Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
12.12.2024

PARLAMENTARA DIALOG – NETIJELI HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGRY

 

Şu ýylyň 27-28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň bilelikde guramagynda «ÝHHG-niň çäginde parlament diplomatiýasy: dialog — abadan we asuda geljek üçin hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň guraly» atly ikinji Aşgabat maslahaty geçirildi. Bilelikdäki maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Başlygy, Parlament Assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, Assambleýa agza ýurtlaryň parlament edaralarynyň, halkara guramalaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň wekilleri, professor-mugallymlar hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Türk­me­nis­tan ­da­şa­ry­ ýurt­lar,­ şeýle­ hem­ hal­ka­ra ­gu­ra­ma­la­r ­bi­len dostluk­ly,­ deň­hu­kuk­ly,­ öza­ra­ bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ry­ ös­dür­mä­ge­ hem­-de­ giňelt­mä­ge,­ dün­ýä­niň­ yk­dy­sa­dy,­ mede­ni­-yn­san­per­wer­ gi­ňiş­li­gi­ne deňhukuk­ly­ go­şul­ma­ga,­ bu­ gat­na­şyk­la­ryň mun­dan ­beý­läk­-de ösdürilmegi­ne ­we di­wer­si­fi­ka­si­ýa­laş­dy­ryl­ma­gy­na­ ýardam­ ber­jek­ ze­rur­ şert­le­ri­ dö­ret­mä­ge yg­rar­ly­ly­gy­ny ­aýan ­ed­ýär.­ He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ döwletimi­ziň­ pa­ra­hat­çy­lyk,­ howp­suz­lyk ­we­ hyz­mat­daş­lyk ­me­sele­le­ri­ boýun­ça­ öňe­ sür­ýän ­baş­lan­gyçla­ry­ dün­ýä­de­ uly gol­daw ­tap­ýar. 

Mä­lim­ bol­şy­ ýa­ly,­ Türk­me­nistan­ 1992­-nji­ ýyl­dan­ bä­ri­ Ýew­ro­pa­da Howp­suz­lyk­ we­ Hyz­mat­daş­lyk­ Gura­ma­sy­nyň­ ag­za­sy­ bo­lup­ dur­ýar.­ Bu gu­ra­ma­ Demir­ga­zyk­ Ame­ri­ka­dan,­ Ýew­ro­pa­dan,­ şeý­le­-de­ Mer­ke­zi­ Aziýa­dan­ 57 ýur­dy­ özün­de­ bir­leş­dir­ýär.­ 1999­-njy­ ýyl­da­ Aş­ga­bat­da­ Türk­menis­tan­da­ky­ ÝHHG-­niň­ Mer­ke­zi­ resmi­ taý­dan­ işe­ baş­la­dy.­ 2021-nji­ ýyldan ­bä­ri bu gu­ra­ma­nyň­ Aş­ga­bat­da­ky mer­ke­zi­niň­ baş­ly­gy­nyň­ wezi­pe­si­ni il­çi­ Jon­ MakG­re­gor ­ýe­ri­ne­ ýe­tir­ýär.

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si 2014-­nji ýyl­da ÝHHG-­niň Par­la­ment Assamble­ýa­sy­nyň do­ly hu­kuk­ly ag­za­sy bo­lup, şon­dan bä­ri hem, Türkme­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň we­kil­le­ri bu gu­ra­ma­nyň işi­ne iş­jeň gatnaşýar­lar. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň 27­-28­-nji noýab­ryn­da Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si bi­len ÝHHG­-niň Par­la­ment Assamble­ýa­sy­nyň bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da «ÝHHG-­niň çä­gin­de parlament dip­loma­ti­ýa­sy: dia­log­—­aba­dan we asu­da gel­jek üçin hyzmatdaş­ly­gy ýo­la goýma­gyň gu­ra­ly» at­ly ikin­ji Aş­ga­bat masla­ha­ty ge­çi­ril­di. Bi­le­lik­dä­ki mas­la­ha­ta Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň hem­-de ÝHHG-­niň Par­la­ment Assambleýasynyň Baş­ly­gy, Par­la­ment Assambleýasy­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça Ýö­ri­te we­ki­li, As­samb­le­ýa ag­za ýurt­la­ryň par­la­ment edaralarynyň, hal­ka­ra gu­rama­la­ryň ýurdumyzda­ky we­kil­ha­na­lary­nyň we­kil­le­ri, pro­fes­sor ­- mu­gal­lymlar hem­de ta­lyp ýaş­lar gat­naş­dy­lar. 

