Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Ýurdumyzda ýaş türkmenistanlylaryň sagdyn ösmegi hem-de kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklary üçin ähli amatly şertler döredilýär. Ýurdumyzyň syýasyjemgyýetçilik durmuşyna dahylly möhüm meselelerde uly işjeňlik görkezýän türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň ösüşine, dürli ugurlarda gazanýan üstünliklerine öz goşantlaryny goşmagy wajyp hasaplaýarlar. Olaryň öňünde ähli gujur-gaýratyny, bilimlerini we başarnyklaryny ulanmak arkaly täze taryhy eýýamda başy başlanan ägirt uly özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmek, öňde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen uzak möhletleýin maksatnamalary, geljegi uly taslamalary, meýilnamalary durmuşa geçirmek wezipeleri durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde, öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde ýaşlara, hususanda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna aýratyn orun degişlidir.
1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy häzirki wagta çenli öz wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirip gelýär. Gurama ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmakda, olaryň döredijilige, sungata, ylma, sporta bolan ukyplaryny ýüze çykarmakda hem netijeli işleri durmuşa geçirýär.
Gurama indi 33 ýyldan bäri öz agzalaryny jebisleşdirmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirip, olaryň ukyp-başarnyklaryny, bilimlerini Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy yzygiderli ösdürmäge gönükdirýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli şertleri döretmek, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň neslini kemala getirmek, ýaş nesilde halallyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýörelgelerini terbiýelemek guramanyň belent borjy we baş maksadydyr.
Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyny durmuşa geçirmek, guramanyň agzalarynyň öňdebaryjy tejribelerini, endiklerini we bilimlerini Türkmenistanda ýaýratmak we tejribe alyşmak, ýaş nesliň ahlak taýdan arassa, ruhy taýdan sagdyn bolmagyny gazanmak, medeni, aň-bilim, ylmy-barlag, döredijilik we neşir işleriniň amala aşyrylyşyna we ösdürilişine ýardam bermek, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz nesihat etmek, öz maglumat we enjamlaýyn gaznalaryny ösdürmek, şol gaznalara guramanyň agzalarynyň elýeterliligini üpjün etmek, milli we halkara ylmy-maslahatlary, simpoziumlary, forumlary, sergileri we duşuşyklary gurnamak guramanyň tertipnamalaýyn maksatlaryny ýerine ýetirmek üçin esasy wezipeleriň hatarynda durýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatly edep-terbiýe, durmuş-mekdebiniň ähli ynsana mahsus gelýän ýörelgeleriniň manysy örän çuňdur. Oňa näçe içgin aralaşdygyňça, bu ýörelgeleriň adamzadyň geljegi babatda alnanda hem gymmatynyň artýandygyny duýmak bolýar» diýip belleýär. Şu jähetden, biz döwrebap ylym-bilimlerden çuňňur baş çykarýan, ýokary ahlakly nesilleri terbiýelejek bolsak, onda «Atalaryň ýoly—altyn ýol, ony söýen Watany söýer» diýlişi ýaly, ilkinji nobatda, pederlerimiziň miras goýan gymmatly ýörelgelerine daýanmaly. Bu babatda alym Arkadagymyzyň hem-de «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent taglymatlaryny, durmuş ýörelgelerini özümize nusga edinýäris.
Şunuň bilen birlikde, ýaşlarymyzyň şahsy jemgyýetçilik başlangyçlaryny, edebiýat we sungat, ylym bilen meşgullanmagyny höweslendirmäge, olaryň jemgyýetçilik birleşmelerine işjeň gatnaşmagyny üpjün etmäge, giň gözýetimli, ösen tehnologiýalardan oňat baş çykarýan hünärmenleriň täze neslini kemala getirmäge aýratyn ähmiýet berýäris. Şu jähetden, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Talyp gözeli – 2024» atly gözellik bäsleşiginiň, kiçi ýaşly okuwçy gyzjagazlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz–2024» atly şadyýan bäsleşiginiň, ýokary okuw mekdepleriniň çeper höwesjeň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy», «Talyp joşguny–2024» atly döredijilik festiwallarynyň, talyp ýigitleriň arasynda yglan edilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň,«Nesil» gazetiniň redaksiýasy bilen bilelikde her ýylda yglan edilýän «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly bäsleşiginiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilendigini bellemek bolar.
Bulardan başga-da, edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde üstünlik gazanyp, ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatyny, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleri wagyz nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygy hemde işjeňligi bilen tapawutlanan ýaşlar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy bilen sylaglanýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen kemala gelýän täze nesil bu keremli Diýaryň parlak geljeginiň mizemez binýady, nurana ertirleriň ak daňydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda: «Ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, halkymyzyň belent maksatlara ýugrulan nurana geljegidir. Ýaşlar türkmen halkynyň döwletlilik ýol ýörelgesiniň mizemez mertebesidir, baky dowamatydyr» diýlip, aýratyn nygtalýar.
Häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça köptaraplaýyn gepleşikleri ösdürmekde giň gözýetimli, uly durmuş mümkinçiligine we dünýägaraýşa eýe, täzeçe pikirlenmäge ukyply ýaşlara aýratyn orun berilýär. Hormatly Prezidentimiz: «Hemmetaraplaýyn bilimli, beden, ruhy taýdan sagdyn, ynsanperwer gymmatlyklara, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna ygrarly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde, olary döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň çekmekde ýaşlar guramalarynyň ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berilmelidir» diýip nygtaýar. Dogrudan-da, ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlarynyň halkara guramalaryň, forumlaryň, ylmy maslahatlaryň we festiwallaryň işine işjeň gatnaşmaklary özara dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ähmiýetlidir.
Şoňa görä-de, bu babatda alnyp barylýan işlere ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramamyzyň hünärmenleridir işjeň agzalary yzygiderli gatnaşýarlar. Şu ýylda hem «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 — 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasyna» laýyklykda, guramamyzyň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynda, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda, Türkiýe, Hindistan, Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyz Respublikalarynda, Russiýa Federasiýasynda iş saparlarynda bolmak bilen, dürli duşuşyklara, maslahatlara, festiwallara gatnaşdylar, özara tejribe alyşdylar. Munuň özi Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döredijilik başlangyçlaryny halkara derejede ählitaraplaýyn giňeltmäge ähmiýet berilýändigini bütin aýdyňlygy bilen subut edýär.
Umuman, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bagtyýar ýaşlary hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän her bir başlangyjyny tüýs ýürekden goldap, özleriniň halal zähmetleri bilen ýurdumyzyň ösüşlerine goşantlaryny goşýarlar. Bu türkmen ýaşlarynyň dürli ugurlar boýunça gazanýan üstünlikleriniň, ýetýän belent sepgitleriniň mysalynda hem aýdyň görünýär. Bagtyýar ýaşlarymyz türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde türkmen ýaşlary bilen geçiren umumy sapagyndaky taryhy çykyşyndaky: «Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen, öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» diýen ganatly jümlelerini ýörelge edinip, Watanymyzy gülledip ösdürjek kämil şahsyýetler bolup kemala gelýärler.
Ýazpolat KERIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň
başlygy, Mejlisiň deputaty.