The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Güneşli Diýarymyzda durnukly ösüşi üpjün etmek üçin howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirleriniň netijelerini peseltmek maksadyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmak, zyňyndy gazlaryň mukdaryny azaltmak ýaly işler döwlet derejesinde durmuşa geçirilýär.
2023-nji ýylyň dekabrynda Dubaý şäherinde geçirilen (COP28), BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjylaryň 28-nji maslahatynda Türkmenistan döwletimiz Global metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan yglan etdi. Şeýlelikde, ata Watanymyzda 2030-njy ýylda parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň derejesini azaltmak meýilleşdirildi. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň çäklerinde ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda emele gelýän parnik gazlarynyň, esasan hem, metan zyňyndy gazlarynyň möçberlerini yzygiderli azaltmak ugrunda durmuşa geçirilýän işleriň netijeliligine gözegçiligi güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasynda Metan zyňyndy gazlaryny azaltmak boýunça Türkmenistanyň pudagara topary hem döredildi.
Türkmenistan bu ugurda ähli gyzyklanma bildirýän taraplar, şol sanda BMG, Ýewropa Bileleşigi, Germaniýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Jemgyýeti, ABŞ-nyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) bilen halkara hyzmatdaşlyk etmek boýunça işleri alyp barýar.
Milli hem-de ählumumy derejede ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek maksady bilen, ýurdumyzda Milli tokaý maksatnamasy toplumlaýyn we uzak möhletleýin üstünlikli durmuşa geçirilýär. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýalar ulgamynyň okgunly ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň döremegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň we tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar.
2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheriniň birinji tapgyry gurlup, ulanylmaga berildi. Täze şäher öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk we «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasydyr. Bu ýerde ekologiýa howpsuzlygy ýaly, möhüm ugra aýratyn üns berilýär. Arkadag şäherine «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky güwänamanyň berilmegi bu ulgamda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändigine şaýatlyk edýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzda täze gurlup, ulanmaga berilýän ýa-da durky täzelenýän senagat we dürli maksatly desgalar Halkara standartlaşdyryş guramasy (ISO) tarapyndan ekologiýa talaplaryna laýyklykda sertifikatlara mynasyp bolýarlar.
Şu ýylyň 27–28-nji noýabrynda merjen paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýyldyz» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda «ÝHHG-niň çäginden parlament diplomatiýasy: dialog – abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahatynyň geçirilmegi ýurdumyzda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ekologiýa abadançylygy ugrunda hem ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsine öwrüldi.
Maslahatda çykyş eden daşary ýurtly hünärmenlerdir bilermenleriň Türkmenistanda tebigaty goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak we geljekki nesillere ýetirmek babatda alnyp barylýan işleriň dünýä nusgalykdygyny bellemekleri bizde ýakymly duýgulary döretdi.
Ylaýta-da, bu ugurda hormatly Prezidentimiziň kabul edýän degişli Kararlaryna laýyklykda, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzy has-da baýlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanda 2024-nji ýylda saýaly, pürli, miweli baglaryň 3 million düýp nahalynyň oturdylandygyny bellemek has buýsançlydyr.
Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagy yzygiderli ösdürilýär we onuň eksport mümkinçilikleri pugtalandyrylýar. Pudaga döwrebap tehnologiýalaryň, ylmyň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýetiň berilýändigini bellemek gerek. Şunda ugurdaş halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyga uly orun degişlidir. BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasy bilen bilelikde ýurdumyzyň bu möhüm pudagynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatda birnäçe taslamalar durmuşa geçirildi. Ekologiýa abadançylygy azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň aýrylmaz bölegidir. Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda milli derejede ornaşdyran Türkmenistan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. Häzirki döwrüň möhüm talaby bolan «ýaşyl» ykdysadyýet konsepsiýasynyň oba hojalyk pudagyna ornaşdyrylmagy durnukly ösüşi we ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berýär.
Türkmenistan sebit we ählumumy gün tertibiniň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşmakda, olaryň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Bu abraýly gurama bilen hyzmatdaşlyk, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biridir.
Biziň ýurdumyz gojaman Hazarda netijeli döwletara we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ugurdaş şertnama hukuk binýadyny pugtalandyrmaga saldamly goşant goşýar. Bu babatda Türkmenistan tarapyndan «Hazar ekologik başlangyjy» hem öňe sürüldi. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biodürlüligi gorap saklamak, emele gelen ekologiýa meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara meýdança bolup hyzmat edýär.
Häzirki döwürde Türkmenistanda BMG-niň Daşky gurşawy goramak babatda ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýurdumyzyň parlament hem-de pudaklaýyn dolandyryş edara-kärhanalarynyň wekilleriniň arasynda sebitleýin taslamalar, okuw maslahatlary we duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Bu bolsa, howanyň üýtgemegi bilen bagly meselelere ýurdumyzda Döwlet derejesinde we parlament derejesinde ähmiýet berilýändigini görkezýär.
«Döwlet adam üçindir!», «Watan – halky bilen Watandyr, Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlary baş ýörelge edinen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli amala aşyrýan beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Serdar GAÝYPOW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy
goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat
toplumy baradaky komitetiniň başlygy.