The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

09.12.2024

WATANYMYZYŇ GELJEGI ÝAŞLAR BILENDIR

 

Ýur­du­myz­da ýaş türk­me­nis­tanly­la­ryň sag­dyn ös­me­gi hem-­de kämil şah­sy­ýet hök­mün­de ke­ma­la gel­me­gi, aň-­paý­has, dö­re­di­ji­lik, ru­hy müm­kinçi­lik­le­ri­ni do­ly de­re­je­de dur­mu­şa geçir­mek­le­ri, ýur­du­my­zyň jem­gy­ýet­çilik­-sy­ýa­sy, dur­muş­-yk­dy­sa­dy, me­de­ni dur­mu­şy­na iş­jeň gatnaş­mak­la­ry üçin äh­li amat­ly şert­ler dö­re­dil­ýär. Ýurdu­my­zyň sy­ýa­sy­jem­gy­ýet­çi­lik durmu­şy­na da­hyl­ly mö­hüm me­se­le­ler­de uly iş­jeň­lik görkez­ýän türk­men ýaşla­ry ata Wa­ta­ny­my­zyň ösü­şi­ne, dür­li ugur­lar­da ga­zan­ýan üs­tün­lik­le­ri­ne öz go­şant­la­ry­ny goş­ma­gy wa­jyp ha­sap­laýar­lar. Ola­ryň öňün­de äh­li gu­jur­-gaýra­ty­ny, bi­lim­le­ri­ni we ba­şar­nyk­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly tä­ze ta­ry­hy eý­ýam­da ba­şy baş­la­nan ägirt uly özgertmeleri üs­tün­lik­li do­wam et­dir­mek, öň­de goýlan we­zi­pe­le­ri ne­ti­je­li çöz­mek, Wa­tany­my­zyň mun­dan beý­läk-­de gül­läp ös­me­gi­ne gönükdirilen uzak möhlet­le­ýin mak­sat­na­ma­la­ry, gel­je­gi uly tas­la­ma­la­ry, me­ýil­na­ma­la­ry dur­mu­şa ge­çir­mek we­zi­pe­le­ri dur­ýar. Bu wezi­pe­le­ri durmu­şa ge­çir­mek­de, öň­de goý­lan be­ýik mak­sat­la­ra ýet­mek­de ýaş­la­ra, hu­su­san­da, Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­rama­sy­na aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. 

1991-­nji­ ýy­lyň­ 16-­njy­ no­ýab­ryn­da dö­re­di­len­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Magtymgu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaş­lar­ gu­ra­ma­sy­ häzir­ki ­wag­ta­ çen­li­ öz­ wezipele­ri­ni­ üstün­lik­li ­ýe­ri­ne­ ýe­ti­rip­ gel­ýär.­ Gu­ra­ma ýaş­la­ryň­ jemgyýetçi­lik­-sy­ýa­sy­ iş­jeňli­gi­ni­ ýo­kar­lan­dyr­mak­da,­ ola­ryň­ döre­di­ji­li­ge, sun­ga­ta, ­yl­ma,­ spor­ta­ bo­lan ukyp­la­ry­ny­ ýü­ze­ çy­kar­mak­da­ hem ne­ti­je­li işleri­ dur­mu­şa ­ge­çir­ýär.

Gu­ra­ma in­di 33 ýyl­dan bä­ri öz ag­za­la­ry­ny jebisleş­dir­mek bo­ýun­ça we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­rip, ola­ryň ukyp-­ba­şar­nyk­la­ry­ny, bilimleri­ni Ga­raş­syz, Bi­ta­rap Wa­ta­ny­my­zy yzy­gi­der­li ös­dür­mä­ge gönükdir­ýär. Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň bel­leý­şi ýa­ly, ýaş­la­ry wa­tan­çy­lyk ruhun­da ter­bi­ýe­le­mek, ola­ryň ýo­ka­ry hil­li bilim al­ma­gy, döre­di­ji­lik we sport bi­len meş­gul­lan­ma­gy, ukyp­-başarnyk­la­ry­ny do­ly ýü­ze çy­kar­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­ret­mek, giň göz­ýe­tim­li, ösen tehnolo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çykar­ýan hü­när­men­le­riň nes­li­ni ke­ma­la getir­mek, ýaş ne­sil­de ha­lal­lyk, maş­gala gym­mat­lyk­la­ry­na yg­rar­ly­lyk ýörelge­le­ri­ni ter­bi­ýe­le­mek gu­ra­ma­nyň belent bor­jy we baş mak­sa­dy­dyr. 

