The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Täze taryhy döwrüň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň toý-baýramly günlerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirilip, onda döwletimiziň ösüşini kepillendirýän birnäçe kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanuny bolup, ol giň gerimli özgertmeleri üstünlikli dowam etdirmäge we milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilendir. Ýurdumyzyň baş maliýe resminamasy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Ol döwletimiziň ähli pudaklarynyň we welaýatlarynyň ykdysady ösüşiniň durnukly depgininiň saklanylmagyna, ýurdumyzyň ägirt uly mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegine, döwlet çykdajylarynyň üpjün edilmegine, halkymyzyň durmuş bagtyýarlygynyň berkidilmegine gönükdirilendir.
Maslahatyň dowamynda «Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýa goşulmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy hem ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. BMG-niň 1965-nji ýylyň 8-nji iýulynda kabul eden Deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda Konwensiýasy bu ugurdaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Konwensiýa deňze çykalgasy bolmadyk döwletlere özara ylalaşyk esasynda deňiz portundan peýdalanmaga we deňizde hereket etmäge mümkinçilik berilmelidigini belleýär.
Konwensiýa erkin üstaşyr geçmek, gümrük salgytlary we gaýry ýygymlar, ulaglar, resminamalar, ýükleri wagtlaýyn saklamaga we geçirmäge amatly şertleri we erkin zolaklary, şol sanda gümrük ýeňilliklerini döretmek bilen bagly kadalary özünde jemleýär. Şeýle hem bu resminamada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasyna mümkinçilik döretmekde halkara we milli hukuk kadalary esasynda howpsuzlygy we saglyk ätiýaçlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak ýaly maksatlar bilen degişli çäreleriň geçirilip bilinýändigi görkezilýär.
Ýurdumyzyň bu Konwensiýa goşulmagy, deňze çykalgasy bolmadyk döwletler bilen üstaşyr söwda boýunça halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, sazlaşykly hyzmatdaşlyk etmekde mümkinçilikleri artdyrar, şeýle hem döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna oňyn täsirini ýetirer.
Maslahatyň dowamynda «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň we öňden hereket edýän birnäçe kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy we kabul edildi. Olaryň ählisi döwrüň ösüşi bilen ölçerilip, oňa laýyklykda kämil kadalaryň girizilmegini şertlendirýär. Kabul edilen kanunlaryň ählisi hormatly Prezidentimiziň milli parlamentiň deputatlaryna berýän tabşyryklaryndan hem-de degerli maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanyldy we kabul edildi. Halk köpçüliginiň arasynda kanunlaryň ähmiýetini düşündirmek, wagyz etmek biz — deputatlaryň öňümizde durýan esasy borjumyzdyr. Oňa amal etmekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň töweregine berk jebisleşip, bilimimizi, tejribämizi gaýgyrman, halal hem tutanýerli zähmet çekeris.
Gurbangylyç DURDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.