The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

30.11.2024

SAGDYN JEMGYÝET — BERKARAR DÖWLET

 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň asyl­ly baş­lan­gyç­la­ry esasyn­da sagdyn­ly­gyň we ru­hu­be­lent­li­giň ýur­du­na öw­rülen Wa­ta­ny­myz­da hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tutan­ly­gyn­da Olim­pi­ýa he­re­ke­ti­ni, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty ös­dür­mek, jem­gy­ýe­ti­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek ug­run­da giň ge­rim­li iş­ler dur­mu­şa geçi­ril­ýär. Raýatlaryň sag­dyn­ly­gy ýur­duň we jem­gy­ýe­tiň ösü­şi­niň wa­jyp şer­ti­dir. Türk­me­nis­tan­da bu ul­ga­myň ka­nun­çy­lyk we mad­dy-en­jam­la­ýyn binýa­dy­ny pug­talan­dyr­mak ba­bat­da uly ta­gal­la­lar edil­ýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň sport ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga çekmek, bedenterbiýe-sagaldyş hereketi arkaly sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak ýaly asylly maksatlardan gelip çykýan wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanuny raýatlaryň sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmäge gönükdirilip, bedenterbiýe we sport babatda esasy ýörelgeleri kesgitleýär, jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär hemde işiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny belleýär. Kanunyň 4-nji maddasyna laýyklykda, döwletimiziň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, bedenterbiýe we sport guramalaryny döretmäge, şol guramalara we aýry-aýry şahslara hyzmatlary etmek boýunça telekeçilik işi bilen meşgullanmaga, bedenterbiýe-sport we ugurdaş harytlary öndürmäge, mahabat işinde bedenterbiýäniň we sportuň mümkinçiliklerinden peýdalanmaga, döwlet we hususy sport desgalaryndan peýdalanmaga, bedenterbiýe-sagaldyş we sport ugurly jemgyýetçilik birleşiklerine girmäge hukuklary bardyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga bolan hukugy döwlet tarapyndan ony durmuşa geçirmek üçin zerur şertleri döretmek, bedenterbiýe we sport babatda döwlet syýasatyny alyp barmak arkaly üpjün edilýär. 

Döwlet tarapyndan döredilýän mümkinçilikleriň netijesinde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanýan ildeşlerimiziň sany barha artýar. Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabatda, Arkadag şäherinde we ýurdumyzyň welaýatlarynda dürli ýaşdaky adamlaryň bedenterbiýe hem-de sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri özünde jemleýän döwrebap düzümler hereket edýär. Şanly senelerdir baýramçylyklar mynasybetli guralýan köpçülikleýin sport çärelerine müňlerçe ildeşlerimiz gatnaşýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Bütindünýä saglyk güni, Bütindünýä welosiped güni, halkara ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlerimizi sarpalamak dabaralary mynasybetli guralan köpçülikleýin çäreler bu hakykatyň aýdyň tassyknamasyna öwrüldi. Munuň özi döwletimiziň alyp barýan sport syýasatynyň halkymyzda gyzgyn goldawa eýe bolýandygyny tassyklaýar. 

Bedenterbiýäni we sporty ösdürip, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar edýän, şu günki we geljekki nesilleriň abadan durmuşy hakynda ýadawsyz aladalanýan hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! 

 

Perman SAPAROW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty 

baradaky komitetiniň baş hünärmeni.