Şu­nuň­ bi­len­ bag­ly­lyk­da,­ «Türkme­nis­tan­da­ ýaş­lar­ ba­ra­da­ky­ döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň­ 2021­ –­ 2025-­nji­ ýyl­lar üçin­ Döw­let­ maksatnamasyny»­ we ony­ ama­la­ aşyr­mak­ bo­ýun­ça­ ýe­ri­ne ýe­tir­me­li­ çäre­le­riň­ me­ýil­na­ma­sy­ny dur­mu­şa­ ge­çir­mek,­ gu­ra­ma­nyň­ agza­la­ry­nyň­ öň­de­ba­ry­jy­ tej­ri­be­le­ri­ni,­ endik­le­ri­ni­ we­ bi­lim­le­ri­ni­ Türk­me­nistan­da ýaýrat­mak­ we ­tej­ri­be­ alyşmak,­ ýaş­ nes­liň­ ah­lak­ taý­dan­ aras­sa,­ ru­hy taýdan­ sag­dyn­ bol­ma­gy­ny­ ga­zanmak,­ me­de­ni,­ aň­-bi­lim,­ yl­my-­bar­lag,­ dö­re­di­ji­lik­ we­ ne­şir­ iş­le­ri­niň­ ama­la aşy­ry­ly­şy­na­ we­ ös­dü­ri­li­şi­ne­ ýar­dam ber­mek,­ ýaş­la­ryň­ ara­syn­da­ sag­dyn dur­muş­ ýö­rel­ge­le­ri­ni­ wa­gyz­ ne­si­hat et­mek,­ öz­ mag­lu­mat­ we­ enjam­la­ýyn gaz­na­la­ry­ny­ ös­dür­mek,­ şol­ gaznalara gu­ra­ma­nyň­ agzalarynyň ­el­ýe­ter­li­li­gini­ üp­jün­ et­mek,­ mil­li­ we hal­ka­ra ­yl­my-maslahat­la­ry,­ sim­po­zi­um­la­ry, ­fo­rumla­ry,­ ser­gi­le­ri­ we­ duşu­şyk­la­ry­ gurna­mak­ gu­ra­ma­nyň­ ter­tip­na­ma­la­ýyn mak­sat­la­ry­ny­ ýe­ri­ne­ ýe­tir­mek­ üçin esa­sy­ we­zi­pe­le­riň ­ha­ta­ryn­da ­dur­ýar. 

Türk­men­ hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri Gah­ry­man­ Ar­ka­da­gy­myz «Ömrümiň ma­ny­sy­nyň­ dowamaty»­ at­ly ­ki­ta­bynda:­ «Ata-­ba­ba­la­ry­my­zyň­ bi­ze­ mi­ras go­ýan­ gymmat­ly­ edep­-ter­bi­ýe,­ durmuş­-mek­de­bi­niň ­äh­li­ ynsana­ mah­sus gel­ýän­ ýö­rel­ge­le­ri­niň­ ma­ny­sy­ örän çuň­dur.­ Oňa­ nä­çe­ içgin­ ara­laş­dygyň­ça,­ bu­ ýö­rel­ge­le­riň­ adam­za­dyň gel­je­gi­ ba­bat­da­ al­nan­da­ hem­ gymma­ty­nyň­ artýan­dy­gy­ny ­duý­mak­ bolýar»­ di­ýip­ bel­le­ýär.­ Şu­ jähet­den,­ biz döw­re­bap­ ylym-­bi­lim­ler­den­ çuň­ňur baş­ çy­kar­ýan,­ ýo­ka­ry ah­lak­ly­ ne­sil­leri­ terbiýele­jek­ bol­sak,­ on­da­ «Ata­la­ryň ýo­ly­—­al­tyn ­ýol,­ ony­ sö­ýen­ Wa­ta­ny sö­ýer»­ diý­li­şi­ ýa­ly, ­il­kin­ji ­no­bat­da,­ peder­le­ri­mi­ziň­ mi­ras­ go­ýan­ gymmatly ýö­rel­ge­le­ri­ne ­da­ýan­ma­ly.­ Bu ­ba­bat­da alym­ Arka­da­gy­my­zyň­ hem-­de­ «Häzir­ki­ wagt­da­ ýaş­la­ra­ «Wa­tan»­ di­ýen be­ýik­ dü­şün­jä­niň­ mukad­des­li­gi­ni dü­şün­dir­mek,­ ony­ gö­züň­ gö­re­ji­ ýa­ly goramagy ­we ýürek­den ­söý­me­gi­ terbi­ýe­le­mek­ örän­ mö­hüm­ we­zi­pe­le­riň bi­ri ­bo­lup durýar» ­diý­ýän­ Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man ­Ser­da­ry­my­zyň ­be­lent­ taglymatlary­ny,­ dur­muş­ ýö­rel­ge­le­ri­ni özü­mi­ze­ nus­ga ­edin­ýä­ris. 

