The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Türkmenistanyň üstünlikli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasaty dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen iki taraplaýyn we köp taraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegini üpjün edýär. Ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, bu ugurda halkara resminamalara goşulyşmaga we şertnamalaýyn hukuk binýadynyň berkidilmegine uly üns berýär.
Türkmenistan ählumumy abadançylygyň we howpsuzlygyň berkidilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolan «Dialog — parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny öňe sürmek bilen, şunda parlament diplomatiýasyna möhüm gural hökmünde garaýar. Daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda gatnaşyklary ýola goýmak, halkara parlamentara guramalaryň we assambleýalaryň işine gatnaşmak, dostluk toparlaryny döretmek, bilelikdäki çäreleri guramak arkaly diplomatiýanyň bu görnüşini işjeň durmuşa geçirýär. Parlamentara gatnaşyklar kanun çykaryjylyk we parlament işlerinde tejribe alyşmaga, ýurtlaryň dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek mümkinçilikleri bilen tanyşmaga ýardam edýär. Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda, halkara guramalaryň, Ýewropa hem-de Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament wekilleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda geçirilen «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly maslahat hem bu babatda möhüm ähmiýete eýe boldy. Parlamentara forum ýurdumyzyň dünýä döwletlerini dialoga, ählumumy abadançylyga, durnukly ösüşe çagyrýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini ýene bir gezek giňden açyp görkezdi.
Türkmen döwletiniň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerine esaslanyp, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy pugtalandyrmak, dürli milli aýratynlykly we syýasy garaýyşly halklaryň hem-de döwletleriň arasynda deňhukukly, özara hormat goýmak ýagdaýyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda edýän köpugurly tagallalaryna dünýä jemgyýetçiligi ýokary baha berýär. Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň binýadynda parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi hem Türkmenistanyň hoşniýetli syýasatynyň dabaralanýandygynyň aýdyň güwäsidir.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasy dünýäniň ähli döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmegini, parahatçylygyň we howpsuzlygyň binýadynyň pugtalandyrylmagyny, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleriniň döredilmegini hem-de durmuşa geçirilmegini maksat edinýär. Türkmenistan halkara gatnaşyklarda özara ynanyşmagyň aýratyn ähmiýetini nazara almak bilen, öňüni alyş diplomatiýasynyň we bitaraplygyň mümkinçilikleriniň işjeň peýdalanylmagyny teklip edýär.
Türkmenistanyň dünýä ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň barha ösýän döwründe halkara hukuk we milli kanunçylyk boýunça dünýä tejribesiniň öwrenilmegi, bu ugurda parlamentara gatnaşyklaryň ornunyň güýçlendirilmegi derwaýys bolup durýar. Şuňa görä, Türkmenistan halkara konwensiýalara we ylalaşyklara gatnaşmagyny giňeltmäge, goşulan halkara resminamalarynyň kadalaryny milli kanunçylyga ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berýär.
Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň parahatçylyk döredijilik tagallalarynda bitarap ýurtlara guramanyň esasy hyzmatdaşy hukuk derejesini bermek, sebit howpsuzlygyny we durnuklylygyny berkitmek bilen baglanyşykly teklipleri öňe sürdi. Türkmen döwletiniň Durnukly ulag birikmesiniň ählumumy atlasyny hem-de Ählumumy energetika howpsuzlygy we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlygyň bileleşigini döretmek ýaly köp sanly başlangyçlary ählumumy bähbitlere laýyk gelmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny ýerine ýetirmäge, ekologiýa, azyk howpsuzlygy babatda çylşyrymly ýagdaýlary aradan aýyrmaga, halklaryň energiýa çeşmelerine, arassa suwa, howa elýeterliliginiň deňhukukly, adalatly we ygtybarly ýollaryny döretmäge esaslanýar.
Ýurdumyzda BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirligi bilen yzygiderli we netijeli hyzmatdaşlykda «Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli durmuşa geçirildi. Amala aşyrylan işleriň çäklerinde bu ugurda hereket edýän milli kanunçylyk kämilleşdirildi. Ýurdumyzda ýaşaýan we şol bir wagtyň özünde raýatlygy bolmadyk 32 müňden gowrak adam Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi, daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň 5 müňden gowragyna Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnama berildi. BMG-niň Bosgunlaryň statusy hakynda, Apatridleriň statusy hakynda, Raýatsyzlygy azaltmak hakynda Konwensiýalary doly we üstünlikli berjaý edilýän ýurdumyzda dünýäde ilkinjileriň hatarynda raýatsyzlygyň soňuna çykyldy.
Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Bu şygar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biragyzdan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy bilen hem ajaýyp sazlaşygy döredýär. Bu şanly sene ýurdumyzyň täze taryhyna şöhratly sahypa bolup ýazylar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň depginli ösüşlerini üpjün etmek, halkara at-abraýyny has-da belende galdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak ugrunda uly tagallalary edýän Milli Liderimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!
Maksat KULYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara
we parlamentara aragatnaşyklar
baradaky komitetiniň başlygy.