The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

10.10.2023

LUKMAN ARKADAGYMYZYŇ YNSANPERWERLIK TAGLYMATY täze taryhy döwürde barha dabaralanýar

 

Her bir milletiň, her bir adamyň hukuklary diňe bir şu günki gazanylanlar bilen çäklenmeýär, olar geljegi, medeniýetiň, däp-dessurlaryň, nesilleriň dowamat-dowam bolmagyny, şunda çagalaryň bagtyýar, abadan durmuşy baradaky umyt-arzuwlarynyň hasyl bolmagyny hem göz öňünde tutýar. Şoňa görä-de, çagalar üçin ähli mümkinçilikleri döretmegiň bu maksada ýetmegiň esasy wezipesi hökmünde öňe çykmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda Garaşsyz Türkmenistanda çagalary hemmetaraplaýyn goramak we goldamak üçin aňrybaş şertler döredilendir.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň döwlet taglymatynda hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän içeri we daşary syýasatynda ynsanperwer gatnaşyklara esaslanýan çagalar, ýaşlar, geljek baradaky alada jemgyýeti jebisleşdirmegiň, döwlet berkararlygyny üpjün etmegiň möhüm ähmiýetli ugurlarynyň, depginli ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň ähmiýeti örän uludyr. Bu gaznanyň işiniň aýratynlyklary, elbetde, onuň Tertipnamasynda berkidilen. Ýöne gaznanyň maksatlaryndan gelip çykýan wezipeleriň düýp mazmuny barada pikirlensek, biz ýene bir hakykata göz ýetirýäris. Munuň özi türkmen halkynyň öz boluşly ynsanperwer ýörelgelerinden gelip çykýar. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde: «Gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalar we ýetginjekler aýratyn alada bilen gurşalyp alynýar. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç köp sanly çagalaryň saglygy dikeldildi. Biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Munuň üçin döwletimiziň hem, gaznanyň hem ýeterlik serişdeleri bar» diýip bellemegi-de halkymyzyň ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerine eýermek bilen, ýurdumyzda hiç kimiň hossarsyz galmaýandygyny aýdyň äşgär edýär.

Häzirki wagtda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işleriniň gerimi barha giňeýär. Gaznanyň işiniň anyk maksatlara gönükdirilip, netijeli dowam etdirilmegini üpjün etmek, çagalaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň edýän taýsyz tagallalary, hemaýat-goldawlary, howandarlygy bilen özlerini ýakyn hossarly duýmagy, bagtly ýaşamagy, sagdyn we ruhubelent ýaşlar bolup ýetişmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Eziz Arkadagymyzyň aladalary esasynda çagalaryň mynasyp adyň eýeleri bolmaklaryna, halkymyza, Garaşsyz Watanymyza wepaly ýaşlar bolup ýetişmeklerine aýratyn üns berilýär. Milli Liderimiz çagalara hossarlyk edip, howandarlyk bilen garap, olaryň halkyň Arkadagynyň beýik adyny götermekleri üçin hem ähli mümkinçilikleri döredip berdi. Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biziň ýurdumyzda ýetim ýa-da hossarsyz çaga ýokdur, her bir çaganyň arkasynda döwlet durandyr. Olaryň arkasynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz, halkyna hemişe hossar bolan Gahryman Arkadagymyz dur. Şu maksatlar bilen, gaznanyň ýanynda Ýaşulular geňeşi döredilip, onuň ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar arkaly nesilleri terbiýelemek wezipesine aýratyn orun berilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda il sylagly ýaşulularymyzyň bitirýän işleriniň has uludygyny hemişe nygtaýar. 

Ýaşulular geňeşiniň agzalary çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalara mynasyp atlary dakmak bilen bagly soraglara geňeşiň mejlislerinde seredýärler. Türkmen halkynyň asylly däpleriniň biri bolan çaga at dakmak dessurynyň häzirki wagtda hem uly jogapkärçilik bilen ýerine ýetirilmeginde-de aýratyn many-mazmun bar. Şu meselede ýaşulular Türkmenistanyň kanunçylygyndan we milli däp-dessurlarymyzdan ugur alýarlar. 

