barlan işler we öňde durýan wezipeler barada maslahatlaşmalar boldy. 

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ýurdumyzda zenanlaryň dürli ugurlarda döredijilikli zähmet çekmekleri we täzeçil başlangyçlaryny amala aşyrmaklary üçin döredilýän döwrebap mümkinçilikler barada çykyş etdiler. 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň jemleýji resminamasy kabul edildi. Onda şu ýylyň dowamynda Gyrgyz Respublikasynyň başlyklyk etmeginde ýerine ýetirilen ähli çäreler görkezildi we özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary kesgitlenildi hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen syýasaty amala aşyrýandygy tassyklanyldy. Mejlise gatnaşyjylar Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogyna goldaw berýändikleri üçin sebitiň döwletleriniň Baştutanlaryna hoşallyk bildirdiler. Maslahata gatnaşyjylar 2025-nji ýylda Dialoga Täjigistan Respublikasynyň başlyklyk etmegini we jemleýji resminamada bellenilen wezipeleriň geljekde durmuşa geçirilmeginde meýilnamalaýyn işleriň alnyp barylmagyny goldadylar. 

Ýurdumyzda gender syýasatynyň üstünlikli alnyp barylmagy üçin döwrebap mümkinçilikleri döredýän döwlet Baştutanymyzyň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak, işleri rowaç bolsun. 

 

Enejan ATAÝEWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, 

Halkara we parlamentara aragatnaşyklar 

baradaky komitetiniň agzasy