Mas­la­hat­ iki­ gün ­do­wam­ edip,­ üç sa­ny­ mowzuk­la­ýyn­ mej­lis­ boýun­ça ge­çi­ril­di.­ Bi­rin­ji­ mej­lis­ «ÝHHG-­niň çägin­de­ par­la­ment­ diploma­ti­ýa­sy:­ hal­ka­ra­ pa­ra­hat­çy­ly­gy­ we­ howpsuzlygy­ sak­la­mak­ üçin­ dia­log­ we­ hyzmat­daş­ly­gyň­ üs­ti ­bi­len­ berk bin­ýa­dy gur­mak»­ ady­ bi­len­ ge­çi­ri­lip,­ on­da Türk­me­nis­tan­ ta­ra­pyn­dan­ durmuşa­ ge­çi­ril­ýän­ da­şa­ry­ syýa­sa­tyň­ dünýä­ döw­let­le­ri,­ hal­ka­ra­ guramala­r­ bilen­ iki­ta­rap­la­ýyn­ we­ köp­ta­rap­la­ýyn öza­ra­ bäh­bit­li­ hyzmatdaş­lyk­ gat­naşyk­la­ry­nyň­­­ has-­da­ berki­dil­me­gi­ne hem­-de­ ösdürilme­gi­ne ­oňaý­ly ­şert­le­ri dö­red­ýän­di­gi nygtal­dy. 

Ikin­ji mej­lis «Geljek ne­sil­le­riň abadan­çy­ly­gy­ny ber­kit­mek üçin howanyň üýtgemeginiň ýa­ra­maz tä­sir­le­ri­ne we kyn­çy­lyk­la­ry­na gar­şy göreş­mek» at­ly mow­zuk­da do­wam edip, çy­kyş eden­ler Türk­me­nis­ta­nyň go­şu­ly­şan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň daş­ky gur­şaw bo­ýun­ça konwensiýalarynyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň öňün­de durýan me­se­le­le­ri çöz­mä­ge iter­gi ber­ýändi­gi­ne we döw­le­ti­mi­ziň Mer­ke­zi Aziýa­da howanyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça se­bit mer­kezi­ni dö­ret­mek ba­ra­da Bir­le­şen Mil­letler Gu­ra­ma­syn­da öňe sü­ren tek­li­bi­ne örän ýo­ka­ry äh­mi­ýet ber­di­ler. Şeý­le­-de ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa we daş­ky gurşa­wy go­ra­mak ba­ba­tyn­da ka­bul edi­len ka­nun­lar hem­-de olar­dan ge­lip çyk­ýan we­zi­pe­ler dog­ru­syn­da çy­kyş­lar edil­di. 

Mas­la­ha­tyň üçün­ji mej­li­si «Deň müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün et­mek: abadan gel­je­gi gur­mak­da ýaş­la­ryň we ne­sille­riň raý­daş­ly­gy­nyň or­ny» ady bi­len ge­çi­ril­di. Çy­kyş eden­ler ýaş­lar ba­rada döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mak­sat­la­ryny, we­zi­pe­le­ri­ni, ýörelgeleri­ni, esa­sy ugur­la­ry­ny kes­git­le­ýän, şeý­le hem ýaş­la­ryň hukuklary­nyň we azat­lyk­lary­nyň üp­jün edil­me­gin­de hem­-de olaryň kämil şah­sy­ýet­ler hök­mün­de kema­la gel­me­gin­de döw­let gol­da­wy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty hakynda», «Ýaş­la­ryň zäh­met çek­mä­ge bo­lan hu­ku­gy­nyň kepillen­dir­me­si ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň äh­miýe­ti­ni bel­le­di­ler. Ýurdumy­zyň ýaş­lar ba­ra­da alyp bar­ýan döw­let sy­ýa­saty­nyň Türkmenista­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň işi bilen aý­ryl­maz bag­ly bo­lup dur­ýan­dy­gy bel­le­nip, ýaş­la­ryň ara­syn­da duşuşyklaryň, wa­gyz­-ne­si­hat çä­re­le­riniň, okuw sa­pak­la­ry­dyr dür­li bäsleşik­le­riň yzy­gider­li ge­çi­ril­ýän­di­gi nyg­tal­dy. 

