The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Agzybir, merdana halkymyzyň tutanýerli we yhlasly zähmeti bilen eziz Diýarymyz ähli ulgamlarda çalt depginde ösýär, özgerýär. Ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we medeni-durmuş ugurlarynda gazanýan üstünlikleri hormatly Prezidentimiz tarapyndan kabul edilýän maksatnamalaryň aýdyň netijeleridir. 2024-nji ýylda ýetilen sepgitler eziz Diýarymyzyň täze belentlikleriň ýoly bilen aýdyň geljege tarap ynamly öňe barýandygyna, ýurdumyzyň halkara derejede tutýan ornunyň barha ýokarlanýandygyna şaýatlyk edýär. Baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllygynyň uludan toýlanmagy, ýurdumyzyň dünýäde iki gezek ykrar edilen hem-de BMG-niň degişli Kararnamalary bilen berkidilen bu halkara hukuk ýagdaýynyň şanyna baý many-mazmunly, örän ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi geçen ýylyň täze taryhymyzy has-da şöhratlandyran wakalaryna öwrüldi. Sözüň doly manysynda bellesek, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly ýurdumyzyň durmuşynda dürli syýasy, ykdysady, medeni wakalara beslenip, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz üçin baýramçylyk ýylyna öwrülmek bilen, türkmen halkynyň taryhy ýyl ýazgysynyň şanly sahypasyny döretdi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi bolsa has-da buýsançlydyr. Döwletimiziň giň halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Watana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen kabul edilen bu Karar ildeşlerimiziň arasynda gyzgyn goldaw tapyp, ählimiziň göwnümizi ganatlandyrdy. Gadam basylan 2025-nji ýyl halkymyzyň, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe boljak ýyl bolar. Bu ýylda hormatly Prezidentimiziň daşyna berk jebisleşen bagtyýar ildeşlerimiz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygynyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň bolsa 30 ýyllygynyň toýuny toýlar.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylan 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny geçirmek boýunça çäreler hakynda Permana gol çekdi. Şanly ýyl bilen bagly dabaralaryň hem-de çäreleriň ýokary derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça guramaçylyk toparyny döretmek, onuň düzümini tassyklamak wezipeleri bellenildi. Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatynyň hukuk esaslaryny berkitmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, ýylyň dowamynda halkara derejedäki çäreleriň toplumyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler bellenildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygaryna beslenen 2025-nji ýylyň dowamynda geçiriljek dürli çäreler ählumumy parahatçylygyň, halkara ynanyşmagyň hem-de durnukly ösüşiň berkemegine, dünýä giňişliginde dostlukly gatnaşyklaryň, netijeli hyzmatdaşlygyň ösmegine, döwletimiziň halkara abraýynyň has-da ýokarlanmagyna uly ýardam eder.
Biz ulus-ilimiz bolup, ata Watanymyzyň berkararlygyny, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyny, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylamalydyrys, şanly ýylymyzy ähli ugurlarda üstünliklere beslemelidiris. Täze ýylyň şygary bolsa biziň watançylyk ruhumyzy has-da belende göterip, döredijilikli zähmete, beýik işlere hyjuw döredýär. Şeýle döwletli döwrany, bagtyýar günleri peşgeş berýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyzyň çägi ýokdur.
Orazdurdy ABDYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty,
Mejlisiň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar
syýasaty baradaky komitetiniň agzasy.