The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.01.2025

ÝYLLARYMYZ ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

 

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler bagtyýar halkymyzy täze ösüşlere ruhlandyrýar. 

«Pähim-­paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylan 2024­-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy ýokary derejeli dabaralara, taryhy wakalara, giň gerimli çärelere beslendi. Ajaýyp zamanamyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralardyr diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde hem giň gerime eýe boldy. 

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňden öwrenmekde, halk köpçüligine ýetirmekde, halkara derejesinde ylmy esasda açyp görkezmekde uly hyzmatlary bitiren ýurdumyzyň we daşary ýurt raýatlaryny sylaglamak maksady bilen, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň şanyna «Magtymguly» atly uly göwrümli ajaýyp kitap halkymyza gowuşdy. «Magtymguly Pyragy» medeni­-seýilgäh toplumy hem­-de Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi açyldy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu bolsa belli bir şahsyýetiň ömrüni we döredijiligini içgin öwrenmek, medeni mirasyny ebedileşdirmek we geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň milli kanunçykaryjylyk tejribesinde ilkinji gezek kabul edilen Kanundyr. 

Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-­de geljekki nesillere ýetirmekde, ylym, bilim, medeniýet, edebiýat we sungat ugurlaryny ösdürmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda ildeşlerimiziň ençemesi Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medal bilen sylaglandy. 

Türkmenistanyň BMG­-niň çäklerinde sebit we ählumumy derejede hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meseleleri boýunça öňe sürýän netijeli teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolup, möhüm resminamalarda öz beýanyny tapýar. Şolaryň hatarynda 2024­-nji ýylyň 21-­nji martynda BMG-­niň Baş Assambleýasynyň 78-­nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2025-­nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigini bellemek gerek. Bu resminama ýüze çykýan gapma-­garşylyklary parahatçylykly, syýasy-­diplomatik ýollar we usullar arkaly kadalaşdyrmaga, döwletleriň arasynda ynanyşykly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. Bu şygar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň biragyzdan ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy, BMG-­niň döredilmeginiň bolsa 80 ýyllygy bilen gabat gelmegi hem ajaýyp sazlaşygy döredýär. Bu şanly sene ýurdumyzyň täze taryhyna şöhratly sahypa bolup ýazylar. 

Ata Watanymyzyň abraý-mertebesini halkara derejesinde has-­da belende göterip, ýurdumyzy dünýä tanatmakda gije­-gündiz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza we türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza köp sag bolsun aýdýarys. 

 

Muhammetberdi GELDIMÄMMEDOW, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Mejlisiň kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.