The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda gazanylýan ösüşler, halkara gatnaşyklardaky üstünlikleri bilen baglylykda her ýyly döwrebap atlandyrmak bagtyýar zamanamyzyň asylly däbine öwrüldi. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem türkmen halkynyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň rowaçlanýandygynyň, döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň halkara giňişlikde täze many-mazmuna eýe bolýandygynyň nyşanydyr.
Ýylyň adyny kesgitlemekde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň wekillerinden, ýurdumyzyň iri jemgyýetçilik birleşiklerinden, zähmetkeş toparlaryndan we raýatlarymyzdan gelip gowşan teklipler goldanylyp, Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyna esaslanylmagy, Milli Liderimiziň gymmatly maslahatlaryna eýerilmegi hem-de BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň göz öňüne tutulmagy aýratyn bellärliklidir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň öňüsyrasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlap, ýene bir ajaýyp eserini halkymyza sowgat etmegi ählimizi täze üstünliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrdy. Mälim bolşy ýaly, beýik akyldaryň goşgularynda agzybirlik, dost-doganlyk, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk ýaly gymmatlyklar öňe sürülýär. Hormatly Prezidentimiziň dana şahyrymyza bagyşlanan kitabynyň täze ýylyň bosagasynda neşir edilmegi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hem ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda şahyryň goşgularynda beýan edilýän gymmatlyklara uly ähmiýet beriljekdigini görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserindäki: «Häzirki zaman dünýäsinde geçmişiň parasatly akyldarlarynyň şahsyýeti we nesillere galdyran edebi mirasy döwletara gatnaşyklary berkitmekde, şeýle-de medeni dialogy ilerletmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar. Söz ussatlarynyň eserlerinde geçmişiň sapaklary, taryhyň hakykatlary, jebisligi, raýdaşlygy we dostlugy pugtalandyrmak ýaly gymmatly paýhaslardyr öwüt-nesihatlar öz beýanyny tapýar. Türkmen halky çeper söze, nusgawy ýol-ýörelgelere aýratyn hormat goýýar» diýen sözleri hem bu hakykaty aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasatyndaky parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi akyldar şahyryň öwüt-ündewleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Magtymguly Pyragynyň durmuş tejribesine ýugrulan pikirleri, filosofik garaýyşlary häzirki zaman türkmen jemgyýetiniň ruhy binýadyny berkidýär. Bize şeýle ajaýyp eserleri peşgeş berýän döwlet Baştutanymyzyň döredijilik älemindäki gadamlary batly, ýiti zehininden döreýän ajaýyp eserleriň höwri köp bolsun! Goý, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn!
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler partiýasynyň Ahal welaýat
komitetiniň başlygynyň orunbasary,
Mejlisiň deputaty.