Şu­nuň­ bi­len­ bir­lik­de,­ ýaş­la­ry­myzyň ­şah­sy­ jem­gy­ýet­çi­lik başlangyç­lary­ny,­ edebi­ýat­ we ­sun­gat, ­ylym­ bi­len meş­gul­lan­ma­gy­ny höwes­len­dir­mä­ge,­ ola­ryň­ jem­gy­ýet­çi­lik­ bir­leş­me­le­ri­ne iş­jeň­ gatnaşmagy­ny­ üp­jün­ et­mä­ge,­ giň­ göz­ýe­tim­li,­ ösen­ teh­no­lo­gi­ýa­lardan­ oňat­ baş­ çy­kar­ýan­ hü­när­men­leriň­ tä­ze ­nes­li­ni­ ke­ma­la­ ge­tir­mä­ge­ aýra­tyn­ äh­mi­ýet­ ber­ýä­ris.­ Şu­ jä­het­den,­ «Pä­him-­paý­has­ um­ma­ny­ Mag­tymgu­ly­ Py­ra­gy»­ ýy­lyn­da­ «Ta­lyp­ gö­zeli­ –­ 2024»­ at­ly­ gö­zel­lik­ bäs­le­şi­gi­niň,­ ki­çi­ ýaş­ly ­okuw­çy­ gyz­ja­gaz­la­ryň arasyn­da­ yg­lan ­edi­len­ «Iň­ eý­je­jik­ gyz­jagaz­–­2024» ­at­ly­ şa­dy­ýan­ bäsleşigi­niň,­ ýo­ka­ry­ okuw­ mek­dep­le­ri­niň­ çe­per höwes­jeň­ ta­lyp­ ýaşlarynyň­ ara­synda­ yg­lan­ edi­len­ «Pä­him­-paý­has­ ummany­ Mag­tym­gu­ly­ Py­ra­gy»,­ «Ta­lyp joş­gu­ny­–­2024»­ at­ly ­dö­re­di­ji­lik festiwal­la­ry­nyň,­ ta­lyp ýi­git­le­riň ­ara­syn­da yg­lan­ edi­len­ «Ber­ka­rar döwletiň ­tä­ze eý­ýa­my­nyň bag­ty­ýar­ ger­çek­le­ri» ­at­ly dö­re­di­ji­lik bäsleşiginiň,­«Ne­sil»­ ga­zeti­niň­ redak­si­ýa­sy­ bi­len­ bi­le­lik­de­ her ýyl­da­ yglan­ edil­ýän­ «Ber­ka­rar­ döwle­tiň yl­ham ­joş­gu­ny»­ at­ly­ bäs­le­şi­gi­niň ýoka­ry­ gu­ra­ma­çy­lyk­ de­re­je­sin­de­ geçiri­len­di­gi­ni­ bel­le­mek ­bo­lar.

