The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

05.10.2023

SANLY BANK HYZMATLARY

 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň ylmy taýdan esaslandyrylan, täzeçil ýörelgeleri maksat edinýän ykdysady syýasatynyň netijesinde döwletimiz sebitde syýasy durnuklylygy saklamakda we oňa goldaw bermekde, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde daşary ýurtly maliýe we bank edaralarynyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrülýär. Şonuň ýaly-da ýurdumyz tarapyndan Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki halkara maliýe guramalary we bank edaralary bilen netijeli gatnaşyklaryň giňeldilmegine aýratyn üns berilýär.

 Halkara maliýe guramalary we bank edaralary bilen gatnaşyklaryň yzygiderli ýola goýulmagy netijesinde gazanylýan ylalaşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi hünärmenleriň halkara derejesinde iş tejribelerine eýe bolmaklaryna we deňhukukly maliýe gatnaşyklarynyň çuňlaşdyrylmagyna getirýär. Halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekde we umumadamzat ösüşine dahylly meseleleriň oňyn çözgütlerini tapmakda ýurdumyzyň alyp barýan kämil syýasaty dünýä bileleşigi tarapyndan hem gyzgyn goldaw tapýar. 

Häzirkizaman innowasion ösüşiniň kämil sanly önümleri bolan maglumat we aragatnaşyk tehnologiýalarynyň maliýe-bank edaralaryna ornaşdyrylmagy olaryň işiniň döwrebaplaşdyrylmagyna, banklaryň iş gurallarynyň kämilleşmegine, müşderiler bilen aragatnaşyk usullarynyň döwrebaplaşmagyna oňyn şert döredýär. Bazar ykdysadyýetiniň dabaralanýan häzirki şertlerinde bank işini innowasion tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi bank hyzmatlarynyň hilini kesgitleýän täze önümler bank işjeňliginiň esasy görkezijileriniň biri bolup durýar. Ýurdumyzda milli sanly ulgamyň döredilmegi-de, ilkinji nobatda, ilatyň maddy-hal ýagdaýynyň has-da ýokarlanmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Nagt däl görnüşli tölegleriň amala aşyrylmagy bolsa ykjamlylyk we amatlylyk ýaly häsiýetleri özünde jemleýän häzirki zaman amatly we howpsuz gurallary hödürlemäge mümkinçilik berýär. Dünýä ykdysadyýetiniň ösen bäsleşikli bazarynda bank müşderileri bilen gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, täze müşderileriň ünsüni çekmek üçin innowasion tehnologiýalary ulanmak wajyp hasaplanylýar. Şeýle-de ýerine ýetirilýän tölegleriň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen gorag üpjünçiligi has-da kämilleşdirilýär. Ýurdumyzyň bank ulgamlarynda nagt däl hasaplaşyklaryň gerimi giňeldilip, töleg hyzmatlarynyň hili has-da ýokarlandyrylýar. Muňa mysal edip, nagt däl görnüşinde dürli salgytlaryň we ýygymlaryň, ätiýaçlandyryş tölegleriniň, jemagat hyzmatlary we beýleki tölegleriniň sanly ulgam arkaly hasaplaşyklarynyň ýola goýulmagyny bellemek bolar. 

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça çuňňur oýlanyşykly, ylmy taýdan esaslandyrylan Maksatnamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi diňe bir berkarar Watanymyzyň esasy ykdysady görkezijileriniň ýokarlanmagyna, içerki önümleriň artmagyna hem-de bank-maliýe amallarynyň töwekgelçiliksiz gysga möhletlerde ygtybarly geçirilmegine ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, milli ykdysadyýetimizi ähli derejede hil taýdan täze belentliklere çykarmaga mümkinçilik berýär. Çünki sanly ykdysadyýet häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetiniň has möhüm bölegine öwrülmek bilen harytlaryň we hyzmatlaryň önümçiliginiň dolandyrylyşyny döwrebap intellektual tehnologiýalardan peýdalanmak arkaly milli ykdysadyýetleri ösüşler ýolunda kämilleşdirmegiň täze tapgyryny aňladýar. 

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahatlarynyň her birinde bagtyýar watandaşlarymyzyň hukuklaryny goraýan kanunçylyk namalarynyň uly toplumyna seredil ýär. Milli parlamentimiziň ýedinji çagyrylyşynyň ýakynda geçirilen üçünji maslahatynda hem şeýle boldy. Onda «Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem maslahatyň barşynda ýurdumyzyň dostluga we ygtybarlylyga daýanýan daşary syýasatyny ösdürmek, döwlet sylaglary, kazyýet, gümrük kodeksi, puluň kadalaşdyrylmagy we beýleki ugurlar boýunça ozal kabul edilen kanunçylyk namalaryny kämilleşdirmegiň meselelerine seredildi. Bu hukuk resminamalarynyň kabul edilmegi bolsa milli kanunçylygymyzyň kämillik ýolunda täze sahypa öwrüler. 

 

Laçyn HAÝDAROWA, 

Dänew etrabyndaky 22-nji çagalar bakja-bagynyň 

müdiri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty