The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2024-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlap geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisine teleýaýlym arkaly syn etdik. Watanymyzyň geçen şanly ýyldaky durmuş-ykdysady görkezijilerine, gazanan belent üstünliklerine, ýeten sepgitlerine guwanjymyz artdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Hökümetiň giňişleýin mejlisindäki çykyşynda: «Şu ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu şygar uly many-mazmuna eýe bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň at-abraýyny has-da ýokarlandyrmaga, ata Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen işleri amala aşyrmaga ruhlandyrýar» diýip bellemek bilen, ýylyň şygaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin tutanýerli zähmet çekmäge çagyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň bu çagyryşy her birimiziň watançylyk ruhumyzy has-da belende göterip, päk zähmete hyjuwlandyrdy.
Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny tassyklamak hakynda» Karara gol çekmegi uly jemgyýetçilik seslenmesini döretdi. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçýän şanly ýyl üçin Döwlet býujetiniň esasynda taýýarlanylan bu resminamada 2025-nji ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijileriň, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalarynyň, şeýlede raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmak bilen bagly çäreleriň öz beýanyny tapýandygy guwandyryjydyr.
Şanly ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetine maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna jemi 40 milliard manatdan gowrak maýa goýumlary gönükdirmegiň maksat edinilmegi, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde medeni-durmuş maksatly desgalary, obadyr şäherçeleri, şol sanda welaýatymyzyň Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy, Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliklerinde täze, döwrebap obalary dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga bermegiň meýilleşdirilmegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Bular täze taryhy döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş taglymatynyň barha dabaralanýandygynyň, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak ugrundaky tagallalaryň rowaçlanýandygynyň alamatydyr. Halkymyzy eşretli durmuşda ýaşadýan, ýurdumyzy bagtyýarlygyň, rowaçlygyň ak ýolundan barha öňe alyp barýan hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş aýdýarys.
Resul IŞANGULYÝEW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň
Ahal welaýat komitetiniň başlygy,
Mejlisiň deputaty.