The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýär. Munuň şeýledigine eziz Watanymyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýetli wakalar bilen şöhratlanyp taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen ýazylan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem şaýatlyk edýär.
Güneşli Diýarymyzda şeýle ajaýyp ösüşleriň goýnunda Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowamat-dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda her ýyly mynasyp at bilen atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusyndan gözbaş alyp, Türkmenistan döwletimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl —Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi we halkymyzdan gelip gowşan teklipler esasynda bu ýylymyzyň ady «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi.
Bagtyýar halkymyz bu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny halkara derejesinde baýram eder. Bu waka mynasybetli hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara çäreleri geçirmek hem meýilleşdirilýär. Toýlary toýlara ulaşýan Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýy barha artýar. Ýurdumyz täze-täze ösüşlere eýe bolýar.
Baky bagty peşgeş beren Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşary döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dost-doganlyk, rehimdarlyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, adalatlylyk, bir-biregi goldamak, ynsanperwerlik ýaly, asylly ýörelgelere eýerýän hormatly Prezidentimiziň dünýä ähmiýetli döwletli işleri üstünliklere beslensin!
Merdan ORAZMEREDOW.
TDEI-niň mugallymy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.