The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegi nazarlaýan özgertmeleriň baş maksady halkymyzyň hal-ýagdaýyny, ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda ähli ulgamlarda uly üstünlikler gazanylýar.
Gurmagyň we döretmegiň ýolunda ynamly öňe barýan ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli gurluşyklar milli ykdysadyýetiň ösýändigini alamatlandyrýar. Sanly çemeleşmeleriň giň gerimi bilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy, paýtagtymyzyň «Gurtly» ýaşaýyş toplumynda dowam edýän gurluşyk işleri, ýurdumyzyň sebitlerinde gurulýan dürli önümçilik we durmuş maksatly desgalar Diýarymyzyň gurluşyk meýdançasyna öwrülendigine şaýatlyk edýär. Gurulýan desgalaryňdyr binalaryň uly böleginiň durmuş maksatly bolmagy ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň ileri tutulýandygyny görkezýär.
Häzirki döwürde döwletiň ykdysady kuwwaty onuň senagatlaşmak derejesi bilen ölçenilýär. Senagatlaşmak önümçilige täze tehnologiýalary ornaşdyrmaga, içerki we daşarky bazarlarda sarp edijileriň barha artýan isleglerini kanagatlandyrýan köpgörnüşli hyzmatlaryň we önümleriň önümçiligini alyp barmaga gönükdirilendir. Ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegi ýurdumyzyň dünýä bazarynda tutýan ornunyň ygtybarlylygyny kepillendirýär. Şu ýylyň on aýynda senagat pudagynda 2,5 göterime barabar ösüş gazanyldy. Bu bolsa ykdysadyýeti senagatlaşdyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň rowaçlanýandygyny görkezýär.
Ýurdumyzda önümçilik ugurly maýa goýumlaryň möçberlerini we netijeliligini artdyrmaga uly üns berilýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýokary öndürijilikli hem-de innowasiýalara esaslanýan senagat kärhanalarynyň döredilmegine, aragatnaşyk we ulag üstaşyr düzümleriniň ösdürilmegine, ýurdumyzyň eksport kuwwatynyň artdyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Şol taslamalary durmuşa geçirmekde ýurdumyz halkara maliýe düzümleri bilen netijeli we özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär. Türkmenistan esasy önümçilik kuwwatlyklarynyň tehnologiýa taýdan döwrebaplaşdyrylmagyna düýpli maýa goýumlary çekýär. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulyşmagyna hem-de bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan— Hindistan gaz geçirijisiniň, Aşgabat—Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik bekediniň hem-de önümçilik we durmuş maksatly beýleki iri desgalaryň taslamalary ozal bar bolan düzümleriň üstüni ýetirýär.
Eziz Watanymyzyň bedew batly ösüşleri biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurulýan beýik binalar, täze-täze desgalar, ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi her bir raýaty döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň
başlygynyň orunbasary, Mejlisiň deputaty