The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Şunda telekeçiligi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna esaslanýan döwlethususy hyzmatdaşlygyny giňeltmek ýurdumyzy uzak möhletleýin esasda ösdürmegi nazarlaýan maksatnamalarda ileri tutulýan wezipeleriň hatarynda orun alýar. Hususy pudagyň wekilleri «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça giň gerimli özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermegiň hukuk esaslary kämilleşdirilýär. Döwletimiz tarapyndan telekeçiligi goldamak, kiçi hem-de orta işewürligiň ösmegine gönükdirilen Türkmenistanyň Kanunlary kabul edilip, hususy pudak bilen baglanyşykly kanunçylyk yzygiderli kämilleşdirilýär.
Ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanýan telekeçiler tutanýerli zähmet çekip, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegine mynasyp goşant goşýarlar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileri oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekden başlap, elektron senagatyň önümlerini işläp taýýarlamaga çenli dürli ugurlarda alnyp barylýan işlerde guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen taglymatyndan ruhlanyp, halkymyzyň eşretli durmuşyny nazarlaýan asylly işlerde mynasyp paýly bolan telekeçiler ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, importyň ornuny tutýan we eksporta niýetlenen önümleri öndürmekde yhlasly zähmet çekýärler. Milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW,
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
partiýasynyň Ahal welaýat komitetiniň başlygynyň
orunbasary, Mejlisiň deputaty.