The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Asly Oguz handan gaýdýan merdana türkmen halkynyň toýdur baýramlary goşa-goşadan gelýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda meniň durmuşymda ýatdan çykmajak şatlykly wakalaryň biri boldy. Has takygy, hormatly Prezidentimiziň şa serpaýyna — Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyna mynasyp bolmak bagty miýesser etdi. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly aladalary netijesinde ujypsyzja zähmetimize, şeýle uly baha berilmegi örän buýsandyrýar. Bu bolsa, gije-gündiz arman-ýadaman halal zähmet çekmäge, ýaşlarymyzy watançylyk we millilik ruhda terbiýelemäge ruhlandyrdy.
Zähmetsöýer halkymyza şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýaryn! Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Maksat JANMYRADOW.
TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300
ýyllygyna» atly ýubileý medalynyň eýesi.