Häzirki döwre çenli gaznanyň ýanynda hereket edýän Ýaşulular geňeşiniň mejlislerinde ýurdumyz boýunça çagalaryň ençemesine Gahryman Arkadagymyzyň ady dakyldy we olar häzirki wagtda Arkadag ogly, Arkadag gyzy ýaly döwrümiziň beýik şahsyýetiniň adyny buýsanç bilen göterýärler. 

Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri alyp barýan işleri howandarlyga mätäç çagalara lukmançylyk kömegini bermegi we saglygyny dikeltmegi, derman serişdeleri bilen üpjün etmäge gönükdirilen maddy kömegi hem öz içine alýar. Häzirki wagtda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurt boýunça howandarlyga mätäç çagalaryň hossarlarynyň ýüz tutmagy bilen, operasiýalaryň köp sanlysy geçirildi. Şol sanda ýürek-damar keselleri, ortopedik keseller we beýleki birnäçe keseller boýunça barlag-bejergi işleridir operasiýalar geçirildi. Ýokary taýýarlygy bolan, tejribeli lukmanlaryň gatnaşmagynda çagalaryň onlarçasyna saglygy goraýyş-öňüni alyş barlaglary geçirildi. Şeýle-de saglygy goraýyş maksatly serişdeler, şol sanda näsag çagalaryň daýanç-hereket ediş ulgamynda operasiýalary ýerine ýetirmek bilen bagly serişdeler satyn alyndy. Ýurdumyzyň welaýatlaryndaky hassahanalaryň çagalar bölümlerine «Tiz kömek» awtoulaglary sowgat berildi. Haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna mekdep-internatlar we çagalar öýleri saglygy goraýyş maksatly serişdeler, emeli dem beriş, beýleki enjamlar bilen yzygiderli üpjün edilýär. 

Häzirki wagtda ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň işi barha kämilleşdirilýär. Hususan-da, çagalaryň saglygyny goramak maksady bilen, häzirki zamanyň iň ýokary talaplaryna laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylan sagaldyş-dikeldiş merkezleri gurulýar. Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde döredilen amatly şertler munuň aýdyň güwäsidir. Häzirki wagta çenli bu merkeze ýüz tutan onlarça çaga degişli ugurlar boýunça toplumlaýyn sagaldyş-dikeldiş bejergileri geçirildi. Bejergileriň oňyn netije berýändigini belläp, çagalaryň ene-atalary Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna tüýs ýürekden alkyşlaryny aýdýarlar. Gaznanyň howandarlygynda çagalary terbiýelemek, olaryň ýörite orta, ýokary bilim almaklary, ýaşlaryň ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegi bilen bagly meseleler hem döwletimiziň hemişe üns merkezinde durýar. 

Ýurdumyzda çagalary dürli usullar bilen goldamak we höweslendirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň çäginde Täze ýyl baýramy, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýatlarda ýerleşýän çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezlerindäki, çagalar öýündäki çagalara sowgatlar yzygiderli gowşurylýar. Döwletliler köşgüniň we Balkanabat şäherindäki çagalyk öýüniň uçurymlaryna gaznanyň adyndan noutbuk kompýuterleri, şonuň ýaly-da, Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara interaktiw tagtalar sowgat berildi. Şeýle hem halkara ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaş türgenleri höweslendirmek maksady bilen, olara haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Gaznanyň hasabyna bejergi alan çagalaryň operasiýadan soňky döwürlerinde saglygyny dikeltmek bilen baglylykda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Awazadaky «Daýanç» sagaldyş merkezinde olar üçin dynç alyş guraldy. 

Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasy diňe bir türkmenistanly çagalara däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň çagalaryna-da Türkmenistanyň adyndan hemaýat bermek işlerini alyp barýar. Türkiýede bolup geçen pajygaly ýer titremede ejir çeken çagalara, Ukrainanyň çagalaryna, doganlyk Owganystanyň halkyna, Russiýa Federasiýasynyň Primorskiý kraý sebitiniň çagalaryna bu gaznanyň kömek bermeginde derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeler, dokma we dürli azyk önümlerinden ybarat bolan ynsanperwerlik ýükleri iberildi. Bu haýyr-sahawat işleri türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerine we däp-dessurlaryna esaslanýar hem-de döwletleriň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklarynyň binýadyny has-da berkidýär. Milli Liderimiziň dürli hassahanalarda çagalar we olaryň ene-atalary bilen duşuşyp, hal-ýagdaýyny soramagy, olara ruhy goldaw bermegi belent ynsanperwerligiň, ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň nyşanydyr. Hut şu nukdaýnazardan, Diýarymyzda adam baradaky aladany, haýsy mazmunda alnanda-da, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan aýratynlykda göz öňüne getirmek mümkin däldir. 

Adamyň bähbitlerini ileri tutmak, mertebesini belende götermek bilen, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, barha artýan halkara abraýyny giňden goldamak maksady bilen, Türkmenistanyň «Arkadag» medaly döredildi. Bu hem döwletimiz tarapyndan gaznanyň işine berilýän uly üns-aladanyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir işiň berk kanunçylyk esaslarynyň bolmagyna uly ähmiýet berip, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerine laýyklykda, bu ugurdaky işleriň çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri, ýaşlar barada döwlet syýasaty, ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi, bilim hakynda we beýleki kanunlarda öz beýanyny tapýandygyny belleýär. Hususan-da, Esasy Kanunymyzda maşgala, enelik we atalyk bilen birlikde, çagalygyň hem döwletiň goragynda durýandygy berkidilendir. 40-njy maddanyň birinji we üçünji böleklerinde bolsa ata-eneleriň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, zähmete taýýarlamaga, olaryň aňyna kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini ornaşdyrmaga hukuklary we borçlary kesgitlenendir. 

Biziň ýurdumyzda çaga zähmetiniň ýaramaz görnüşleri gadagan edilýär. Bular barada 49-njy maddanyň ikinji böleginde anyk beýan edilendir. Ýurdumyzyň kanunçylygy köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldawyň, ýeňillikleriň berilmegini göz öňünde tutýar. Çaga dogran zenanlara kömek pullarynyň bellenilip, olaryň möçberiniň yzygiderli ýokarlandyrylyp durulmagy, çaga dograndygy üçin bir wagtlaýyn kömek pullarynyň berilmegi, olaryň iş ýerleriniň saklanyp galynmagy, çaganyň saglygy bilen baglanyşykly hyzmatlaryň mugt ýerine ýetirilmegi ýurdumyzda çaga hakyndaky aladanyň näderejede ýokarydygyny görkezýär. Şeýle hem ýaş nesilleriň saglygyny goramaga, bilim almagyna, ýaşaýyş jaýyna, zähmet çekmäge, durmuş üpjünçiligine degişli hukuklaryna, azatlyklaryna we kanuny bähbitlerine gönükdirilen Türkmenistanyň Zähmet kodeksi, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi, Maşgala kodeksi, Ýaşaýyş jaý kodeksi, «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Bilim hakynda», «Medeniýet hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi. 