Bu­lar­dan baş­ga­-da, ede­bi­ýat­da, sun­gat­da, me­de­ni­ýet­de, oba hojalygyn­da, ylym­da, teh­ni­ka­da, sport­da, sag­ly­gy gora­ýyş­da, bi­lim we ter­bi­ýeçi­lik iş­le­rin­de üs­tün­lik ga­za­nyp, ýurdumyzyň içe­ri we da­şa­ry syýa­sa­ty­ny, dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän be­ýik özgert­me­le­ri wa­gyz ­ne­si­hat etmek­de ýo­ka­ry dö­redi­ji­lik ba­şar­ny­gy hem­de iş­jeň­li­gi bi­len tapawutlanan ýaş­lar Türk­me­nis­ta­nyň Ýaş­lar baý­ra­gy bi­len sy­lag­lan­ýar. 

Türk­men­ hal­ky­nyň­ Mil­li­ Li­de­ri Gah­ry­man Arkadagymy­zyň, Arkadag­ly ­Gah­ry­man­ Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­sy­ bi­len­ ke­ma­la­ gel­ýän­ täze­ ne­sil­ bu­ ke­rem­li­ Di­ýa­ryň­ par­lak gel­je­gi­niň­ mi­ze­mez­ bin­ýa­dy,­ nu­rana­ ertir­le­riň­ ak­ da­ňy­dyr.­ Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň­  «Ýaşlar­ –­ Wa­ta­nyň daýan­jy»­ at­ly­ ki­ta­byn­da:­ «Ýaş­lar döw­le­ti­mi­ziň kuwwat­ly ­güý­jü­dir,­ halky­my­zyň ­be­lent­ mak­sat­la­ra ­ýug­ru­lan nu­ra­na gelje­gi­dir.­ Ýaş­lar­ türkmen­ halky­nyň­ döw­let­li­lik­ ýol ­ýö­rel­ge­si­niň mizemez­ mer­te­be­si­dir,­ ba­ky­ do­wama­ty­dyr»­ diý­lip,­ aý­ra­tyn ­nyg­tal­ýar. 

Hä­zir­ki­ döw­rüň­ mö­hüm­ me­se­lele­ri­ bo­ýun­ça­ köp­ta­rap­la­ýyn­ gepleşik­le­ri­ ös­dür­mek­de­ giň­ göz­ýe­tim­li,­ uly­ dur­muş­ müm­kin­çi­li­gi­ne­ we­ dünýägaraýşa­ eýe,­ tä­ze­çe­ pi­kir­len­mä­ge ukyp­ly­ ýaş­la­ra­ aý­ra­tyn­ orun beril­ýär.­ Hor­mat­ly ­Pre­zi­den­ti­miz:­ «Hem­me­tarap­la­ýyn­ bi­lim­li, ­be­den,­ ruhy­ taý­dan sag­dyn,­ yn­san­per­wer­ gym­mat­lykla­ra,­ dost­luk,­ hoş­ni­ýet­li­ goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­na­ yg­rar­ly­ ýaş­la­ry­ terbi­ýe­läp­ ýe­tiş­dir­mek­de,­ ola­ry­ döw­let we­ jem­gy­ýet­çi­lik­ dur­mu­şy­na­ iş­jeň çek­mek­de­ ýaş­lar­ gurama­la­ry­nyň ugry­ bo­ýun­ça­ hal­ka­ra­ hyz­mat­daş­ly­gyň ös­dü­ril­me­gi­ne­ aý­ra­tyn­ üns­ be­ril­meli­dir»­ di­ýip­ nyg­ta­ýar.­ Dog­ru­dan­-da,­ ýur­du­my­zyň­ bag­ty­ýar­ ýaş­la­ry­nyň hal­ka­ra­ gu­ra­ma­la­ryň,­ fo­rum­la­ryň,­ ylmy­ maslahatlaryň­ we­ fes­ti­wal­la­ryň işi­ne­ iş­jeň­ gat­naş­mak­la­ry ­öza­ra ­dostluk gat­na­şyk­la­ry­ny ­pug­ta­lan­dyr­makda­ äh­mi­ýet­li­dir. 

Şo­ňa­ gö­rä-­de,­ bu­ babatda­ al­nyp ba­ryl­ýan­ iş­le­re­ ÝU­NES­KO­-nyň­ Bütin­dün­ýä­ Ýaş­lar­ jemgy­ýe­ti­niň­ res­mi ag­za­sy­ Mag­tym­gu­ly­ adyn­da­ky­ Ýaşlar­ gu­ra­ma­my­zyň­ hü­när­men­le­ri­dir iş­jeň­ ag­za­la­ry­ yzy­gi­der­li­ gatnaşýarlar.­ Şu­ ýyl­da­ hem­ «Türk­me­nis­ta­nyň ýaş­la­ry­nyň­ hal­ka­ra­ hyzmat­daş­lygy­nyň­ 2023­ —­ 2030­-njy­ ýyl­lar­ üçin Stra­te­gi­ýa­sy­na»­ laýyklyk­da,­ gu­rama­my­zyň­ we­kil­le­ri Hytaý ­Halk ­Respub­li­ka­syn­da,­ Ameri­ka­nyň­ Bir­leşen­ Ştat­la­ryn­da,­ Türkiýe,­ Hin­dis­tan,­ Öz­be­gis­tan,­ Gaza­gys­tan,­ Gyr­gyz Res­pub­li­ka­la­ryn­da,­ Rus­si­ýa­ Fe­dera­si­ýa­syn­da­ iş­ sapar­la­ryn­da­ bolmak­ bi­len,­ dür­li­ duşuşyklara,­ masla­hat­la­ra,­ fes­ti­wal­la­ra­ gat­naş­dy­lar,­ öza­ra­ tej­ri­be­ alyşdylar.­ Mu­nuň­ özi Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly­ baş­tu­tan­ly­gyn­da­ ýaş­la­ryň dö­re­di­ji­lik­ başlangyçla­ry­ny­ hal­ka­ra de­re­je­de­ äh­li­ta­rap­la­ýyn­ gi­ňelt­mä­ge äh­mi­ýet­ beril­ýän­di­gi­ni­ bü­tin­ aý­dyňly­gy ­bi­len su­but­ ed­ýär. 

Umu­man,­ Ber­ka­rar­ döw­le­tiň­ täze ­eý­ýa­my­nyň ­Gal­ky­ny­şy döwründe ýur­du­my­zyň­ bag­ty­ýar­ ýaş­la­ry­ hormat­ly­ Pre­zi­den­ti­mi­ziň­ öňe­ sür­ýän her­ bir­ baş­lan­gy­jy­ny­ tüýs­ ýü­rek­den gol­dap,­ öz­le­ri­niň­ ha­lal­ zähmet­leri­ bi­len­ ýur­du­my­zyň­ ösüş­le­ri­ne­ goşant­la­ry­ny­ goş­ýar­lar.­ Bu­ türk­men ýaş­la­ry­nyň­ dür­li­ ugur­lar­ bo­ýun­ça­ gazan­ýan ­üs­tün­lik­le­ri­niň,­ ýetýän ­be­lent sep­git­le­ri­niň­ my­sa­lyn­da­ hem­ aý­dyň gö­rün­ýär. ­Bag­ty­ýar ýaş­la­ry­myz ­türkmen hal­ky­nyň ­Mil­li ­Li­de­ri­ Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň Ar­ka­dag şä­he­ri­niň Ru­hy­ýet köş­gün­de türk­men ýaş­lary bi­len ge­çi­ren umu­my sa­pa­gyn­daky ta­ry­hy çy­ky­şyn­da­ky: «Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň ýo­ly bi­len, öňe, öňe, diňe öňe, jan Wa­ta­nym Türk­me­nis­tan!» di­ýen ganat­ly jüm­le­le­ri­ni ýö­rel­ge edinip, Wa­ta­ny­my­zy gül­le­dip ös­dür­jek kämil şah­sy­ýet­ler bo­lup ke­ma­la gel­ýär­ler. 

 

Ýazpolat KERIÝEW, 

Türk­me­nis­ta­nyň­ Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky 

Ýaşlar­ gu­ra­ma­sy­nyň Mer­ke­zi Ge­ňe­şi­niň 

başlygy, Mejlisiň deputaty.