Mow­zuk­la­ýyn ­mej­li­siň do­wa­mynda ­ýaş­la­ryň ­hä­zir­ki­ dö­wür­ bi­len gelje­gi­ bir­leş­dir­ýän ­ne­sil­ bolup ­dur­ýandy­gy,­ par­la­ment­ diplomatiýasynyň ne­sil­le­riň­ raý­daş­ly­gy­ny­ ga­zan­ma­ga giň­ mümkinçilikle­ri­ dö­red­ýän­di­gi bel­le­nip,­ bu­ ugur­da ýaşlaryň­ hu­kukla­ry­ny­ we­ azat­lyk­la­ry­ny­ go­ra­mak hem­-de ­iler­let­mek, hem­me­ta­rap­la­ýyn döw­let­ gol­da­wy­ny,­ be­den­ taý­dan sag­dyn­ ne­sil­ler­ bolup­ ýe­tiş­mek­le­ri­ni üp­jün­ etmek,­ ra­ýat ­iş­jeň­li­gi­ni­ ýo­karlan­dyr­mak­ boýun­ça­ top­la­nan­ mil­li tejribeler ­ba­ra­da ­pi­kir­ al­şyl­dy.­ Par­lamen­ta­ri­ler­ ýaş­la­ryň­ gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän­ hal­ka­ra­ fo­rum­la­ryň­ we­ ylmy­-ama­ly­ mas­la­hat­la­ryň­ äh­mi­ýe­ti­ni bel­le­mek bi­len,­bu­ ugur­da ­Par­la­menta­ra­ Bileleşi­giň­ Ýaş­ par­la­men­ta­ri­ler fo­ru­my,­ ÝHHG­-niň­ Par­la­ment­ Assamble­ýa­sy­nyň­ Ýaş­ par­la­men­ta­ri­ler to­ry­ bi­len­ hyz­mat­daş­lyk­ gatnaşyk­lary­nyň­ ös­dü­ril­me­gi­niň­ mümkinçilikle­ri­ni­ ara ­alyp maslahatlaşdy­lar. 

Mas­la­hat­ pa­ra­hat­çy­ly­gyň,­ howpsuz­ly­gyň­ üp­jün edilme­gi­ne,­ durnukly­ ösü­şiň­ ga­za­nyl­ma­gy­na,­ se­bit­le­ýin we­ äh­lu­mu­my hyzmatdaşlygy­ ber­kitmek­ ug­run­da­ ÝHHG-­niň­ Par­la­ment Assambleýasy­nyň­ ag­za­la­ry­nyň­ özara ­tej­ri­be­ alyş­mak­la­ry­na­ hem­-de ­tä­ze tek­lip­le­ri­ni­ be­ýan­ et­mek­le­ri­ne­ gö­nükdi­ril­di.­ Bu­ hal­ka­ra­ çä­re­de­ dün­ýä­de ýü­ze­ çyk­ýan­ äh­lu­mu­my­ me­se­le­le­riň oňyn ­çöz­güt­le­ri­niň­ ta­pyl­ma­gy­na, geljek­de­ hem­ köp­ta­rap­la­ýyn­ hyz­matdaş­ly­gyň­ has­-da­ gi­ňel­dil­me­gi­ne­ uly ynam ­bil­di­ril­di. 

 

Ene­jan­ ATA­ÝE­WA, 

Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Hal­ka­ra we 

parlamen­ta­ra ara­gat­na­şyk­lar ba­ra­da­ky ko­mi­te­ti­niň ag­za­sy.