Ýurdumyzda haýyr-sahawat işiniň hukuk taýdan düzgünleşdirilmeginiň esaslaryny kesgitleýän «Haýyr-sahawat işi hakynda» Kanun hem kabul edildi. Kanuna laýyklykda, haýyr-sahawat gaznasy täjirçilik däl görnüşe eýe bolan, jemgyýetçilik birleşiginiň agzalygy bolmadyk guramaçylyk-hukuk görnüşi bolup, onuň maksady esaslandyryjylaryň meýletin gatançlarynyň we gatnaşyjylaryň goýumlarynyň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň esasynda emlägi emele getirmek we şol emlägi haýyr-sahawat işiniň maksatlary üçin ulanmakdyr. Hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlara hossarlygy ýa-da howandarlygy bellemek, amala aşyrmak we bes etmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän, olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň durmuş taýdan goralmagyna gönükdirilen «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny hem hereket edýär. «Bilim hakynda» Kanuna laýyklykda, Türkmenistanyň durmuş taýdan goldawa mätäç raýatlarynyň bilim almaga bolan hukuklaryny amala aşyrmak üçin olaryň bilim alýan döwründe üpjünçiligi bilen bagly harajatlary döwlet öz üstüne alýar. Bilim edaralary tarapyndan özleriniň, hemaýatkärleriň we beýleki çekilen serişdeleriň hasabyna talyplaryň aýratyn toparlaryna (üstünlikli okaýanlara, maddy goldawa mätäçlik çekýänlere) talyp haklary bellenilip bilner. Bilim edarasy bar bolan býujetden daşary serişdeleriň çäklerinde mätäçlik çekýänlere durmuş goldawyny özbaşdak berip biler. 

Türkmenistanda köp çagaly eneler aýratyn alada we hormat bilen gurşalandyr. 2008-nji ýylyň 3-nji martynda ata-babalarymyzyň jemgyýetiň sagdyn ösüşini esaslandyrýan maşgala ojagynda ene mähremligine aýratyn hormat goýup, ony mukaddeslige deňemek ýaly ajaýyp ýörelgelerinden ugur alyp, Watanymyzyň bagtyýar geljegini kepillendirýän nesli ösdürip ýetişdirmekde belent başly eneleriň gujur-gaýratyna uly hormat goýmak bilen, «Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. «Ene mähri» diýen hormatly at sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdirýän enelere Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany esasynda dakylýar. 

Çagalarda ýaşlykdan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini kemala getirmek, olaryň giň dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, jogapkärçilik duýgusyny artdyrmak, zähmet terbiýesini bermek döwlet syýasatymyzyň esasy ýörelgeleriniň biridir. Şoňa görä-de, çagalaryň sagdyn ruhly we sagdyn bedenli, bilimli nesiller bolup ýetişmekleri üçin yzygiderli çäreler geçirilýär. Bu ugurda ýurdumyzda kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde köp işler amala aşyrylýar. 12 ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasynyň tassyklanylmagyny, 2011-nji ýyldan başlap 1-nji synpa barýan her bir çaganyň döwlet tarapyndan kompýuterler bilen mugt üpjün edilmegini we ýene-de kän-kän tagallalary muňa mysal hökmünde görkezmek bolar. Şunda bellenilen maksatlara ýetmekde döwletimiz tarapyndan maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilmegi babatda alnyp barylýan işler hem üns çekilmäge mynasypdyr. Döwrebap mekdeplerdir çagalar baglarynyň yzygiderli gurlup ulanmaga berilmegini, sport desgalarynyňdyr sport mekdepleriniň sanynyň ýylsaýyn artmagyny, Gökderede, Awazada we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagalar-sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň açylyp, olarda her möwsümde müňlerçe çaganyň öz wagtyny şadyýan geçirmeklerini gazanmak ugrunda zerur şertleriň döredilmegini hem bu asylly işleriň hataryna goşmak bolar. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy, bagtyýar çagalygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar. Geljegimiz bolan ýaş nesilleriň akyl, beden we ruhy taýdan kadaly ösüşini üpjün etmek baradaky aladalaryň ählisi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ady we alyp barýan ynsanperwer işleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Çünki Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, nesillerimizi ýetişdirmek bilen, biz öz geljegimizi gurýarys. 

Goý, ýurdumyzda ynsanperwerlik, adalatlylyk, sahawatlylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun! 

 

Kasymguly BABAÝEW, 

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 

Diwanynyň iş dolandyryjysy