Меджлис (Парламент) Туркменистана является представительным органом, осуществляющим законодательную власть
Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi. Bilelikdäki maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy, Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Assambleýa agza ýurtlaryň parlament edaralarynyň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Türkmenistan daşary ýurtlar, şeýle hem halkara guramalar bilen dostlukly, deňhukukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge hem-de giňeltmäge, dünýäniň ykdysady, medeni-ynsanperwer giňişligine deňhukukly goşulmaga, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berjek zerur şertleri döretmäge ygrarlylygyny aýan edýär. Hemişelik Bitarap döwletimiziň parahatçylyk, howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça öňe sürýän başlangyçlary dünýäde uly goldaw tapýar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 1992-nji ýyldan bäri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agzasy bolup durýar. Bu gurama Demirgazyk Amerikadan, Ýewropadan, şeýle-de Merkezi Aziýadan 57 ýurdy özünde birleşdirýär. 1999-njy ýylda Aşgabatda Türkmenistandaky ÝHHG-niň Merkezi resmi taýdan işe başlady. 2021-nji ýyldan bäri bu guramanyň Aşgabatdaky merkeziniň başlygynyň wezipesini ilçi Jon MakGregor ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Mejlisi 2014-nji ýylda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň doly hukukly agzasy bolup, şondan bäri hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri bu guramanyň işine işjeň gatnaşýarlar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog—abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi. Bilelikdäki maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy, Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Assambleýa agza ýurtlaryň parlament edaralarynyň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri, professor - mugallymlar hemde talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahat iki gün dowam edip, üç sany mowzuklaýyn mejlis boýunça geçirildi. Birinji mejlis «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: halkara parahatçylygy we howpsuzlygy saklamak üçin dialog we hyzmatdaşlygyň üsti bilen berk binýady gurmak» ady bilen geçirilip, onda Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň has-da berkidilmegine hem-de ösdürilmegine oňaýly şertleri döredýändigi nygtaldy.
Ikinji mejlis «Geljek nesilleriň abadançylygyny berkitmek üçin howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine we kynçylyklaryna garşy göreşmek» atly mowzukda dowam edip, çykyş edenler Türkmenistanyň goşulyşan Birleşen Milletler Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleri çözmäge itergi berýändigine we döwletimiziň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek barada Birleşen Milletler Guramasynda öňe süren teklibine örän ýokary ähmiýet berdiler. Şeýle-de ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak babatynda kabul edilen kanunlar hem-de olardan gelip çykýan wezipeler dogrusynda çykyşlar edildi.
Maslahatyň üçünji mejlisi «Deň mümkinçilikleri üpjün etmek: abadan geljegi gurmakda ýaşlaryň we nesilleriň raýdaşlygynyň orny» ady bilen geçirildi. Çykyş edenler ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini, esasy ugurlaryny kesgitleýän, şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň ähmiýetini bellediler. Ýurdumyzyň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasatynyň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işi bilen aýrylmaz bagly bolup durýandygy bellenip, ýaşlaryň arasynda duşuşyklaryň, wagyz-nesihat çäreleriniň, okuw sapaklarydyr dürli bäsleşikleriň yzygiderli geçirilýändigi nygtaldy.
Mowzuklaýyn mejlisiň dowamynda ýaşlaryň häzirki döwür bilen geljegi birleşdirýän nesil bolup durýandygy, parlament diplomatiýasynyň nesilleriň raýdaşlygyny gazanmaga giň mümkinçilikleri döredýändigi bellenip, bu ugurda ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramak hem-de ilerletmek, hemmetaraplaýyn döwlet goldawyny, beden taýdan sagdyn nesiller bolup ýetişmeklerini üpjün etmek, raýat işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça toplanan milli tejribeler barada pikir alşyldy. Parlamentariler ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilýän halkara forumlaryň we ylmy-amaly maslahatlaryň ähmiýetini bellemek bilen,bu ugurda Parlamentara Bileleşigiň Ýaş parlamentariler forumy, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Ýaş parlamentariler tory bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Maslahat parahatçylygyň, howpsuzlygyň üpjün edilmegine, durnukly ösüşiň gazanylmagyna, sebitleýin we ählumumy hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň agzalarynyň özara tejribe alyşmaklaryna hem-de täze tekliplerini beýan etmeklerine gönükdirildi. Bu halkara çärede dünýäde ýüze çykýan ählumumy meseleleriň oňyn çözgütleriniň tapylmagyna, geljekde hem köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine uly ynam bildirildi.
Enejan ATAÝEWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we
parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy.